‏ Matthew 8

Isa deri kesellini sagaldýar

(Mark 1:40-45; Luka 5:12-16)

1 Isa dagdan aşak inende, uly mähelle Onuň yzyna düşdi. 2Şol wagt deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna gelip, dyzyna çöküp: «Agam, eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýdi. 3Isa elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Ol adam şobada deri keselinden gutuldy. 4Soňra Isa oňa: «Ägä bol, muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýdi.

Ýüzbaşynyň imany

(Luka 7:1-10)

5 Isa Kapernauma girende, bir ýüzbaşy Onuň ýanyna gelip: 6«Agam, meniň hyzmatkärim öýde agyr ýatyr. Çekýän jebrinden ýaňa gozganyp-da bilenok» diýip ýalbardy. 7Isa oňa: «Men baryp, ony sagaldaryn» diýdi. 8Ýüzbaşy Isa şeýle jogap berdi: «Agam, Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl. Diňe birje söz aýtsaň bes, meniň hyzmatkärim sagalar. 9Men hem buýruk astyndaky adamdyryn, ygtyýarymda esgerlerim bar. Birisine „Git“diýsem gidýär, başgasyna „Gel“diýsem gelýär. Hyzmatkärime „Şuny et!“diýsem edýär». 10Isa bu sözleri eşidip haýran galdy. Ol yzyna düşüp gelýänlere: «Size dogrusyny aýdýaryn, Men hatda Ysraýylda hem şeýle imany bar adamy tapmadym. 11Size şuny-da aýdýaryn: gündogardan we günbatardan köp adamlar gelip, Ybraýym, Yshak, Ýakup bilen bile Gögüň Şalygynda bir saçagyň başynda oturarlar. 12Emma Şalygyň mirasdüşeri bellenenler daşary, garaňkylyga taşlanar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar» diýdi. 13Isa ýüzbaşa: «Bar, gidiber, goý, saňa imanyňa görä bolsun!» diýdi. Onuň hyzmatkäri şol sagadyň özünde sagaldy.

Isa köp hassalary sagaldýar

(Mark 1:29-34; Luka 4:38-41)

14 Isa Petrusyň öýüne geldi. Ol Petrusyň gaýynenesini gyzzyrma tutup ýatanyny gördi. 15Isa aýalyň elinden tutan badyna, onuň gyzzyrmasy aýryldy. Aýal ýerinden turup, Isa hyzmat etmäge başlady.

16Şol gün agşam Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän adamlary getirdiler. Ol hem bir söz bilen olardaky erbet ruhlary çykardy, şeýle-de hassalaryň hemmesini sagaltdy. 17 aŞunlukda, Işaýa pygamberiň üsti bilen aýdylan şu sözler berjaý boldy: «Ol biziň hassalygymyzy Öz üstüne aldy,
biziň dertlerimizi çekdi».

Isanyň yzyna eýermek

(Luka 9:57-62)

18 Isa daşyna üýşen köpsanly mähelläni görüp, şägirtlerine kölüň beýleki tarapyna geçmegi buýurdy. 19Şonda Töwrat mugallymlaryň biri gelip: «Mugallym, Sen nirä gitseň, men hem Seniň yzyňa düşjek» diýdi. 20Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýip jogap berdi.

21Onuň başga bir şägirdi: «Agam, rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi. 22Emma Isa oňa: «Meniň yzyma düş, goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler» diýdi.

Isa tupany ýatyrýar

(Mark 4:35-41; Luka 8:22-25)

23 Isa gaýyga münende, şägirtleri hem Onuň yzyna düşdüler. 24Kölde birdenkä güýçli gaý turdy we gaýyk tolkunlara büreldi. Emma Isa uklap ýatyrdy. 25Şägirtleri Ony oýaryp: «Agam, bizi halas et! Biz heläk bolup barýarys!» diýdiler. 26Isa olara: «Nämä gorkýarsyňyz, eý, imany azlar?!» diýdi. Soňra Ol ýerinden turup, ýele we köle käýedi welin, ol ýere doly ümsümlik aralaşdy. 27Olar haýran galyp: «Bu nähili Adamka, hatda ýel bilen köl-de Oňa gulak asýar?» diýişdiler.

Isa arwah-jynlary çykarýar

(Mark 5:1-20; Luka 8:26-39)

28 Isa kölüň beýleki kenaryndaky gadaralylaryň
Gadaralylar – käbir golýazmalarda gerasalylar. Seret: Luk 8:26; Mar 5:1.
ýurduna geldi. Ol ýerde Oňa arwah-jyn eýelän iki sany adam duş geldi. Olar gonamçylykdan çykyp gelýärdiler. Olaryň juda wagşydyklary üçin, ol ýerden hiç kim geçip bilmeýärdi.
29Birdenkä olar: «Eý, Hudaýyň Ogly! Seniň biziň bilen näme işiň bar? Bizi wagtyndan öň gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşyp başladylar. 30Şol wagt olardan uzagrakda ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi. 31Arwah-jynlar Isa ýalbaryp: «Eger bizi kowup çykarmakçy bolsaň, onda bizi doňuz sürüsine iber» diýdiler. 32Isa olara: «Baryň!» diýdi. Şeýdip, olar adamlardan çykyp, doňuzlaryň içine girdiler. Şonda tutuş doňuz sürüsi uçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy. 33Çopanlar gaçyp, şähere gitdiler. Olar arwah-jyn eýelän adamlara näme bolandygy baradaky wakalaryň hemmesini halka gürrüň berdiler. 34Onsoň şäheriň tutuş ilaty Isa bilen duşuşmaga geldi. Ony görenlerinde, özleriniň şäherinden gitmegini sorap, Isa ýalbardylar.
Copyright information for TukLat16