Micah 1
1Ýahuda patyşalary Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygambere Samariýa we Iýerusalim barada Rebbiň sözi aýan boldy.Samariýa bilen Iýerusalim höküm edilýär
2Ähliňiz eşidiň, eý, halklar!Gulak goýuň, eý, zemin we onuň ýaşaýjylary!
Hökmürowan Reb mukaddes mesgeninden
size garşy güwälik eder.
3Ine, Reb Öz mekanyndan çykyp,
ýer ýüzüne inip, baýyrlarda ýörär.
4Daglar Onuň aýak astynda erär,
dereler böwsülip,
otda ereýän mum ýaly,
kertden inýän suw deýin bolar.
5Bularyň bary Ýakubyň nesilleriniň ýazygy,
Ysraýyl halkynyň günäleri üçindir.
Ýakubyň nesilleriniň ýazygyna kim sebäpkär?
Samariýa dälmi?
Ýahudanyň butlara seždegähi nirede?
Iýerusalimde dälmi?
6«Şonuň üçin Men Samariýany harabaçylyga,
üzümçilik ýerine öwrerin.
Daşlaryny derä döküp,
düýplerini açyk goýaryn» diýýär Reb.
7«Ähli butlary bölek-bölek ediler,
haram gazançlarynyň bary oda ýakylar,
butlarynyň baryny ýok ederin,
çünki bulary loly gazanjy bilen toplady.
Olar ýene-de loly gazanjyna öwrüler» diýýär Reb.
Mikanyň agysy
8Munuň üçin men aglap, dady-perýat ederin.Eşiksiz we aýakýalaňaç gezerin.
Şagallar kimin uwlaryn.
Düýeguşlar kimin gözýaş dökerin.
9 Samariýanyň ýarasyna em ýok.
Ol Ýahuda gelip ýetdi.
Halkymyň derwezesine,
Iýerusalime baryp ýetdi.
10Muny Gatda aýtmaň ▼
▼Gatda aýtmaň – ýewreýçe Gat we aýt sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir.
,ahy-nalaňyzy bes ediň;
Beýtlegaparda ▼
▼Beýtlegapar – bu söz gum öýi diýmegi aňladýar.
gamgynlykdan guma togalanyň.
11Eý, Şapyr ▼
▼Şapyr – bu söz ýakymly diýmegi aňladýar.
halky!Ýalaňaçlanyp, utanç içinde ötüň.
Sawanan halky çadyryndan çykmasyn ▼
▼Sawanan… çykmasyn – ýewreýçe Sawanan we çykmak sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir.
.Beýtesel halkynyň özi ýas tutýar,
ondan size ýardam bolmaz.
12Marotyň ▼
▼Ýewreýçe Marot we ajy sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir.
halky ýagşylyga sabyrsyzlyk bilen garaşýar,emma Reb Iýerusalimiň derwezesine bela inderdi.
13Eý, Lakyş halky, ýüwrük aty ▼
▼Lakyş halky, ýüwrük aty – ýewreýçe Lakyş we ýüwrük at diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir.
araba goş.Sen Sion gyzynyň ▼
▼Sion gyzy – bu Iýerusalim halky diýmekdir. Sözlüge seret.
günäsiniň gözbaşysyň,çünki Ysraýylyň ýazygy senden çykdy.
14Indi Moreşetgata hoşlaşyk sowgadyny berersiň.
Akzyp ▼
▼Akzyp – bu söz aldaw diýmegi aňladýar.
obasy Ysraýyl patyşalaryna duzak bolar.15Eý, Mareşa ilaty,
Reb galaňyza basybalyjy ▼
▼Mareşa… basybalyjy – ýewreýçe Mareşa we basybalyjy sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir.
gönderer.Ysraýylyň beýik ýolbaşçylary
Adullam galasynda gizlener.
16Söýgüli ogullaryňyza
ýas tutmak üçin saçyňyzy syryň.
Başyňyz çaýkeliňki kimin kel bolsun,
çünki çagalaryňyz sürgün ediler.
Copyright information for
TukLat16