‏ Matthew 13

Ekin tymsaly

(Mark 4:1-20; Luka 8:4-15)

1Şol gün Isa öýden çykyp, kölüň ýakasynda otyrdy. 2Daşyna şeýle uly mähelläniň üýşendigi sebäpli köldäki bir gaýyga münüp otyrdy. Tutuş mähelle bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy. 3Isa olara tymsallar arkaly köp zatlar öwretdi: «Bir daýhan ekin ekmäge çykýar. 4Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň üstüne düşýär we guşlar gelip, ony çokýarlar. 5Birnäçesi topragy az, daşly ýere düşýär. Topragy çuň bolmansoň, olar tiz gögerýär. 6Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly solup, guraýarlar. 7Birnäçe tohum tikenleriň arasyna düşýär. Tikenler ösüp, olary basýar. 8Birnäçesi-de gowy ýere düşüp, käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri hem otuz esse hasyl berýär. 9Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»

10Onsoň şägirtler Isadan: «Näme üçin halka tymsallar bilen gürrüň berýärsiň?» diýip soradylar. 11Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi. 12Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ondaky bol bolar; kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. 13Meniň olara tymsallar bilen gürrüň bermegimiň sebäbi şudur: olar seredýärler, ýöne görmeýärler, diňleýärler, ýöne eşitmeýärler we düşünmeýärler. 14 aŞeýdip, Işaýanyň pygamberlik bilen aýdan sözleri olarda berjaý bolýar: „Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmersiňiz,
seredip dursaňyz-da, hiç aňlamarsyňyz.
15Bu halkyň ýüregi küteldi,
gulaklary ker açdy,
gözleri gapyldy.
Ýogsam gözleri bilen görüp,
gulaklary bilen eşiderdiler,
aňlary bilen aňlap,
Maňa tarap dolanardylar,
Men hem olara şypa bererdim“.

16Emma siz nähili bagtly! Sebäbi gözleriňiz görýär, gulaklaryňyz eşidýär. 17Size dogrusyny aýdýaryn: köp pygamberler we ençeme dogry adamlar siziň görýänleriňizi görmek islediler, emma görmediler. Siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, emma eşitmediler.

18Indi daýhan hakyndaky tymsalyň manysyny diňläň: 19kim Hudaýyň Şalygy hakyndaky sözi eşidip, oňa düşünmese, şeýtan gelip, onuň ýüreginde ekileni sogrup alýar. Ýoluň gyrasynda ekilen budur. 20Daşly ýere ekilen bolsa, sözi eşidip, ony dessine şatlyk bilen kabul edýändir. 21Emma beýle adamda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, ol dessine imandan ýüz dönderer. 22Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar. 23Gowy topraga ekilen bolsa, sözi eşidip, oňa düşünýär hem-de hasyl berýär. Beýle adamlaryň käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri otuz esse hasyl berýär».

Haşal ot tymsaly

24 Isa olara başga bir tymsal hem gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy öz atyzynda oňat tohum eken adama meňzeýär. 25Hemmeler ýatyrka, onuň duşmany gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal ot ekip gidýär. 26Ekin ösüp hasyla duranda, haşal ot hem peýda bolýar. 27Ýer eýesiniň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip: „Hojaýyn, sen atyzyňa oňat tohum sepmänmidiň? Bu haşal otlar nireden peýda bolduka?“diýip soraýarlar. 28Hojaýyn: „Bu duşmanyň işidir“diýip jogap berýär. Hyzmatkärleri: „Gidip, olary sogrup taşlamagymyzy isleýäňmi?“diýip soraýarlar. 29Emma hojaýyn: „Ýok, haşal oty sogurjak bolup, 30bugdaýy hem köki bilen goparmagyňyz mümkin. Goý, oraga çenli olaryň ikisi-de bile ösübersin. Orak döwri men orakçylara ilki haşal oty ýygyň-da, ýakar ýaly edip desseläň. Bugdaýy bolsa meniň ammaryma üýşüriň diýerin“» diýip jogap berýär.

Gorçisa tohum tymsaly

(Mark 4:30-32; Luka 13:18,19)

31 Isa olara başga bir tymsaly-da gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy bir adamyň öz melleginde eken gorçisa tohumyna meňzeýändir. 32Ol ähli tohumlaryň içinde iň ownugydyr, emma öseninden soň welin, beýleki ösümlikleriň barysyndan belent bolup, agaja öwrülýär. Hatda guşlaram onuň şahalarynda höwürtgeläp bilýärler».

Hamyrmaýa tymsaly

(Luka 13:20,21)

33 Isa olara başga bir tymsaly-da gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy hamyrmaýa meňzeýändir. Bir aýal üç kersen una birje bölek hamyrmaýa goşsa-da, tutuş hamyr çişýär». 34Isa bu zatlaryň baryny halka tymsallar bilen aýdýardy. Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy. 35 bBu pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi: «Men size tymsal aýdyp bereýin,
dünýä ýaradylaly bäri
gizlin galan syrlary beýan edeýin».

Isa haşal ot tymsalyny düşündirýär

36Onsoň Isa halky ugradyp, öýe girdi. Şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Haşal otlar hakdaky tymsaly bize düşündirip bersene» diýdiler. 37Ol şeýle jogap berdi: «Oňat tohumy ekýän Ynsan Ogludyr. 38Ekin meýdany bolsa dünýädir. Oňat tohum Gögüň Şalygynyň perzentleridir. Haşal otlar bolsa şeýtanyň perzentleridir. 39Haşal otlary eken duşman – şeýtandyr. Orak döwri – dünýäniň ahyrydyr, orakçylar bolsa perişdelerdir. 40Şeýlelik bilen haşal otlar nähili ýyglyp, otda ýakylýan bolsa, dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar. 41Ynsan Ogly Öz perişdelerini iberer, olar-da günä duçar edýän ähli zatlary, erbetlik edýänleri Onuň Şalygyndan ýygnarlar. 42Olar bulary lowlap duran kürä taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar. 43Şonda dogry adamlar gökdäki Atasynyň Şalygynda Gün kimin parlarlar. Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»

Gizlin hazyna we dürdäne tymsaly

44«Gögüň Şalygy ekin meýdanynda gizlenen hazyna meňzeýändir. Bir adam ony tapyp alýar, soňra ony gaýtadan gizleýär we begenip baryp, ähli zadyny satýar-da, ýaňky ekin meýdany satyn alýar. 45Mundan başga-da, Gögüň Şalygy owadan dür agtarýan täjir ýalydyr. 46Ol gymmatbaha bir düri tapyp, ähli zadyny satýar-da, ony satyn alýar.

Tor tymsaly

47Şeýle hem, Gögüň Şalygy deňze taşlanyp, her hili balygy ýygnaýan tor ýalydyr. 48Tor dolanda, ony kenara çekýärler. Onsoň oturyp, oňat balyklary sebetlere salýarlar, erbetlerini hem zyňyp goýberýärler. 49Dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar. Perişdeler gelip, erbetleri dogry adamlardan aýryp, 50lowlap duran kürä taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».

51 Isa olara: «Bularyň hemmesine düşündiňizmi?» diýip sorady. Olar: «Hawa» diýip jogap berdiler. 52Isa olara: «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy hakynda taglymat alan her bir Töwrat mugallymy hazynasyndan täze we köne zatlar çykarýan öý eýesine meňzeýändir» diýdi.

Nasyrada Isa hormat goýulmaýar

(Mark 6:1-6; Luka 4:16-30)

53 Isa bu tymsaly gürrüň berip bolandan soň, ol ýerden gitdi. 54Ol Öz dogduk mekanyna gelip, adamlara olaryň sinagogalarynda sapak bermäge başlady. Adamlar Oňa haýran galyp: «Bu Adam beýle danalygy nireden aldyka? Ol nädip beýle mugjyzalary görkezmegi başarýarka? 55Ol agaç ussanyň ogly dälmi? Ejesiniň ady hem Merýem dälmi näme? Ol Ýakup, Ýusup, Simun we Ýahuda dagyň dogany ahyryn! 56Onuň uýalary-da biziň aramyzda ýaşamaýarlarmy näme? Onda bu Adam munça zady nireden bilýärkä?» diýişdiler. 57Şeýlelikde, olar Isany ret etdiler.

Emma Isa olara: «Pygamberiň diňe öz ýurdunda we öýünde gadyry ýokdur» diýdi.
58Isa olaryň imansyzdyklary zerarly, ol ýerde köp gudrat görkezmedi.
Copyright information for TukLat16