‏ Mark 14:3-9

Bir aýal Isanyň başyna ýag guýýar

(Matta 26:6-13; Ýohanna 12:1-8)

3 Isa Beýtaniýada deri keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka, bir aýal agzy ýapyk çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny alyp geldi. Aýal çüýşäniň dykysyny açyp, ýagy Onuň başyna guýdy. 4Käbirleri gaharlanyp, biri-birlerine: «Näme üçin bu ýag isrip edildi? 5Muny bir ýyllyk iş hakyna
Bir ýyllyk iş hakyna barabar pul – grekçe üç ýüz dinar. Bir dinar bir günlük iş hakyna deňdir.
barabar pula satyp, garyplara paýlap bolardy ahyry» diýşip, aýala igendiler.
6Emma Isa olara: «Naçary öz gününe goýuň! Näme üçin ony ynjadýarsyňyz? Ol Meniň üçin ajaýyp iş etdi. 7Garyplar hemişe siziň ýanyňyzdadyr, olara islän mahalyňyz ýagşylyk edip bilersiňiz, emma Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn. 8Bu aýal elinde baryny etdi, ol bedenime atyr ysly ýag guýup, Meni jaýlamaga öňünden taýýarlady. 9Size dogrusyny aýdýaryn, Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de şol ýerde ýatlanar» diýdi.
Copyright information for TukLat16