Mark 10:32-34
Isa ölüp direljegini ýene aýdýar
(Matta 20:17-19; Luka 18:31-34)
32 Isa şägirtleri bilen Iýerusalime tarap ýola düşdi, Ol olaryň öňlerinden ýöräp barýardy. Şägirtler Isa haýran galýardylar. Isanyň yzyna düşüp barýan halky hem gorky gaplap alypdy. Isa ýene-de on iki şägirdini bir çete çekip, Öz başyna geljek wakalar barada gürrüň bermäge başlady: 33«Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň eline tabşyrylar. Ony ölüme höküm edip, keseki milletlere tabşyrarlar. 34Ony masgaralap, üstüne tüýkürerler, gamçylarlar, soňra öldürerler, emma üç günden soň ▼▼Üç günden soň – käbir golýazmalarda üçülenji gün.
Ol direler».
Copyright information for
TukLat16