Matthew 17
Isanyň keşbi üýtgeýär
(Mark 9:2-13; Luka 9:28-36)
1Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we onuň dogany Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. 2Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. Onuň ýüzi Gün kimin parlady, eginbaşy ap-ak bolup, yşyk saçdy. 3Birdenkä olara Musa bilen Ylýas göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular. 4Petrus Isa: «Agam! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, isleseň, bu ýerde üç çadyr dikeýin: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi. 5Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi. 6Şägirtler muny eşidenlerinde, gaty gorkup, ýüzin ýykyldylar. 7Emma Isa gelip, olara elini degrip: «Turuň, gorkmaň» diýdi. 8Olar başyny galdyryp seredenlerinde, Isadan başga hiç kimi görmediler. 9Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara: «Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, gören zatlaryňyzy hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy. 10Şägirtleri Ondan: «Onda näme üçin Töwrat mugallymlary öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar. 11Isa olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli. 12Men size şuny aýdýaryn: Ylýas birwagt geldi, emma ony tanaman, oňa islän zatlaryny etdiler. Ynsan Ogly-da edil şonuň ýaly, olaryň elinden jebir çeker» diýip jogap berdi. 13Şonda şägirtler Onuň özlerine çümdüriji Ýahýa barada gürrüň berýändigine düşündiler.Isa arwah-jyn eýelän oglany sagaldýar
(Mark 9:14-32; Luka 9:37-45)
14Olar mähelläniň ýanyna ýetip barýarkalar, bir adam Isanyň ýanyna gelip, Onuň öňünde dyza çökdi. 15Ol: «Agam, ogluma rehim et! Onuň tutgaý keseli bar, örän ejir çekýär. Ol ýygy-ýygydan özüni oda, suwa urýar. 16Men ony Seniň şägirtleriňe getirdim, emma olar sagaldyp bilmediler» diýdi. 17 Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi. 18Isa arwah-jyna berk käýän badyna, arwah-jyn oglandan çykyp gitdi. Oglan şol pursadyň özünde sagaldy. 19Onsoň şägirtler Isanyň ýanyna gelip, özli-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin ony çykaryp bilmedik?» diýip soradylar. 20Isa hem olara: «Ýeterlik imanyňyzyň ýokdugy üçin şeýle boldy. Size dogrusyny aýdýaryn: bir gorçisa dänesi ýalyjak imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç“diýseňiz, ol göçer. Size başartmajak zat bolmaz» diýdi. ▼▼Käbir golýazmalarda 21‑nji aýat duş gelýär: Şeýle arwah-jynlary agyz bekläp, Hudaýa doga-dileg etmekden başga hiç zat bilen çykaryp bolýan däldir.
21– 22Bir gün Jelilede üýşenlerinde, Isa olara: «Ynsan Ogly adamlaryň eline tabşyrylar. 23Ony öldürerler, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi. Şägirtler muňa örän gynandylar. Ybadathana salgydy
24 Isa bilen şägirtler Kapernauma gelenlerinden soň, ybadathana salgydyny ýygnaýanlar Petrusyň ýanyna gelip: «Siziň Mugallymyňyz ybadathana salgydyny tölänokmy?» diýip soradylar. 25Petrus: «Töleýär» diýdi. Petrus öýe gelende, Isa ondan öňürdip: «Simun, sen näme diýýärsiň? Ýer ýüzündäki patyşalar gümrükdir salgydy kimden alýarlar? Öz ogullaryndanmy ýa kesekilerden?» diýip sorady. 26Petrus Oňa: «Kesekilerden» diýende, Isa oňa: «Onda ogullar erkindir. 27Emma olar nägile bolmaz ýaly, köle git-de, çeňňek taşla. Çeňňege düşen ilkinji balygy alyp, agzyny açsaň, salgyt tölemäge ýeterlik teňňäni taparsyň. Teňňäni al-da, Meniň üçinem, özüň üçinem salgyt töle» diýdi.
Copyright information for
TukLat16