Mark 1:16-20
16 Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, köle tor taşlap duran Simun bilen onuň dogany Andrysy gördi. Olar balykçydylar. 17Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi. 18Olar hem şol wagtyň özünde torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler. 19Biraz ýöränlerinden soň, Isa Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany gördi. Olar gaýygyň içinde torlaryny bejerip otyrdylar. 20Isa olary gören badyna çagyrdy. Olar hem kakalary Zebedeý bilen günlükçileri gaýykda galdyryp, Isanyň yzyna düşdüler.
Copyright information for
TukLat16