Mark 11:15-19
Isa satyjylary ybadathanadan kowýar
(Matta 21:12-17; Luka 19:45-48; Ýohanna 2:13-22)
15Soňra olar Iýerusalime geldiler. Isa ybadathananyň howlusyna girip, ol ýerdäki satyjylary, alyjylary kowmaga başlady. Pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi. 16Hiç kime ybadathananyň howlusyndan goş gatnatmaga rugsat etmedi. 17 aIsa olara öwretmek bilen: «„Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýlip atlandyrylar“diýip ýazylgy dälmi näme? Emma siz muny garakçylaryň sürenine öwrüpsiňiz» diýdi. 18Muny eşiden ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň küýüne düşdüler. Olar Isadan gorkýardylar, sebäbi tutuş halk Isanyň taglymatyna haýran galýardy. 19Agşam düşende, Isa bilen şägirtleri şäherden çykyp gitdiler.
Copyright information for
TukLat16