‏ Mark 1:1-8

Ýahýa çümdürijiniň wagzy

(Matta 3:1-12; Luka 3:1-18; Ýohanna 1:19-28)

1Bu Hudaýyň Ogly
Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde bu at patyşalar üçin ulanylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlüge seret.
Isa Mesih
Mesih – ýewreýler bu sözi Hudaý tarapyndan wada berlen Patyşa babatynda ulanýardylar. Sözlüge seret.
hakdaky Hoş Habaryň başlangyjydyr.
2 cIşaýa pygamberiň kitabynda
Işaýa pygamberiň kitabynda – käbir golýazmalarda Pygamberleriň kitabynda.
şeýle ýazylan: «Öňüňden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin.
3 eÇölde bir ses gygyrýar: „Rebbe ýol taýynlaň! Onuň ýodalaryny düzläň!“diýýär». 4Şunlukda, Ýahýa peýda bolup, çölde adamlary suwa çümdürýärdi. Ol adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi. 5Tutuş Ýahudyýanyň we Iýerusalimiň ilaty onuň ýanyna gelýärdi. Olar günäleri üçin toba edip, Ýahýa tarapyndan Iordan derýasynda suwa çümdürilýärdiler. 6Ýahýanyň düýe ýüňünden eşikleri, bilinde gaýyşdan guşagy bardy. Ol çekirtge bilen meýdan balyny iýýärdi. 7Ol: «Menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men eglip, Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. 8Men sizi suwa çümdürýärin, emma Ol sizi Mukaddes Ruha çümdürer» diýip wagyz edýärdi.
Copyright information for TukLat16