Matthew 11
Isa we Ýahýa
(Luka 7:18-35)
1 Isa on iki şägirdine öwüt-nesihat berip gutarandan soň, ol ýerden çykyp, golaýdaky şäherlerde öwretmäge we wagyz etmäge gitdi. 2Ýahýa hem tussaglykdaka, Mesihiň eden işleri barada eşidip, Onuň ýanyna şägirtlerini ▼▼Şägirtlerini – käbir golýazmalarda şägirtleriniň ikisini.
iberdi: 3«Şol gelmeli Mesih Senmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?» diýip soratdy. 4Isa olara: «Baryň-da, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň. 5Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär. 6Menden ýüz döndermedik adam bagtlydyr» diýip jogap berdi. 7Ýahýanyň şägirtleri giden wagty, Isa mähellä Ýahýa barada gürrüň bermäge başlady: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Şemala yranýan ýylgynymy? 8Ýeri, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýnen bir adamymy? Emma nepis eşikler geýnenler patyşalaryň köşklerindedir. 9Onda näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, Men size şuny aýdýaryn, ol gören kişiňiz hatda pygamberden hem artykdyr. 10 b„Öňüňden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin“diýip ýazylan sözler hem hut şoňa degişlidir. 11Size dogrusyny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryň arasynda çümdüriji Ýahýadan beýigi ýokdur, emma Gögüň Şalygynda iň kiçisi hem ondan beýikdir. 12Çümdüriji Ýahýanyň günlerinden tä şu wagta çenli Gögüň Şalygyna rehimsiz hüjüm edilýär we wagşy adamlar ony ele salýarlar. 13Ýahýa çenli ähli pygamberler we Töwrady bu hakda pygamberlik etdi. 14Eger Ýahýany kabul etmek isleýän bolsaňyz, gelmegine garaşylýan Ylýas oldur. 15Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin! 16– 17Men bu nesli kime meňzedeýin? Olar bazarlarda oturyp, başgalara: „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz; agy aýtdyk, aglamadyňyz“diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler. 18Ýahýa geldi, ol iýenogam, içenogam. Olar bolsa oňa „jynly“diýýärler. 19Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, olar Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“diýýärler. Emma danalyk öz amallary bilen tassyklanar». Toba etmedik şäherler
(Luka 10:13-15)
20 Isa käbir şäherlerde köp gudratlar görkezse-de, olaryň halky günälerine toba etmändiler. Şonuň üçin Isa olary ýazgarmaga başlady: 21«Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler. 22Emma Men size diýýärin: kyýamat güni siziň ýagdaýyňyz Sur bilen Sidonyň ýagdaýyndan has beter bolar! 23Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi? ▼▼Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi? – bu jümle käbir golýazmalarda Eý, arşa göterilen Kapernaum! diýip duş gelýär.
Ýok, sen dowzaha taşlanarsyň, sebäbi sende görkezilen gudratlar Sodomda görkezilen bolsady, onda ol şu güne çenli saklanyp galardy. 24Emma Men saňa şuny diýýärin: kyýamat güni seniň ýagdaýyň Sodomyň ýagdaýyndan has beter bolar». Argynlary çagyryş
(Luka 10:21,22)
25Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin! 26Hawa, Atam, bu Seniň islegiňdi. 27Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir. 28Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. 29Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar. 30Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir».
Copyright information for
TukLat16