Matthew 15
Adamy näme murdar edýär?
(Mark 7:1-23)
1Onsoň käbir fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Iýerusalimden Isanyň ýanyna gelip, Ondan: 2«Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalaryň adatyny bozýarlar? Näme üçin olar nahar iýenlerinde ellerini ýuwmaýarlar?» diýip soradylar. 3Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz näme üçin öz adatlaryňyzyň hatyrasyna Hudaýyň buýrugyny bozýarsyňyz? 4Hudaý: „Ata-eneňe hormat goý“, şeýle-de, „Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin“diýip buýrupdy. 5– 6Emma siz ata-enesine: „Men size kömek edip biljek däl. Size bermegi niýet eden zatlarymy men Hudaýa sadaka berdim“diýip aýdýana onuň atasyna ▼▼Käbir golýazmalarda atasyna ýa-da enesine.
hormat goýmagy hökman däl diýýärsiňiz. Şeýdip, adatlaryňyzyň hatyrasyna Hudaýyň sözüni puja çykarýarsyňyz. 7Eý, ikiýüzlüler, Işaýa pygamber siz hakda jaýdar pygamberlik edipdir! Onda şeýle ýazylan: 8 b„Bu halk Meni dilinde hormatlaýar,emma ýürekleri Menden uzakdadyr.
9Biderek ýere Maňa sežde edýärler,
taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“».
10 Isa mähelläni ýanyna çagyryp, olara: «Diňläň, düşüniň! 11Agza giren zat adamy murdar edýän däldir, adamy agyzdan çykýan zat murdar edýändir» diýdi. 12Onsoň şägirtler gelip, Ondan: «Fariseýleriň bu sözi eşidip, nägile bolandyklaryny bilýärsiňmi?» diýip soradylar. 13Ol: «Gökdäki Atamyň ekmedik her bir ösümligi köki bilen sogrular. 14Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi. 15Petrus Oňa: «Bize bu tymsaly düşündirip ber» diýdi. 16Isa hem şeýle diýdi: «Siz henizem düşüneňzokmy? 17Agza giren her bir zadyň ilki garna baryp, ol ýerden hem daşary çykýandygyny bilmeýärsiňizmi? 18Emma agyzdan çykan zatlar ýürekden çykyp, adamy murdar edýär. 19Adamyň ýüreginden erbet pikirler, ganhorlyk, zynahorlyk, azgynlyk, ogurlyk, ýalan şaýatlyk, sögünç çykýandyr. 20Adamy şu zatlar murdar edýär, ýuwulmadyk el bilen nahar iýmek adamy murdar etmeýär».
Kengan aýalyň imany
(Mark 7:24-30)
21 Isa ol ýerden çykyp, Sur we Sidon şäherleriniň töweregine gitdi. 22Ol ýerde bir kengan aýaly Isanyň ýanyna gelip: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et! Gyzymy arwah-jyn eýeledi, ol erbet ejir çekýär» diýdi. 23Emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi. Şonda şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Ony ugrat, ýogsam yzymyzdan galman gygyryp gelýär» diýip haýyş etdiler. 24Isa hem: «Men diňe ysraýyl halkynyň azaşan goýunlaryna iberildim» diýip jogap berdi. 25Emma ol aýal ýene-de Isanyň golaýyna gelip, dyza çökdi-de: «Agam, maňa kömek et» diýip ýalbardy. 26Isa oňa: «Çagalaryň çöregini alyp, itlere zyňmak dogry däldir» diýdi. 27Aýal hem: «Hawa, Agam! Ýöne itler hem saçak başynda dökülen çörek owuntyklaryndan iýýändir» diýdi. 28Şonda Isa oňa: «Eý, zenan, seniň imanyň beýik! Saňa isleýşiň ýaly bolsun!» diýdi. Ol aýalyň gyzy şol sagadyň özünde sagaldy.Isa dört müň adamy doýurýar
(Mark 8:1-10)
29 Isa ol ýerden gaýtdy we Jelile kölüniň golaýyna gelip, bir dagyň üstüne çykyp oturdy. 30Onuň ýanyna bir uly mähelle geldi, olaryň arasynda agsaklar, maýyplar, körler, lallar we ýene-de bir topar hassalar bardy. Olary getirip, Isanyň aýagynyň astynda goýdular. Ol hem bulary sagaltdy. 31Halk lallaryň gepleýändigini, maýyplaryň sagalandygyny, körleriň görýändigini, agsaklaryň ylgaýandygyny görüp haýran galdy. Olar Ysraýyl Hudaýyny şöhratlandyrdylar. 32 Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp: «Bu mähellä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç zatlary ýok. Olary öýlerine aç goýberesim gelenok, ýolda tapdan düşmekleri ahmal» diýdi. 33Şägirtleri Oňa: «Beýle uly mähelläni doýrar ýaly, bu çola ýerde biz çöregi nireden alaly?» diýdiler. 34Isa olardan: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Olar: «Ýedi çörek bilen birnäçe ownuk balygymyz bar» diýdiler. 35Isa mähellä ýerde oturmagy buýurdy. 36Ýedi çörek bilen balyklary alyp, şükür edeninden soň, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary mähellä paýladylar. 37Hemmeler iýip doýdular. Artan çörek bölekleri ýedi sebet boldy. 38Iýenler aýallardyr çagalardan başga dört müň adamdy. 39Isa halky ugradandan soň, gaýyga münüp, Magadan şäheriniň töweregine gitdi.
Copyright information for
TukLat16