Matthew 24:37-41
37 aNuhuň döwründe ýaşaýyş nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar. 38Nuhuň gämä münen gününe çenli, silden öňki günlerde adamlar iýip-içýärdiler, öýlenip, durmuşa çykýardylar. 39Äpet sil gelip, hemmesini süpürip äkidýänçä, olar öz başlaryndan injek zatlardan asla bihabardylar. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar. 40Şonda ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar. 41Degirmen başynda bugdaý üweýän iki aýal bolar, biri alnar, biri goýlar.
Copyright information for
TukLat16