‏ Nahum 1

1Ninewe şäheri hakyndaky pygamberlik; elkoşly Nahum özüne gelen aýanlygy ýazyp aldy.

Rebbiň Ninewä garşy gahar-gazaby

2 Reb gabanjaň we öç alýan Hudaýdyr,
Ol ar alýandyr we gazapdan doludyr,
duşmanlaryndan öç alýandyr,
ýagylaryna garşy gazaplanýandyr.
3Reb giň göwünli we gudratlydyr,
Ol ýazyklyny jezasyz goýmaz.
Rebbiň ýoly tupanly we gaýlydyr,
bulutlar Onuň aýak tozudyr.
4Ol buýrugy bilen deňizleri guradýar,
bütin derýalary takyradýar,
Başan we Karmel daglary solýar,
Liwanyň gülleri solýar.
5Rebbiň öňünde daglar titreýär,
baýyrlyklar ereýär,
ýer sarsýar,
dünýä ilaty bilen lerzana gelýär.

6Kim Onuň gaharyna garşy durup bilýär?
Kim Onuň lowlaýan gazabyna çydam edýär?
Rebbiň gazaby ot deýin inýär,
öňünde gaýalar kül-peýekun bolýar.
7Reb ýagşydyr,
betbagtlyk gününde halkyna penadyr;
Ol Öz penasyndakylary goraýandyr.
8Emma Ol Ninewäni
daşgyn sil bilen ýok eder,
duşmanlaryny garaňkylyga kowalar.
9Rebbiň garşysyna näme dildüwşük gurasalar-da,
Ol hemmesini ýok eder,
muşakgat ikilenç inmez.
10Duşmanlar tikenler deý biri-birlerine çyrmaşyp,
arakhorlar kimin serhoşdyrlar;
gury saman deýin ýakylyp taşlanarlar.
11Rebbe garşy ýamanlyk guraýan,
pisligi maslahat berýän
sizden çykdy, eý, nineweliler!

Ýahuda üçin hoş habar

12Reb halkyna şeýle diýýär:
«Aşurlar köp we güýçli bolsalar-da,
gyrlyp, ýok bolup giderler.
Eý, Ýahuda, size ejir çekdirenem bolsam,
mundan artyk ejir çekdirmerin.
13Sizi Aşuryň boýuntyrygyndan azat ederin,
gandallaryňyzy kesip taşlaryn».

14Reb siz barada şeýle buýruk berýär:
«Adyňyzy dowam etdirer ýaly,
sizden zürýat önmez.
Hudaýlaryňyzyň buthanasyndaky oýma,
guýma butlary ýok ederin.
Siziň gabryňyzy taýynlaryn,
çünki siz ýigrenjisiňiz».

15Ine, size hoş habar getirýän,
parahatçylygy jar edýän çapar
daglardan aşyp gelýär.
Eý, ýahuda halky, baýramlaryňy belle,
beren wadalaryňy berjaý et.
Indi pis millet üstüňize hüjüm etmez,
çünki olar bütinleý ýok edilerler.
Copyright information for TukLat16