‏ Mark 9

1Isa olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Hudaýyň Şalygynyň gudrat bilen gelýänini görmezden ölmezler».

Isanyň keşbi üýtgeýär

(Matta 17:1-13; Luka 9:28-36)

2Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. 3Onuň eginbaşy gözüňi gamaşdyryp barýan ap-ak reňke öwrüldi welin, ýer ýüzünde hiç kim ony beýle agardyp biljek däldi. 4Şonda şägirtlere Ylýas bilen Musa göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular. 5Petrus Isa: «Mugallym! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, gel, üç çadyr dikeli: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi. 6Gaty gorkandyklary üçin, Petrus näme diýýänini özi hem bilenokdy. 7Şol wagt bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi. 8Birdenkä şägirtler daş-töweregine seretdiler, emma öz ýanlarynda Isadan başga hiç kime gözleri düşmedi. 9Onsoň dagdan inip gelýärkäler, Isa olara Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, bu gören zatlaryny hiç kime aýtmazlygy buýurdy. 10Şägirtler Onuň bu sözüni ýüreklerinde saklap, ölümden direlmegiň näme aňladýandygy barada biri-birlerinden soraýardylar. 11Olar Isadan: «Näme üçin Töwrat mugallymlary öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar. 12Isa hem olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli. Emma Ynsan Oglunyň köp görgi görüp, ret edilmelidigi hakynda hem ýazylan ahyryn. 13Men size şuny aýdýaryn: Ylýas birwagt geldi we ol hakda ýazylyşy ýaly, oňa islän zatlaryny etdiler» diýdi.

Isa arwah-jyn eýelän oglany sagaldýar

(Matta 17:14-23; Luka 9:37-45)

14Olar beýleki şägirtleriň ýanyna gelenlerinde, olaryň daşyna üýşüp duran uly mähelläni gördüler. Töwrat mugallymlaryň käbiri şägirtler bilen jedelleşip durdy. 15Tutuş mähelle Isany gören badyna, geň galdy we hemmeler dessine ylgaşyp gelip, Oňa salam berdiler. 16Isa adamlardan: «Bular bilen näme hakda jedelleşýärsiňiz?» diýip sorady. 17Mähelläniň içinden biri Oňa: «Mugallym! Seniň ýanyňa oglumy getirdim. Arwah-jyn ol geplemez ýaly, onuň dilini baglady. 18Arwah-jyn ony tutanda ýere urýar. Oglan agzyny köpürjikledip, dişlerini gyjyrdadyp gatap galýar. Seniň şägirtleriňden oglumdan arwah-jyny kowup çykarmaklaryny haýyş etdim, ýöne olar başarmady» diýip jogap berdi. 19Isa olara: «Eý, imansyz nesil, Men haçana çenli siziň bilen bolaýyn? Haçana çenli size çydaýyn? Oglany Meniň ýanyma getiriň» diýdi. 20Olar ony Isanyň ýanyna getirdiler. Arwah-jyn Isany gören badyna, oglany gaty silterledi. Oglan ýere ýazylyp, agzyny köpürjikledip, togalanmaga başlady. 21Isa oglanyň kakasyndan: «Munuň beýle bolanyna näçe wagt boldy?» diýip sorady. Kakasy: «Çagalygyndan bäri şeýle. 22Arwah-jyn ony heläklejek bolup, telim gezek oda, suwa atdy. Gaýrat et-de, başardygyňdan kömek et, bize haýpyň gelsin!» diýdi. 23Isa oňa: «Başardygyňdan diýmäň näme?
Başardygyňdan diýmäň näme? – käbir golýazmalarda Eger iman etmegi başarsaň.
Iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» diýdi.
24Şobada oglanyň kakasy aglap: «Iman edýärin, imansyzlygymy ýeňmäge kömek et!» diýip gygyrdy. 25Isa mähelläniň ylgaşyp gelýänini görende, arwah-jyna käýäp: «Eý, kerlik hem lallyk ruhy! Saňa buýurýaryn, oglanyň içinden çyk, oňa gaýdyp girme!» diýdi. 26Arwah-jyn gygyryp, oglany has beter silterledi-de, ondan çykdy. Oglan ölene meňzeýärdi, şonuň üçin ol ýerdäkileriň köpüsi: «Ol öldi» diýişýärdi. 27Emma Isa oglanyň elinden tutup galdyrdy, ol hem ýerinden turdy. 28Isa öýe girenden soň, şägirtleri özli-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin arwah-jyny çykaryp bilmedik?» diýip soradylar. 29Isa olara: «Bu hili arwah-jynlary Hudaýa doga-dileg etmekden
Hudaýa doga-dileg etmekden – käbir golýazmalarda doga-dileg we agyz beklemekden.
başga hiç zat bilen çykaryp bolýan däldir» diýdi.

Isa ölüp direljegini öňünden aýdýar

30Olar ol ýerden çykyp, Jeliläniň üstünden geçdiler. Isa özleriniň niredediklerini hiç kimiň bilmegini islemeýärdi. 31Ol şägirtlerine: «Ynsan Ogly ynsanlaryň eline berler, Ony öldürerler, ýöne öldürenlerinden üç günden soň, Ol direler» diýdi. 32Emma olar bu sözlere düşünmediler, soramaga-da gorkdular.

Iň beýik kim?

(Matta 18:1-5; Luka 9:46-48)

33Olar Kapernauma bardylar. Öýe girenden soň, Isa olardan: «Ýolda näme hakda jedelleşýärdiňiz?» diýip sorady. 34Emma olaryň hiç birinden ses çykmady, sebäbi ýolda biri-birleri bilen kimiň iň beýikdigi hakda jedelleşipdiler. 35Isa oturyp, Onkileri ýanyna çagyryp, olara: «Biri ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäniň soňkusy hem hyzmatkäri bolmalydyr» diýdi. 36Onsoň bir çagany alyp, olaryň ortasynda duruzdy-da, ony gujaklap, olara: 37«Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim Meni kabul etse, Meni däl-de, Meni Ibereni kabul edýändir» diýdi.

Bize garşy bolmadyk biziň tarapymyzdadyr

(Luka 9:49,50)

38Ýohanna Isa ýüzlenip: «Mugallym! Biz Seniň adyň bilen arwah-jynlary çykarýan bir adamy gördük, ýöne onuň biziň bilen bile däldigi üçin, ony togtatmak isledik» diýdi. 39Isa: «Ony togtatmaň! Çünki Meniň adym bilen mugjyza görkezip, yzysüre Meni ýamanlap biljek adam ýokdur. 40Kim bize garşy bolmasa, biziň tarapymyzdadyr. 41Mesihe baglydygyňyz üçin, kim Meniň adym bilen size bir käse suw berse, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz» diýdi.

Günä gazandyrýan zatlary taşlaň

(Matta 18:6-9; Luka 17:1,2)

42 Isa ýene söze başlady: «Kimde-kim Maňa ynanýan bu pes göwünlilerden biriniň günä etmegine sebäp bolsa, onuň boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňze zyňlany has gowy bolar. 43Eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes. Golak bolup baky ýaşaýşa gowuşmak, iki elli bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr.
Käbir golýazmalarda 44‑nji aýat duş gelýär: Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez.
44 45Eger aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony çap. Saňa çolak bolup ýaşaýşa gowuşmak, iki aýakly bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr.
Käbir golýazmalarda 46-njy aýat duş gelýär: Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez.
46 47Eger gözüň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar. Saňa ýeke gözli bolup Hudaýyň Şalygyna girmek, iki gözli bolup dowzaha zyňylmakdan gowudyr. 48 eOlaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez. 49Hemmeler otda duzlanar
Käbir golýazmalarda we hemme gurbanlyklar duz bilen duzlanar diýen jümle hem bar.
.
50Duz gowy zatdyr, emma ol öz tagamyny ýitirse, onda oňa nädip tagam berersiňiz? Duz ýaly tagamly boluň, özara parahatlykda ýaşaň».
Copyright information for TukLat16