‏ Mark 16:14-18

14Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň tekepbirdigi üçin olara käýedi. Sebäbi olar Onuň direlendigini gören adamlara ynanmandylar.

Isa şägirtlerini bütin dünýä ýollaýar

(Matta 28:16-20; Luka 24:36-53; Ýohanna 20:19-23; Resul 1:6-11)

15 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Bütin dünýä aýlanyň-da, Hoş Habary hemme adamlara wagyz ediň. 16Iman edip çümdürilen halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler. 17Iman edýänler şu alamatlary görkezerler: Meniň adym bilen arwah-jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler. 18Elleri bilen ýylan tutsalar-da, zäher içseler-de, olara zeper ýetmez. Ellerini hassalaryň başyna goýarlar, olar hem sagalar».
Copyright information for TukLat16