Mark 2
Isa ysmazy sagaldýar
(Matta 9:1-8; Luka 5:17-26)
1 Isa birnäçe günden soň Kapernauma gaýdyp gelende, Onuň öýdedigi baradaky habar ýaýrady. 2Şonda ol ýere şeýle bir köp adam üýşdi welin, hatda gapynyň agzynda durmaga-da ýer ýokdy. Isa olara Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz edýärdi. 3Şol wagt dört adam bolup Onuň ýanyna bir ysmazy göterip getirdiler. 4Adamlardan ýaňa hyryn-dykyn doludygy üçin, olar Isanyň ýanyna ýakynlaşyp bilmediler. Şonuň üçin olar Isanyň bolýan jaýynyň üçegini söküp, ysmazy düşegi bilen deşikden aşak salladylar. 5Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. 6– 7Ol ýerde oturan Töwrat mugallymlaryň käbiri içinden: «Bu adam näme üçin beýle gepleýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär! Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip oýlandy. 8Isa dessine olaryň näme pikir edýändigini ruhunda syzyp: «Näme üçin göwnüňize beýle pikirler getirýärsiňiz? 9Ysmaza haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“diýmekmi ýa-da: „Tur, düşegiňi al-da, ýöre“diýmek? 10Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: 11«Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi. 12Ol hem ýerinden turdy-da, dessine düşegini alyp, hemmeleriň gözüniň alnynda çykyp gitdi. Hemmeler haýran galdy. Olar: «Biz beýle zady asla görmändik» diýşip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.Isa Lewini çagyrýar
(Matta 9:9-13; Luka 5:27-32)
13 Isa ýene kölüň ýakasyna gitdi. Tutuş halaýyk Onuň ýanyna geldi, Ol hem olara öwretmäge başlady. 14Isa ýoldan geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Alfeýiň ogly Lewini görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi. 15Ençeme salgytçylardyr günäkärler-de Isanyň yzyna eýerýärdiler. Bir gün Isa Lewiniň öýünde saçak başynda otyrka, olar hem gelip, Isa we Onuň şägirtleri bilen bile iýip-içdiler. 16Fariseýler bolan Töwrat mugallymlary Isanyň günäkärler hem salgytçylar bilen nahar iýip oturanyny görenlerinde, Onuň şägirtlerinden: «Näme üçin Ol salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar. 17Isa muny eşidende, olara: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir. Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.Agyz beklemek barada sowal
(Matta 9:14-17; Luka 5:33-39)
18Ýahýanyň şägirtleri we fariseýler agyz bekleýärdiler. Käbir adamlar gelip, Isadan: «Näme üçin Ýahýanyň we fariseýleriň şägirtleri agyz bekelýärler-de, seniň şägirtleriň bolsa agyz beklänok?» diýip sorady. 19Isa olara: «Giýew ýanlaryndaka, heý-de, toýuň myhmanlary agyz beklärmi?! Ýok, giýew aralaryndaka, olar agyz bekläp bilmezler ahyryn. 20Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, ine, şonda olar agyz beklärler. 21Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz, ýogsam salnan ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk ýeri has beter bolar. 22Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa şerap meşikleri böwsüp, döküler, meşikler-de zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr» diýip jogap berdi.Sabat güni barada sowal
(Matta 12:1-8; Luka 6:1-5)
23Bir Sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Onuň şägirtleri ýolda barýarkalar, bugdaý başlaryny ýolmaga başladylar. 24Fariseýler Isa: «Seret, näme üçin olar Sabat güni gadagan işi edýärler?» diýdiler. 25 aIsa olara: «Dawut bilen ýanyndakylar aç hem mätäç galanlarynda, siz Dawudyň näme edendigini asla okamadyňyzmy? 26Ol baş ruhany Abiýataryň döwründe Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini iýdi, ýanyndakylara hem berdi. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi» diýip jogap berdi. 27Soňra Isa olara: «Adam Sabat güni üçin däl-de, Sabat güni adam üçin ýaradyldy. 28Şonuň üçin Ynsan Ogly hatda Sabat gününiň-de hökümdarydyr» diýdi.
Copyright information for
TukLat16