‏ Nehemiah 11

Iýerusalimde ýaşaýan adamlar

1Halk baştutanlary Iýerusalimde ýaşadylar. Ilatyň galany bije atyşyp, mukaddes şäher bolan Iýerusalimde ýaşar ýaly, her on maşgaladan birini saýladylar. Galan dokuzysy bolsa beýleki galalarda galdylar. 2Halk Iýerusalimde ýaşamaga meýletin isleg bildirenleriň hemmesine ak pata berdi.

3 Iýerusalimde mesgen tutanlar welaýat baştutanlarydy. Ýöne ruhanylar, lewiler, ybadathana hyzmatkärleri, Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesilleri we beýleki ysraýyl adamlarynyň hersi Ýahudanyň galalaryndaky öz galasynda, öz mülkünde mesgen tutdular. 4Ýahuda we benýamin tireleriniň käbirleri Iýerusalimde ýaşadylar. Ýahuda tirelerinden: Zakarýanyň agtygy, Uzyýanyň ogly Ataýa. Onuň ata-babalaryna Peresiň neslinden bolan Amarýa, Şepatýa, Mahalalel degişlidir. 5Kolhozeniň agtygy, Barugyň ogly Magaseýa. Onuň ata-babalaryna Hazaýa, Adaýa, Ýoýaryp we Zakarýa degişlidir. Bular Ýahudanyň ogly Şilonyň neslindendi. 6Iýerusalimde mesgen tutan Peresiň ähli nesilleri dört ýüz altmyş sekiz edermen urşujylardan ybaratdy.

7Benýamin tiresiniň adamlary: Ýogediň agtygy, Meşullamyň ogly Sallu. Onuň ata-babalaryna Pedaýa, Kolaýa, Magaşeýa, Itiýel we Ýeşagýa degişlidir. 8Sallunyň ýakyn garyndaşlary Gabaý hem Sallaý. Jemi dokuz ýüz ýigrimi sekiz benýaminli Iýerusalimde ýaşaýardy. 9Zikriniň ogly Ýowel olaryň ýolbaşçysydy. Hasenuwanyň ogly Ýahuda bolsa şäheriň üstünden baştutanlyk edýän ikinji adamdy.

10 Ruhanylardan: Ýoýarybyň ogly Ýedaýa we Ýakin. 11Meşullamyň agtygy, Hilkiýanyň ogly Seraýa. Onuň ata-babalaryna Sadok, Meraýot we Hudaýyň öýüniň baştutany bolan Ahytup degişlidir. 12Olaryň Hudaýyň öýüniň işini edýän garyndaşlarynyň jemi sekiz ýüz ýigrimi iki adamdy. Ata-babalary Emasy, Zakarýa, Paşhur we Malkyýa bolan Pelalýanyň agtygy, Ýerohamyň ogly Adaýa. 13Onuň doganlary, urugbaşylary iki ýüz kyrk ikidi. Azareliň ogly, Ahzaýyň agtygy Emaşsaý. Onuň ata-babalaryna Meşillemot we Immer degişlidir. 14Olaryň doganlary bir ýüz ýigrimi sekiz edermen urşujylardy. Olaryň ýolbaşçysy Hagedolymyň ogly Zabdyýeldi.

15 Lewilerden: Azrykamyň agtygy, Haşubyň ogly Şemagýa. Onuň ata-babalaryna Haşabýa we Buni degişlidir. 16Lewileriň baştutanlaryndan bolan, Hudaýyň öýüniň daşarky işlerine seredýän Şabetaý we Ýozabat. 17Dilegde şükür etmäge başlananda öňüni başlaýan, Asafyň neslinden bolan Zabdynyň agtygy, Mikanyň ogly Matanýa. Doganlarynyň arasynda onuň orunbasary Bakbukýa; Ýedutunyň neslinden Galalyň agtygy, Şammuwanyň ogly Abda bardy. 18Mukaddes şäherde ýaşaýan lewileriň jemi iki ýüz segsen dörtdi. 19Derwezebanlar Akup, Talmon we onuň derwezeleri saklaýan doganlary bir ýüz ýetmiş ikidi. 20Ysraýylyň, ruhanylaryň we lewileriň galanlary bolsa Ýahudanyň ähli galalarynda, öz mülklerindediler. 21Emma ybadathana hyzmatkärleri Ofelde ýaşaýardylar. Siha bilen Gişpa olara ýolbaşçylyk edýärdiler. 22Iýerusalimdäki lewileriň ýolbaşçysy Uzydy. Ol Haşabýanyň agtygy, Banynyň ogludyr. Onuň ata-babalaryna Hudaýyň öýünde gulluk edýän aýdymçylardan bolan Asafyň neslinden Matanýa we Mika degişlidir. 23Patyşa tarapyndan olara degişli ýörite perman bardy we aýdymçylaryň her güni üçin azyk harjy bellenipdi. 24Ýahuda nesliniň Zera urugyndan Meşezabeliň ogly Petahýa halka degişli her bir işde patyşanyň ýanynda wekilçilik edýärdi.

Beýleki galalardaky we obalardaky halk

25Halkyň köp bölegi obalarda, öz ekin meýdanlarynyň ýanynda ýaşadylar. Ýahuda halkynyň käbirleri Kirýatarbada, Dibonda, Ýekabseýelde we olaryň töweregindäki obalarda ýaşadylar. 26Olar şeýle hem Ýeşuwada, Moladada, Beýtpeletde, 27Hasarşugalda, Beýerşebada we onuň obalarynda mesgen tutdular. 28Olar Ziklag galasynda, Mekonada we onuň golaýyndaky obalarda ýaşaýardylar. 29Eýnrimmonda, Sorgada, Ýarmutda, 30Zanowada, Adullamda we bu galalaryň ýanyndaky obalarda ýaşaýardylar. Olar Lakyşda, onuň golaýyndaky meýdanlarda, Azekada we onuň obalarynda ýaşaýardylar. Olar Beýerşebadan Hinnom deresine çenli aralykda mesgen tutdular. 31Benýamin ogullary, Gebada, Mikmaşda, Aýada, Beýtelde, golaýdaky obalarda, 32Anatotda, Nopda we Ananýada, 33Hasorda, Ramada we Gitaýymda, 34Hadytda, Sebogymda we Neballatda, 35Lotda, Onoda we Hünärmentler deresinde mesgen tutdular. 36Ýahudada ýaşaýan lewileriň käbir toparlary benýaminlere goşuldylar.
Copyright information for TukLat16