‏ Mark 11:20-24

Injir agajyndan alynmaly sapak

(Matta 21:20-22)

20Ir säher bilen geçip barýarkalar, olar şol injir agajynyň köki bilen gurandygyny gördüler. 21Petrus bolup geçen wakany ýatlap: «Mugallym, seret! Seniň gargan injir agajyň gurapdyr» diýdi. 22Isa olara şeýle jogap berdi: «Hudaýa iman ediň. 23Size dogrusyny aýdýaryn, kim ýüreginde şübhä ýol bermän, diýýäniniň boljakdygyna iman edip, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl“diýse-de, onuň diýeni bolar. 24Şonuň üçin size diýýärin: doga-dileg edip, Hudaýdan soran her bir zadyňyzy eýýäm alandygyňyza ynanyň, ol size berler.
Copyright information for TukLat16