Matthew 7
Başgalary ýazgarmaň
(Luka 6:37,38,41,42)
1– 2«Başgalary ýazgarmaň, ýogsam siz hem ýazgarylarsyňyz, sebäbi siz nähili ýazgarsaňyz, özüňiz-de şeýle ýazgarylarsyňyz. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler. 3Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň? 4Nädip sen öz gözüňde agaç barka, doganyňa: „Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn“diýjek? 5Eý, ikiýüzli, ilki öz gözüňdäki agajy çykar, şonda doganyňyň gözündäki çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň. 6 Mukaddes zady itlere bermäň. Dürleriňizi doňuzlaryň öňüne taşlamaň. Ýogsam olary aýaklary bilen depeläp, soňra özüňizi parçalaýmasynlar.Hudaýdan diläň
(Luka 11:9-13)
7Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. 8Elbetde, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar. 9Siziň haýsy biriňiz ogluňyz çörek dilände, oňa daş berer? 10Ýa-da balyk dilände, ýylan berer? 11Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi? 12Şonuň üçin adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň, sebäbi Musanyň kanuny bilen pygamberleriň ýazgylary-da şunda jemlenýär.Hudaýyň ýoly dar gapydyr
(Luka 13:24)
13Dar gapydan giriň, sebäbi heläkçilige eltýän gapy inlidir we onuň ýoly giňdir. Bu ýoldan girýänler köpdür. 14Emma ýaşaýşa eltýän gapy insizdir, ýoly dardyr. Bu ýoly tapýanlar azdyr.Agaç we onuň miwesi
(Luka 6:43,44; 13:25-27)
15Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir. 16Siz olary miwelerinden tanarsyňyz. Tikenden üzüm ýa-da ýandakdan injir ýygylýarmy? 17Şonuň ýaly-da her bir oňat agaç oňat miwe berýändir, erbet agaç bolsa erbet miwe berýändir. 18Oňat agaç erbet miwe, erbet agaç-da oňat miwe berip bilmez. 19Oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanýandyr. 20Şeýlelik bilen, galp pygamberleri miwelerinden tanarsyňyz. 21Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb“diýen her bir adam Gögüň Şalygyna girmez, diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý eden oňa girer. 22Şol gün köpler Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb, biz Seniň adyň bilen pygamberlik etmedikmi? Seniň adyň bilen arwah-jynlary kowup, köp gudratlar görkezmedikmi?“diýerler. 23Şonda Men olara: „Eý, ýamanlyk edýänler, Men sizi asla tanamok, ýok boluň ýanymdan!“diýip, açyk aýdaryn.Iki bina
(Luka 6:47-49)
24Şonuň üçin hem bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän her bir adam öýüni gaýanyň üstünde guran akylly adama meňzeýär. 25Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, sebäbi ol gaýanyň üstünde gurlupdy. 26Meniň bu sözlerimi eşidip, olary berjaý etmedik her bir kişi öýüni çägäniň üstünde guran akmak adam ýalydyr. 27Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy. Öý ýykylyp, bütinleý wes-weýran boldy». 28Isa bulary gürrüň berip gutaranda, mähelle Onuň taglymatyna haýran galdy, 29sebäbi Isa olara Töwrat mugallymlary ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly öwredýärdi.
Copyright information for
TukLat16