Matthew 18
Iň beýik kim?
(Mark 9:33-37,42-48; Luka 9:46-48; 17:1-2)
1Şol wagt şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Gögüň Şalygynda iň beýik kim?» diýip soradylar. 2Isa-da bir çagany çagyryp, ony olaryň ortasynda duruzdy-da, şeýle diýdi: 3«Size dogrusyny aýdýaryn: eger siz ýoluňyzdan dönüp, çagalar ýaly bolmasaňyz, Gögüň Şalygyna asla girip bilmersiňiz. 4Kim şu çaga ýaly pes göwünli bolsa, Gögüň Şalygynda iň beýik şoldur. 5Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. 6Emma kimde-kim Maňa ynanýan bu pes göwünlilerden biriniň günä etmegine sebäp bolsa, onuň üçin boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňziň düýbüne zyňylmagy has gowy bolar. 7Ynsanlary günä duçar edýän zatlar üçin bu dünýäniň halyna waý! Beýle zatlar gelmelidir, emma bularyň gelmegine ýardam berýän adamyň dat gününe! 8Eliň ýa aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kesip taşla. Seniň iki elli, iki aýakly bolup, ebedi oda taşlananyňdan, bir elli, bir aýakly bolup, baky ýaşaýşa gowşanyň gowudyr. 9Gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup taşla. Saňa ýeke gözli bolup baky ýaşaýşa girmek, iki gözli bolup dowzah oduna zyňlanyňdan gowudyr.Ýiten goýun tymsaly
(Luka 15:3-7)
10Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler. ▼▼Käbir golýazmalarda 11‑nji aýat duş gelýär: Ynsan Ogly ýitenleri halas etmäge gelendir.
11– 12Siz nähili pikir edýärsiňiz? Bir adamyň ýüz goýny bolup, olaryň biri azaşsa, ol togsan dokuzyny daglarda goýup, azaşanyň gözlegine çykmazmy? 13Ony tapyp biläýse, size dogrusyny aýdýaryn, ol munuň üçin azaşmadyk togsan dokuzysyna begenenden hem has köp begener. 14Şeýlelikde, bu pes göwünlilerden biriniň heläk bolmagy gökdäki Ataňyzyň islegi däldir. Doganyň günä etse
15Eger doganyň günä etse ▼▼Günä etse – käbir golýazmalarda saňa garşy günä etse.
, bar-da, ikiçäk gürleşip, aýybyny oňa aýt. Seniň sözüňe gulak assa, bu doganyňy gazandygyňdyr. 16 cEmma gulak asmasa, bir ýa iki adamy ýanyňa alyp bar, aýdylan her bir söz iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn. 17Olara-da gulak asmak islemese, onda ýygnaga aýt. Oňa-da gulak asmak islemese, goý, ol seniň üçin bir butparaz ýa-da salgytçy ýaly bolsun. 18Size dogrusyny aýdýaryn: ýer ýüzünde rugsat berýän zadyňyza gökde-de rugsat berler. Ýer ýüzünde gadagan edýän zadyňyz gökde-de gadagan ediler. 19Ýene size şuny aýdýaryn: eger araňyzdan iki adam islendik zady dilemek üçin bir ylalaşyga gelse, gökdäki Atam dilegleri bitirer. 20Meniň adym bilen iki ýa-da üç adam üýşse, Men hem olaryň arasynda bolaryn». Rehimsiz hyzmatkär
21Soňra Petrus Isanyň ýanyna gelip, Ondan: «Agam, doganym maňa garşy günä etse, ony näçe gezek bagyşlaýyn? Ýedi gezekmi?» diýip sorady. 22Isa oňa: «Men saňa ýedi gezek däl, ýetmiş gezek ýedi diýýärin» diýip jogap berdi. 23«Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy öz dolandyryjysy bilen hasaplaşmak islän bir patyşa meňzeýär. 24Patyşa hasaplaşyga başlanda, onuň ýanyna ägirt möçberdäki pul bergisi bolan bir dolandyryjysyny getirýärler. 25Ol bergisini berip bilmänsoň, hojaýyny oňa özüni, aýalyny, çagalaryny we ähli mallaryny satyp, bergisini bermegi buýurýar. 26Dolandyryjy ýere ýüzin düşüp, hojaýynyna: „Sabyr et! Baryny bereýin“diýip ýalbarýar. 27Hojaýynyň oňa rehimi inýär, onuň bergisini geçip, ony boşadyp goýberýär. 28Ýaňky dolandyryjy çykyp gidýär. Ol özüne ujypsyzja bergisi bolan bir ýoldaşyna sataşýar. Ony tutup: „Bergiňi ber“diýip, onuň bokurdagyndan ýapyşýar. 29Ýoldaşy onuň aýagyna ýykylyp: „Sabyr et, bergimi bererin“diýip, oňa ýalbarýar. 30Emma ol etmeýär, gaýtam, bergisini berýänçä, ony zyndana saldyrýar. 31Ýaňky adamyň ýoldaşlary bu wakany görüp, gaty gynanýarlar. Olar gidip, bolan ähli zady onuň hojaýynyna habar berýärler. 32Hojaýyny ony çagyryp: „Eý, ýaramaz gul! Maňa ýalbaranyň üçin, men seniň bergiňiň baryny geçdim. 33Meniň saňa rehim edişim ýaly, sen hem ýoldaşyňa rehim etmeli dälmidiň?“diýýär. 34Hojaýyny gazaba münüp, bergisini berýänçä, ony gynaýanlaryň eline tabşyrýar. 35Eger her biriňiz öz doganyny ýürekden bagyşlamasa, gökdäki Atam-da size şeýle eder».
Copyright information for
TukLat16