‏ Matthew 19

Nika we aýrylyşmak barada

(Mark 10:1-12)

1 Isa bu sözleri tamamlandan soň, Jelileden çykyp, Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Ýahudyýa welaýatyna gitdi. 2Uly mähelle Onuň yzyna düşdi, Isa hem şol ýerde olaryň hassalaryny sagaltdy. 3Isanyň ýanyna gelen käbir fariseýler Ony synap görmek üçin: «Bir adamyň her hili bahana arap, öz aýalyndan aýrylyşmagy kanuna dogry gelýärmi?» diýip soradylar. 4 aIsa hem: «Siz näme „Ýaradanyň Özi owal-başda ynsanlary erkek we aýal edip ýaratdy“diýen sözleri okamadyňyzmy? 5 b„Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar“. 6Şeýlelikde, olar indi iki däl, bir tendir. Şonuň üçin hem Hudaýyň birleşdirenini ynsan aýyrmasyn» diýdi.

7 cFariseýler Isadan: «Onda näme üçin Musa talak hatyny ýazyp, aýrylyşmaga ygtyýar beripdir?» diýip soradylar. 8Isa olara: «Musa siziň doňýürekdigiňiz üçin aýalyňyzy aýyrmaga ygtyýar berdi, emma owal-başda beýle däldi. 9Men size şuny diýýärin: kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýryp, başga aýala öýlense, zyna edýändir
Käbir golýazmalarda Ärinden aýrylyşan aýala öýlenen hem zyna edýändir diýen jümle hem bar.
» diýip jogap berdi.
10Şägirtler Oňa: «Eger är-aýalyň arasyndaky ýagdaý şeýle bolsa, onda öýlenmezlik gowudyr» diýişdiler. 11Emma Isa olara: «Hemme adamlar bu sözi kabul edip bilmezler, diňe özlerine berlenler kabul edip bilerler. 12Käbir adamlar dogabitdi agtadyrlar, käbirleri bolsa adamlar tarapyndan agta edilendir. Başga birleri bolsa Gögüň Şalygynyň hatyrasyna hiç kim bilen birleşmeýär. Muny kabul edip bilen kabul etsin» diýdi.

Isa çagalara pata berýär

(Mark 10:13-16; Luka 18:15-17)

13Soňra başlaryna elini goýup, doga-dileg etsin diýip, adamlar çagalary Isanyň ýanyna getirdiler, emma şägirtler çagalary getirenlere käýediler. 14Isa bolsa: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň, sebäbi Gögüň Şalygy şular ýalylaryňkydyr» diýdi. 15Isa olaryň başyna elini goýup, pata berenden soň, ol ýerden gitdi.

Baý ýaş ýigit

(Mark 10:17-31; Luka 18:18-30)

16Şol mahal bir adam Isanyň ýanyna gelip: «Eý, Mugallym
Bu sözlem käbir golýazmalarda „Eý, ýagşy Mugallym“ diýip duş gelýär.
, baky ýaşaýşa eýe bolar ýaly, men näme ýagşy iş etmeli?» diýip sorady.
17Isa: «Näme üçin Menden ýagşylyk hakynda soraýarsyň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. Baky ýaşaýşa gowuşmak isleýän bolsaň, Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý et» diýdi. 18 19 fOl Isadan: «Haýsy tabşyryklaryny?» diýip sorady. Isa: «Adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, ata-eneňe hormat goý, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýip jogap berdi. 20Ýaş ýigit Isadan: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin-ä, men ýene näme etmeli?» diýip sorady. 21Isa oňa: «Müýnsüz bolaýyn diýseň, git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Soňra gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. 22Ýaş ýigit bu sözi eşidip, tukat bolup gitdi, sebäbi onuň mal-mülki köpdi.

23 Isa şägirtlerine: «Size dogrusyny aýdýaryn, baý adamyň Gögüň Şalygyna girmegi kyndyr. 24Men size ýene-de şuny aýdýaryn, bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi. 25Muny eşidenlerinde, şägirtleri çakdanaşa haýran galyp: «Onda kim halas bolup biler?» diýip soradylar. 26Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, emma Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi. 27Onsoň Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük! Munuň üçin biz näme alarys?» diýdi. 28Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz. 29Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny
Käbir golýazmalarda aýalyny diýen söz hem bar.
, çaga-çugalaryny, ýerlerini taşlan her kes yzyna ýüz esse edip gaýtaryp alar. Olar baky ýaşaýşyň mirasdüşeri bolarlar.
30Emma ilkinjileriň köpüsi soňkular, soňkularyň köpüsi hem ilkinjiler bolar» diýdi.
Copyright information for TukLat16