Micah 3
Ýolbaşçylar we pygamberler ýazgarylýarlar
1Men-Mika diýdim:«Gulak goý, eý, Ýakup nesliniň baştutanlary,
Ysraýyl halkynyň hökümdarlary!
Adalaty bilmeli siz dälmi näme?
2Siz ýagşylygy ýigrenip,
ýamanlygy söýýärsiňiz,
halkymyň hamyny soýup,
süýeginden etini sypyrýarsyňyz.
3Halkymyň hamyny soýup,
etini iýýärsiňiz,
süýeklerini döwüm-döwüm edip,
gazana, taba atyljak
et kimin dograýarsyňyz».
4Soňra olar Rebbe dady-perýat ederler.
Emma Reb olara jogap bermez.
Ol ýüzüni olardan gizlär,
çünki olar pis işleri etdiler.
5Halkymy azaşdyryp,
özlerini doýurýanlara asudalyk diläp,
doýurmaýanlara-da uruş yglan edýän
pygamberler hakynda Reb şeýle diýýär:
6«Munuň üçin gijäňiz görnüşsiz bolar,
sizi tümlük gaplar, palçylyk edip bilmersiňiz.
Pygamberleriň üstünden gün ýaşar,
gündiz gijä öwrüler.
7Görgürler masgara ediler,
palçylar utanja galar.
Hudaýdan jogap bolmany üçin,
olar uýatdan ýüzlerini örterler».
8Men bolsa Ýakuba ýazygyny,
Ysraýyla günäsini jar etmäge,
Rebbiň Ruhy bilen güýçden,
adalatdan, gudratdan doludyryn.
9Muňa gulak asyň,
eý, adalaty ýigrenip, hakykaty ýoýýan
Ýakup nesliniň baştutanlary!
Ysraýyl halkynyň ýolbaşçylary!
10 Siony gan bilen,
Iýerusalimi adalatsyzlyk bilen bina edýänler!
11Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar,
ruhanylary tölegli sapak berýärler,
pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler.
Şonda-da olar Rebbe daýanyp:
«Reb biziň bilendir!
Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.
12Şonuň üçin hem siz sebäpli
Sion ekin meýdany kimin sürler.
Iýerusalim harabaçylyga öwrülip,
dag depesindäki ybadathanany
jeňňellik basar.
Copyright information for
TukLat16