Matthew 6:9-13
9Şonuň üçin, şeýle doga-dileg ediň: „Eý, gökdäki Atamyz!Adyň mukaddes bolsun!
10Patyşalygyň gelsin!
Gökde bolşy ýaly,
ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn!
11Gündelik çöregimizi bize şu gün ber.
12Bize ýamanlyk edýänleri bagyşlaýşymyz ýaly,
Sen hem biziň ýazyklarymyzy bagyşla.
13Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et. ▼
▼Käbir golýazmalarda Çünki patyşalyk, gudrat we şöhrat ebedilik Seniňkidir. Omyn! diýen jümle hem bar.
“
Copyright information for
TukLat16