‏ Micah 7

Mika pygamberiň ahy-nalasy

1Dat günüme meniň!
Çünki men tomus miwesiniň,
üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin;
ýekeje salkym ýok iýer ýaly;
injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm!
2Ýer ýüzünde wepadar galmady,
ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok.
Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary,
dogan dogana duzak gurýar.
3Pis işe türgendir elleri,
hökümdarlar, kazylar para soraýarlar,
güýçlüler arzuwyna zor bilen amal edýärler.
Adalaty ýoýýarlar şeýdip.
4Iň gowusy tiken kimindir,
iň dogruçyly tikenli germewden beterdir.
Gözegçileriniň duýduryşy deý,
olaryň jeza güni gelip ýetdi.
Indi howsala düşýär olar.
5Dostuňa ynanma,
gardaşyňa bil baglama,
gujagyňda ýatýan aýalyňyň ýanynda
agzyňa bek bol.
6Çünki ogly atasyny äsgermeýär,
gyz enesine garşy gidýär,
gelin gaýynenesiniň ýüzüni alýar,
öz içeriňiz size duşmandyr.
7Emma men gözlerimi Rebbe dikerin,
Halasgär Hudaýyma bil baglaryn.
Maňa gulak asar Hudaýym.

Ýykylsam-da, galaryn

8Eý, duşmanym, heşelle kakma halyma,
ýykylsam-da, galaryn.
Garaňkylykda otursam-da,
Reb maňa nur bolar.
9Meniň tarapymy çalyp,
höküm edip, tä alyp berýänçä hakym,
çekmelidirin Onuň gahar-gazabyn.
Çünki men Rebbe garşy günä etdim.
Ol meni ýagtylyga çykarar,
men Onuň hakykatyny görerin.
10«Hany, Hudaýyň Reb nirede?»
diýen duşmanym muny görer,
ol utanja galar.
Duşmanymyň ýykylyşyny
öz gözlerim bilen görerin.
Köçeleriň palçygy dek,
aýak astynda basgylanar ol.
11Eý, Iýerusalim,
diwarlaryň guruljak güni geler!
Şol gün uzaklara gider serhet.
12Şol gün Aşurdan Müsüre,
Müsürden Ýewfrat derýasyna,
deňizden deňze, dagdan daga çenli
uzaklardan gelerler size.
13Emma ilatlaryň etmişleri sebäpli,
weýran bolar ýer ýüzi.
14Ýa Reb, Öz mirasyň bolan bu sürä,
Öz halkyňa hasaň bilen çopançylyk et!
Olar tokaýlarda,
gök ýaýlalarda ýeke ýaşaýarlar;
gadymkylar deý
Başanda, Gilgatda otlat olary.
15Bize ajaýyp zatlar görkez
Müsürden çykaran döwrüňdäki deý.
16 Milletler muny görüp,
öz kuwwatlaryndan utanarlar.
Ellerini agyzlaryna tutarlar,
gulaklaryny dykarlar.
17Ýylanlar we süýrenijiler ýaly gum ýalarlar.
Galalaryndan titreşip çykarlar.
Gorky içinde Hudaýymyz Rebbe tarap öwrülip,
Senden heder ederler.
18Öz mirasyndan aman galanlaryň
ýazygyny bagyşlap,
günäsini geçýän başga Hudaý barmyka?
Gazabyny ebedi saklamaýar Ol,
çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.
19Rehimi iner Onuň bize ýene-de.
Etmişlerimizi aýak astyna atar.
Ähli günälerimizi
deňziň düýbüne taşlarsyň.
20Owaldan bäri ata-babalarymyza söz berşiň ýaly,
Ýakuba we Ybraýyma wepalylygyňy görkezersiň.
Copyright information for TukLat16