Mark 3
Isa Sabat güni şypa berýär
(Matta 12:9-14; Luka 6:6-11)
1Başga bir gün Isa ýene sinagoga gitdi. Ol ýerde eli şel açan bir adam bardy. 2Käbir adamlar Isany aýyplajak bolup, Sabat güni bu adama şypa berermikä diýip, Ony aňtaýardylar. 3Isa eli şel açan adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk!» diýdi. 4Onsoň olardan: «Kanun boýunça Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa-da ýamanlyk? Biriniň janyny halas etmek dogrumy ýa-da öldürmek?» diýip sorady. Olardan ses çykmady. 5Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy. 6Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada Hirodyň tarapdarlary bilen maslahat geçirdiler.Uly mähelle Isanyň yzyna düşýär
7 Isa şägirtleri bilen kölüň ýakasyna gitdi. Jelileden bir uly mähelle hem Onuň yzyna düşüp gitdi. 8Onuň bitiren işlerini eşidip, Ýahudyýadan, Iýerusalimden, Idumeýadan, Iordan derýasynyň aňyrsyndan, Sur we Sidon töwereklerinden uly mähelle ýanyna geldi. 9Isa mähelläniň içinde gysylmazlyk üçin, Öz şägirtlerine bir gaýygy taýýarlap goýmagy buýurdy. 10Isa ençeme adama şypa berdi, şonuň üçin hemme hassalar Oňa ellerini degirjek bolup, ýanyna itekleşip gelýärdiler. 11Arwah-jyn eýelänler Isany görenlerinde, Onuň aýagyna ýykylyp: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyrýardylar. 12Emma Ol Özüniň kimdigini hiç kime aýtmazlygy berk tabşyrdy.Isa on iki şägirdini saýlaýar
(Matta 10:1-4; Luka 6:12-16)
13Onsoň Isa daga çykyp, Öz saýlan adamlaryny ýanyna çagyrdy, olar Onuň ýanyna bardylar. 14– 15– 16Isa on iki adamy saýlap alyp, olara resullar diýip at berdi ▼▼Olara resullar diýip at berdi – bu sözlem käbir golýazmalarda ýok.
. Onuň wagyz etmäge iberen, hassalary sagaldyp, arwah-jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki resuly şulardyr: Simun – Isa oňa Petrus diýip at berdi, 17Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna – Isa olara Bowanerges diýen lakamy berdi, (bu «Gök gürrüldisiniň ogullary» diýmegi aňladýar), 18onsoň Andrys, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý, watançy Simun 19we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot. Isa we Beýelzebul
(Matta 12:22-32; Luka 11:14-23; 12:10)
20Soňra Isa bir öýe bardy. Ol ýerde hem hemişekiler ýaly, ýene-de uly mähelle ýygnanansoň, Isanyň şägirtleri bilen nahar iýmäge-de wagtlary bolmady. 21Isanyň hossarlary bu barada eşidende: «Isa akylyndan azaşypdyr» diýip, Ony äkitmäge geldiler. 22Iýerusalimden gelen Töwrat mugallymlary bolsa: «Ony jynlaryň hökümdary Beýelzebul eýeläpdir! Ol arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowup çykarýar» diýişýärdiler. 23Şonuň üçin Isa halky ýanyna çagyryp, tymsallar arkaly söze başlady: «Şeýtan öz-özüni nädip kowup çykarsyn? 24Bir patyşalygyň içinde bölünişik bolsa, ol patyşalyk berk durup bilmez. 25Bir hojalygyň içinde bölünişik bolsa, ol maşgala berk durup bilmez. 26Şeýtan öz-özüne garşy çykyp bölünse, berk durup bilmez, onuň soňunyň geldigidir. 27Hiç kim bir güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap bilmez; öňürti ony tutup daňmaly bolar, onsoň öýüni talar. 28Size dogrusyny aýdýaryn: ynsanlaryň hemme günäleri, her bir zada dil ýetirmeleri bagyşlanar. 29Emma Mukaddes Ruha dil ýetirene asla bagyşlanma ýokdur. Bu ebedilik günä bolup, onuň boýnundan asylar». 30Isa muny: «Ol – arwah-jynly» diýenleri üçin aýtdy.Isanyň ejesi we inileri
31Onsoň Onuň ejesi bilen inileri geldi. Olar daşarda durup, Isany çagyrmak üçin, Onuň ýanyna adam iberdiler. 32Mähelle Isanyň daşyny alyp otyrdy. Oňa: «Ejeň, inileriň we uýalaryň daşarda Seni soraýarlar» diýdiler. 33Isa olara jogap berip: «Meniň ejem, doganlarym kim?» diýdi. 34Onsoň daşyny alyp oturanlara seredip: «Ine, Meniň ejem, doganlarym şulardyr! 35Hudaýyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam hem ejemdir» diýdi.
Copyright information for
TukLat16