‏ Matthew 20

Üzümçilik tymsaly

1 Gögüň Şalygy üzümçiliginde işlär ýaly, ir ertir bilen günlükçi tutmaga giden ýer eýesine meňzeýändir. 2Ol günlükçiler bilen bir günlük iş hakyny bir kümüş teňňä razylaşyp, olary öz üzümçiligine ýollaýar. 3Ir sagat dokuzlarda daşary çykan wagty, ol bazarda bikär duran birnäçe adamlary görýär. 4Olara-da: «Siz hem üzümçilige gidiň, hakyňyzy doly tölärin» diýýär. Olar hem gidýärler. 5Günortan we öýlän sagat üçlerde ýene daşary çykyp, ýene şeýle edýär. 6Öýlän sagat bäşlerde aýlanmaga çykan wagty, başga boş duranlary görüp, olardan: «Näme üçin günuzyn bu ýerde boş dursuňyz?» diýip soraýar. 7Olar hem: «Bizi hiç kim hakyna tutmady» diýip jogap berýärler. Olara: «Siz-de üzümçilige gidiň» diýýär. 8Agşam düşen çagy, üzümçiligiň eýesi öz iş dolandyryjysyna: «Günlükçileri çagyr-da, iň soňkulardan başlap, ilkinjilere çenli haklaryny töle» diýýär. 9Şeýlelikde, öýlän sagat bäşlerde gelenleriň her biri bir kümüş teňňe alýar. 10Ilkinji gelenler köp alarys öýdüp tama edýärler, emma olaryň-da her biri bir kümüş teňňe alýar. 11Olar puluny alan wagtlary ýer eýesine hüňürdeşip: 12«Bu iň soňky gelenler diňe bir sagat işlediler, biz bolsa, jöwzaly yssyda günuzyn agyr zähmet çekdik. Muňa garamazdan sen biziň zähmetimizi olaryňky bilen deň etdiň» diýýärler. 13Ýer eýesi olaryň birine şeýle jogap berýär: «Eý, dost! Men saňa adalatsyzlyk edemok. Sen meniň bilen bir kümüş teňňä razylaşmadyňmy näme? 14Öz hakyňy al-da, gidiber. Men bu iň soňka-da saňa berenimi bermek isleýärin. 15Öz pulumy isleýşimçe sarp etmäge ygtyýarym ýokmy? Ýa-da sen meniň sahylygyma göriplik edýärsiňmi?» 16Şeýlelikde, iň soňkular ilkinjiler, ilkinjiler hem iň soňkular bolar.
Käbir golýazmalarda Çünki çagyrylanlar köp, saýlananlar azdyr diýen jümle hem bar.

Isa Özüniň ölüp direljegini ýene aýdýar

(Mark 10:32-34; Luka 18:31-34)

17 Isa Iýerusalime barýarka, ýolda on iki şägirdini bir çete çekip, olara: 18«Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň eline tabşyrylar, olar hem Ony ölüme höküm ederler. 19Ony kemsitsinler, gamçylasynlar we haça çüýlesinler diýip, keseki milletlere tabşyrarlar, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi.

Bir enäniň haýyşy

(Mark 10:35-45)

20Soňra Zebedeýiň ogullarynyň ejesi öz ogullary bilen Isanyň ýanyna geldi. Ol Isadan bir zatlar dilemek üçin dyzyna çöküp, tagzym etdi. 21Isa aýaldan: «Näme isleýärsiň?» diýip sorady. Aýal Isa ýüzlenip: «Öz Şalygyňda meniň bir oglumyň Seniň sagyňda, beýlekisiniň bolsa çepiňde oturmagyny emr et» diýdi. 22Emma Isa: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek hasrat käsämden içip bilersiňizmi?
Käbir golýazmalarda Meniň çümdürilişim ýaly çümdürilip bilersiňizmi? diýen jümle hem bar.
» diýdi. Olar Isa: «Hawa, içip bileris!» diýip jogap berdiler.
23Isa olara: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz
Käbir golýazmalarda Meniň çümdürilişim ýaly çümdürilersiňiz diýen jümle hem bar.
, emma size sagymda ýa çepimde oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu orunlary Atam kimler üçin taýýarlan bolsa, şolar üçindir» diýdi.
24Beýleki on şägirt muny eşidip, ýaňky iki dogana gaharlandylar. 25Isa olary ýanyna çagyryp: «Özüňiz bilýärsiňiz, keseki milletleriň baştutanlary olara hökümdarlyk edýärler, ýokary wezipelileri-de agalyk edýärler. 26Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim üstün bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun. 27Kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun. 28Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.

Iki körüň gözi açylýar

(Mark 10:46-52; Luka 18:35-43)

29 Isa bilen şägirtleri Ýerihodan çykanlarynda, uly mähelle Isanyň yzyna düşüp gitdi. 30Ýoluň gyrasynda oturan iki sany kör adam Isanyň geçip barýanyny eşidip: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyrdy. 31Seslerini çykarmaz ýaly, köp adamlar olara käýediler, emma olar öňküden hem gaty ses bilen: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyrdylar. 32Isa aýak çekdi-de, olary çagyryp: «Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýip sorady. 33Olar Oňa: «Agam, gözümiz açylsyn» diýdiler. 34Isanyň olara haýpy gelip, gözlerine elini degirdi welin, şobada olaryň gözleri açyldy. Olar hem Isanyň yzyna düşüp gidiberdiler.
Copyright information for TukLat16