Matthew 12
Sabat güni barada sorag
(Mark 2:23-28; Luka 6:1-5)
1Aradan köp wagt geçmänkä, bir Sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Onuň şägirtleri ajygyp, bugdaý başlaryny ýolup iýmäge başladylar. 2Muny gören fariseýler Oňa: «Seret, Seniň şägirtleriň Sabat güni gadagan işi edýärler» diýdiler. 3 aIsa olara şeýle jogap berdi: «Dawut bilen ýanyndakylar aç galanlarynda, siz Dawudyň näme edendigini okamadyňyzmy? 4Ol Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini iýdi, ýanyndakylar hem iýdiler. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi. 5 bEýsem, siz ybadathanada Sabat gününiň kadalaryny bozsalar-da, ruhanylaryň günäsiz saýylandygyny Töwratda okamadyňyzmy? 6Men size şuny aýdaýyn: bu ýerde ybadathanadan-da beýik Biri bar. 7 cSiz: „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“diýen sözüň manysyny bilsediňiz, günäsizleri höküm etmezdiňiz. 8Çünki Ynsan Ogly hatda Sabat gününiň-de hökümdarydyr».Eli şel açan adam
(Mark 3:1-6; Luka 6:6-11)
9 Isa ol ýerden gitdi we olaryň sinagogasyna geldi. 10Ol ýerde eli şel açan bir adam bardy. Isany aýyplajak bolup, Ondan: «Kanun boýunça Sabat güni hassa şypa bermek bolýarmy?» diýip soradylar. 11Isa olara: «Eger bir goýnuňyz bolup, ol-da Sabat güni çukura gaçsa, haýsyňyz ony çykaryp almarsyňyz? 12Ynsan goýundan has gymmatlydyr! Şonuň üçin Sabat güni ýagşylyk etmek bolýar» diýip jogap berdi. 13Onsoň Isa ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol uzadan badyna, onuň näsag eli edil beýleki eli ýaly sagaldy. 14Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada maslahatlaşdylar.Rebbiň bendesi
15Emma Isa fariseýleriň bu niýetini bilip, ol ýerden gitdi. Köp adamlar Onuň yzyna düşdüler, Isa hem olaryň arasyndaky hassalary sagaltdy. 16Isa olara Özüniň kimdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. 17Bu Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi: 18 d«Ine, Meniň saýlan Bendäm,göwnühoş bolup, Ony söýenim;
Ruhumy Onuň üstüne goýaryn,
Ol milletlere adalaty yglan eder.
19Ol dawalaşmaz, sesini gataltmaz,
köçelerde hiç kim Onuň sesini eşitmez.
20 Adalaty ýeňşe ýetirýänçä,
ýenjilen gamşy döwmez,
tüteýän peltäni söndürmez.
21Ähli milletler Onuň adyna umyt baglarlar».
Isa we Beýelzebul
(Mark 3:20-30; Luka 11:14-23)
22Onsoň Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän kör hem lal adamy getirdiler. Isa ony sagaldansoň, ýaňky adam geplemäge we görmäge başlady. 23Tutuş halk haýran galyp: «Bu Dawudyň ogly dälmikä?» diýişdi. 24Muny eşiden fariseýler: «Bu adam arwah-jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebul arkaly kowup çykarýar» diýdiler. 25Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölünen şäher ýa-da öý berk durup bilmez. 26Şeýtan şeýtany kowýan bolsa, onda içinde bölünişik bardyr, onsoň onuň patyşalygy nähili durar? 27Eger Men arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda siziň adamlaryňyz olary kim arkaly kowýarlar? Şu sebäpli sizi öz adamlaryňyz höküm eder. 28Men arwah-jynlary Hudaýyň Ruhy arkaly kowýan bolsam, onda Hudaýyň Şalygy size-de gelendir. 29Kim güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap biler? Ilki ony daňmaly bolar, onsoň öýüni talar. 30Meniň bilen bolmadyk Maňa garşydyr, Meniň bilen sürini toplamadyk ony dargadýandyr. 31Şonuň üçin size şuny diýýärin: ynsanlaryň her bir günäsi, her bir zada dil ýetirmesi bagyşlanar, emma Mukaddes Ruha dil ýetirenler bagyşlanmaz. 32Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar. Emma Mukaddes Ruha garşy aýdylan söz bagyşlanmaz. Ol şu döwürde-de, geljekde-de bagyşlanmaz.Miweli agaç
(Luka 6:43-45)
33Oňat agaç ekiň, onuň miwesi-de oňat bolar, erbet agaç ekseňiz, erbet miwe alarsyňyz, sebäbi agaç miwesinden tanalýandyr. 34Eý, alahöwrenler nesli! Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir. Şeýlelikde, özüňiz erbetkäňiz, nädip siz oňat zatlar sözläp bilersiňiz? 35Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr. 36Men size şuny diýýärin: adamlar aýdan her bir boş sözi üçin kyýamat güni hasap bererler. 37Siz öz sözüňiz bilen aklanyp, öz sözüňiz bilen höküm edilersiňiz».Ýunusyň alamaty
(Mark 8:11,12; Luka 11:24-26,29-32)
38Şonda käbir Töwrat mugallymlary we fariseýler Oňa jogap berip: «Mugallym, biz Senden bir gudratly alamat görmek isleýäris» diýdiler. 39Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez. 40 eÝunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar. 41 fNinewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar. 42 gGünorta melikesi kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, ýeriň aňry ujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da üstün Biri bar. 43Arwah-jyn adamdan çykandan soň, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk gözleýär, emma tapmaýar. 44Şonda ol: „Çykan öýüme dolanaýyn“diýýär. Dolanyp gelende, öýüň süpürilgi, hemme zadyň ýerbe-ýerdigini görýär. 45Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy öňküsinden-de erbet bolýar. Bu erbet nesle-de şeýle bolar».Isanyň ejesi we inileri
(Mark 3:31-35; Luka 8:19-21)
46 Isa halka gürrüň berip durka, ejesi bilen inileri geldi. Olar Isa bilen gepleşjek bolup, daşarda garaşyp durdular. 47Kimdir biri Isa: «Ejeň bilen doganlaryň Seniň bilen gepleşmek üçin daşarda garaşyp durlar» diýdi. 48Emma Isa muny aýdana: «Meniň ejem, doganlarym kim?» diýdi. 49Soňra eli bilen şägirtlerini görkezip: «Ine, Meniň ejem, doganlarym şulardyr! 50Gökdäki Atamyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam hem ejemdir» diýdi.
Copyright information for
TukLat16