‏ Mark 4

Ekin tymsaly

(Matta 13:1-23; Luka 8:4-15)

1 Isa kölüň ýakasynda halka ýene öwretmäge başlady. Daşyna şeýle uly mähelläniň üýşendigi zerarly köldäki bir gaýyga münüp oturdy. Tutuş mähelle bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy. 2Isa olara tymsallar arkaly köp zatlar öwretdi. Olara şu tymsaly gürrüň berdi: 3«Gulak asyň! Bir daýhan ekin ekmäge çykýar. 4Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň üstüne düşýär we guşlar gelip, ony çokýarlar. 5Birnäçesi topragy az, daşly ýere düşýär. Topragy çuň bolmansoň, olar tiz gögerýär. 6Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly, olar solup, guraýarlar. 7Birnäçe tohum tikenleriň arasyna düşýär. Tikenler ösüp, olary basýar. Şeýlelikde, olar hasyl bermeýärler. 8Birnäçesi-de gowy ýere düşýär. Olar ösüp, köpelip, käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berýär». 9Isa onsoň olara: «Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» diýdi.

10 Isa on iki şägirdi we başga käbir adamlar bilen ýeke galanda, olar Ondan bu tymsalyň manysyny soradylar. 11Isa olara şeýle düşündirdi: «Hudaýyň Şalygynyň syry size berildi. Daşardakylara bolsa hemme zat tymsallar arkaly aýdylýar. 12 aŞeýdip „olar seredip dursalar-da, hiç aňlamaýarlar, eşidip dursalar-da, hiç düşünmeýärler; ýogsam Maňa tarap öwrülip bagyşlanardylar“».

13 Isa olara şeýle diýdi: «Siz bu tymsala düşünmeýärsiňizmi? Onda başga tymsallara nähili düşünjeksiňiz? 14Daýhanyň ekýäni Hudaýyň sözüdir. 15Käbir adamlar ýoluň üstüne düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidýärler, emma ýüreklerine ekilen bu sözi şobada şeýtan alyp gidýär. 16Beýleki adamlar daşly ýere düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidip, ony dessine şatlyk bilen kabul edýärler. 17Emma olarda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, olar derrew imandan ýüz döndererler. 18Başga birleri tikenleriň arasyna düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidýärler, 19emma dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi we başga meýiller ara girip, sözi bogýar, şonuň üçin söz hasyl bermeýär. 20Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony kabul edýärler we käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berýär».

Çyra tymsaly

(Luka 8:16-18)

21«Çyrany haýsydyr bir gabyň ýa-da çarpaýanyň aşagynda gizlemek üçin getirýärlermi? Eýsem, ony çyradanyň üstünde goýmak üçin getirmeýärlermi näme? 22Üsti açylmajak gizlin zat, mese-mälim bolmajak ýaşyryn zat ýokdur. 23Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» diýdi. 24Isa ýene-de olara: «Eşidýänleriňize üns beriň. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler. Hatda size has-da köp berler. 25Kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar» diýdi.

Biten tohum tymsaly

26Onsoň Isa şeýle diýdi: «Hudaýyň Şalygy ýere tohum sepýän adam ýalydyr. 27Ol gije ýatýar, irden turýar, emma tohumyň nädip gögerişini, ösüşini bilmeýär. 28Toprak öz-özünden hasyl berýär. Öňürti baldagy, soňra başy hem başdaky doly däneleri ýetişýär. 29Hasyl bişende, ýaňky adam dessine oragy işe girizýär. Çünki orak wagty gelendir».

Gorçisa tohum tymsaly

(Matta 13:31,32,34; Luka 13:18,19)

30 Isa olara ýene-de: «Hudaýyň Şalygyny nämä meňzedeli? Ony haýsy tymsal bilen düşündireli? 31 32Hudaýyň Şalygy gorçisa tohumy ýalydyr. Bu tohum ýer ýüzünde ekilýän ähli tohumlaryň iň maýdasy bolup, ekilenden soň ösüp, ähli ösümliklerden belent bolýar. Ol şeýle uly şahalar çykarýar welin, guşlar kölegesinde höwürtgeläp bilýärler» diýdi. 33Isa halka düşünip biljek derejesinde şunuň ýaly köp tymsallar arkaly gürrüň berýärdi. 34Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy, ýöne ýeke galanlarynda, Öz şägirtlerine ähli zady düşündirýärdi.

Isa tupany ýatyrýar

(Matta 8:23-27; Luka 8:22-25)

35Şol gün agşamara Isa şägirtlerine: «Kölüň beýleki tarapyna geçeliň» diýdi. 36Şägirtler mähelläni şol ýerde galdyryp, Isany oturan gaýygynda özleri bilen alyp gitdiler. Olaryň ýanynda başga gaýyklar hem bardy. 37Şol wagt güýçli tupan turup, tolkunlar gaýyga urlup başlady-da, gaýyk suwdan dolup ugrady. 38Isa bolsa gaýygyň yzky tarapynda bir ýassygy ýassanyp, uklap ýatyrdy. Şägirtler Ony oýaryp: «Mugallym, biz heläk bolýas! Bu Seniň perwaýyňa-da dälmi?» diýdiler. 39Isa turup, ýele käýedi, Ol köle: «Sem bol! Bes et!» diýdi. Şonda ýel ýatdy we doly asudalyk boldy. 40Isa şägirtlerine: «Näme üçin gorkýarsyňyz? Eýsem heniz-de iman edeňzokmy? Eýsem imanyňyz şeýle gowşakmy?» diýdi. 41Olar gaty gorkuşyp, biri-birlerine: «Bu kimkä? Onuň sözüne hatda ýelem, kölem gulak asýar!» diýişdiler.
Copyright information for TukLat16