Mark 2:18-22
Agyz beklemek barada sowal
(Matta 9:14-17; Luka 5:33-39)
18Ýahýanyň şägirtleri we fariseýler agyz bekleýärdiler. Käbir adamlar gelip, Isadan: «Näme üçin Ýahýanyň we fariseýleriň şägirtleri agyz bekelýärler-de, seniň şägirtleriň bolsa agyz beklänok?» diýip sorady. 19Isa olara: «Giýew ýanlaryndaka, heý-de, toýuň myhmanlary agyz beklärmi?! Ýok, giýew aralaryndaka, olar agyz bekläp bilmezler ahyryn. 20Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, ine, şonda olar agyz beklärler. 21Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz, ýogsam salnan ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk ýeri has beter bolar. 22Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa şerap meşikleri böwsüp, döküler, meşikler-de zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr» diýip jogap berdi.
Copyright information for
TukLat16