Nahum 3
1Ganhor şäheriň dat gününe!Kezzaplykdan, oljalardan dolusyň,
tükenmezdir seniň talaňçylygyň!
2Gamçy sesi,
araba tigirleriniň takyrdysy,
çapýan atlaryňdyr söweş arabalarynyň tapyrdysy!
3Atly goşun hüjüm edýär,
gylyç ýalpyldap, naýza bark urýar.
Üýşmek-üýşmek jesetler,
san-sajaksyz läşler,
maslyklara büdreýärler!
4Bularyň bary zynahorlyk edendigiň üçin,
jadygöýligiň bilen halklary heläkçilige eltendigiň üçin,
jadylyk bilen milletleri gul edendigiň üçin,
gözbagçylyk bilen halklary özüňe çekendigiň üçin boldy.
5Hökmürowan Reb:
«Men seniň duşmanyňdyryn, eý, Ninewe halky!» diýýär.
«Eşigiňi sypyryp,
milletlere ýalaňaçlygyňy görkezerin,
patyşalyklara aýbyňy açaryn.
6Üstüňe nejislik ýagdyryp,
ile ryswa ederin,
tomaşa öwrerin.
7Seni görenleriň bary gaçyp, şeýle diýerler:
„Ninewe haraba öwrüldi,
Kim onuň ýasyny tutar?“
Saňa teselli berjekleri nireden tapaýyn?»
8Töweregi suw bilen gurşalan,
Niliň kenaryndaky deňiz galaly,
suw berkitmeli No-Amondan niräň artyk?
9Efiopiýa bilen Müsür onuň çäksiz güýjüdi,
Put we Liwiýa onuň kömekçileridi.
10Emma şonda-da No-Amon halky tutulyp sürgün edildi,
çagalary her köçäniň başynda daşa urlup öldürildi.
Onuň emeldarlary üçin bije atyldy,
beýik adamlar zynjyrlandy.
11Sen hem, eý, Ninewe, serhoş bolup,
huşuňdan gidip ýykylarsyň,
duşmanlardan özüňe pena agtararsyň.
12Ähli galalaryň injir agajynyň
ilki ýetişen miwesi kimindir;
silkelenende, iýýäniň agzyna düşýär.
13Esgerleriňe seret,
olar araňyzda heleý ýalydyrlar!
Ýurduňyň derwezeleri
duşmanlaryňa gujak açýar,
derwezäň kiltleri küle öwrüldi.
14Gabaw döwri üçin suw çek,
galalaryňy berkit,
laýy depeläp,
palçygy eýle,
kerpiç galybyny taýýynla!
15Şol ýerde ýanyp kül bolarsyň,
sen gylyçdan ölersiň,
seni çekirtgäniň ekini ýalmaýşy dek ýalmar.
Çekirtgelerçe köpel,
teneçirlerçe örňe!
16Söwdagärleriň sanyny köpeltdiň,
olar göklerdäki ýyldyzlardan-da köp,
emma olar çekirtge deý ülkäňi talap, uçup gidýärler.
17Goragçylaryň teneçirler,
baştutanlaryň çekirtge sürüleri ýaly,
olar Günüň sergin çagynda haýatlarda ornaşyp,
Gün dogan badyna gaýyp bolýarlar,
niredediklerini bilýän ýokdur.
18Eý, Aşur şasy,
baştutanlaryň gözleri ýumlandyr.
Tanymal adamlaryň uka gidendir,
halkyň daglara dagady,
olary bir ýere jemläre hiç kim ýok.
19Derdiňe derman bolmaz,
ýaralaryň gutulmaz,
seniň başyňa gelenini eşiden her kes
begenjinden el çarpar.
Çünki seniň dynuwsyz zulumyňdan
heý, gaçyp gutulan boldumy?
Copyright information for
TukLat16