Matthew 16
Ýolbaşçylar alamat talap edýär
(Mark 8:11-13; Luka 12:54-56)
1 Fariseýler bilen saddukeýler Isanyň ýanyna geldiler. Olar Isany synamak üçin, Onuň özlerine gökden bir gudratly alamat görkezmegini islediler. 2Ol şeýle jogap berdi: «Agşam düşende: „Asmanyň ýüzi gyzaryp dur, howa gowy boljak“diýýärsiňiz. 3Ertirine hem: „Asmanyň ýüzi garalypdyr hem tutuk, bu gün gaý turjak“diýýärsiňiz. Siz asmana seredip, howanyň ýagdaýyny saýgaryp bilýärsiňiz-de, döwrüň alamatlaryny saýgaryp bilmeýärsiňizmi? 4Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez». Şeýlelikde, Isa olary taşlap gitdi.Fariseýleriň we Hirodyň hamyrmaýasyndan hüşgär boluň!
(Mark 8:14-21)
5Şägirtleri kölüň beýleki tarapyna geçenlerinde, çörek almagy unudan ekenler. 6Isa olara: «Hüşgär boluň, özüňizi fariseýler bilen saddukeýleriň hamyrmaýasyndan goraň» diýdi. 7Olar bolsa özara çekeleşip: «Ol muny biziň çörek almandygymyz üçin şeýle diýýändir» diýişýärdiler. 8Emma Isa olaryň näme diýişýändiklerini bilip, şeýle diýdi: «Eý, imany azlar! Çörek almandyrys diýşip, nämä özara çekeleşýärsiňiz? 9Entek hem düşüneňzokmy? Bäş çörek bilen bäş müň adamyň doýandygy, artanynyň näçe sebet bolandygy ýadyňyza düşmeýärmi? 10Ýedi çörek bilen dört müň adamyň doýandygy, artanyndan näçe sebedi dolduryp ýygnandygyňyz hem ýadyňyza düşenokmy? 11Siz nädip çörek barada gürrüň etmeýändigime düşüneňzok? Men size: „Özüňizi fariseýler bilen saddukeýleriň hamyrmaýasyndan goraň“diýýärin». 12Şägirtler Isanyň özlerine hamyrmaýa däl-de, fariseýler bilen saddukeýleriň taglymatyndan goranyň diýýändigine şonda düşündiler.Petrus Isanyň Mesihdigini ykrar edýär
(Mark 8:27-30; Luka 9:18-21)
13 Isa Kaýsariýa-Filip şäheriniň golaýyna gelende, şägirtlerinden: «Adamlar Ynsan Ogluna kim diýýärler?» diýip sorady. 14Şägirtleri Oňa: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birleri Ýermeýa, käbirleri-de pygamberlerden biri diýýärler» diýip jogap berdiler. 15Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. 16Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi. 17Isa Oňa şeýle diýdi: «Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr. 18Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! ▼▼Petrus – bu söz gaýa diýmegi aňladýar.
Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez. 19Gögüň Şalygynyň açarlaryny saňa bererin. Ýer ýüzünde rugsat berýän zadyňa gökde-de rugsat berler. Ýer ýüzünde gadagan edýän zadyň gökde-de gadagan ediler». 20Onsoň şägirtlerine Özüniň Isa Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. Isa ölüp direljegini öňünden aýdýar
(Mark 8:31–9:1; Luka 9:22-27)
21Şondan soň Isa şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigi, ýaşulularyň, ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň elinden köp görgüler görmelidigi, öldürilmelidigi we üçülenji gün direlmelidigi hakynda düşündirmäge başlady. 22Petrus Ony bir çete çekip: «Hudaý saklasyn, Agam! Seniň başyňa asla beýle iş düşmez!» diýip, Onuň aýdanlaryna garşy çykmaga başlady. 23Emma Isa Petrusa tarap öwrülip: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa böwet bolýarsyň, sebäbi Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýdi. 24Onsoň Isa şägirtlerine ýüzlenip: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün. 25Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder. 26Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar? Ynsan öz janyna derek näme berip biler? 27Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer. 28Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Ynsan Oglunyň Patyşa bolup gelýänini görmezden ölmezler» diýdi.
Copyright information for
TukLat16