‏ Nehemiah 12

1Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl we Ýeşuwa bilen gelen ruhanylardyr lewiler:

Seraýa, Ýermeýa, Ezra,
2Amarýa, Malluk, Hatuş, 3Şekanýa, Rehum, Meremot, 4Ydo, Ginetoý, Abyýa, 5Miýamyn, Magadýa, Bilga, 6Şemagýa, Ýoýaryp, Ýedaýa, 7Sallu, Amok, Hilkiýa, Ýedaýa. Ýeşuwanyň döwründe bular öz doganlarynyň we ruhanylaryň baştutanlarydylar.

8 Lewiler: Ýeşuwa, Binnuý, Kadmyýel, Şerebýa, Ýahuda we Matanýa öz doganlary bilen şükür edilende ýolbaşçylyk edýärdiler. 9Olaryň doganlary Bakbukýa bilen Unny hem ybadat edilende olaryň garşysynda durardylar. 10Ýeşuwa Ýoýakymyň atasydyr. Ýoýakym Elýaşybyň atasydyr. Elýaşyp Ýoýadanyň atasydyr. 11Ýoýada Ýonatanyň atasydyr. Ýonatan Ýaduwanyň atasydyr.

12Ýoýakymyň baş ruhany bolan döwründe şu ruhanylar urugbaşylar bolupdylar: Seraýa urugyndan Meraýa, Ýermeýa urugyndan Hananýa, 13Ezra urugyndan Meşullam, Amarýa urugyndan Ýehohanan, 14Meliku urugyndan Ýonatan, Şebanýa urugyndan Ýusup, 15Harym urugyndan Adna, Meraýot urugyndan Helkaý, 16Ydo urugyndan Zakarýa, Gineton urugyndan Meşullam, 17Abyýa urugyndan Zikri, Minýamyn urugyndan we Mogadýa urugyndan Piltaý, 18Bilga urugyndan Şammuwa, Şemagýa urugyndan Ýonatan, 19Ýoýaryp urugyndan Matenaý, Ýedaýa urugyndan Uzy, 20Sallaý urugyndan Kallaý, Amok urugyndan Eber, 21Hilkiýa urugyndan Haşabýa, Ýedaýa urugyndan Netanel.

Ruhany we lewi uruglarynyň ýazgysy

22Bu ýazga Elýaşybyň, Ýoýadanyň, Ýohananyň we Ýaduwanyň döwründe lewi urugbaşylary girizildi. Şeýle hem Darýuş parsyň döwrüne çenli bolan ruhanylar ýazyldy. 23Lewileriň urugbaşylary taryh ýazgylaryna Elýaşybyň ogly Ýohananyň döwrüne çenli ýazylgydylar. 24Lewiler baştutanlary Haşabýa, Şerebýa we Kadmyýeliň ogly Ýeşuwa bir tarapda, doganlary-da beýleki tarapda durup, Hudaýyň guly Dawudyň tabşyryşy ýaly, gezek-gezegine alkyş okap, şükür edýärdiler. 25Matanýa, Bakbukýa, Abadýa, Meşullam, Talmon we Akup ybadathana derwezeleriniň ýanyndaky ammarlary goraýan derwezebanlardy. 26Bu adamlar Ýosadagyň agtygy Ýeşuwanyň ogly Ýoýakymyň hem-de häkim Nehemýanyň, şeýle-de ruhany, mürze Ezranyň döwründe ýaşadylar.

Iýerusalimiň diwary Hudaýa bagyş edilýär

27 Iýerusalim diwary Hudaýa bagyş edilende, lewileri Iýerusalime getirjek bolup, ähli ýerlerden gözlediler. Lewiler şatlyk, şükürlerdir we aýdymlar bilen kimwallar, arfalar we liralar bilen Iýerusalim diwarynyň bagyş ediliş dabarasyny bellemek üçin gerekdi. 28 29Aýdymçylar Iýerusalimiň töweregindäki ýerlerden, netofalylaryň obalaryndan, şeýle hem Beýtgilgaldan, Geba we Azmawet etraplaryndan ýygnandylar. Çünki aýdymçylar Iýerusalimiň töwereginde özlerine obalar gurupdylar. 30Ruhanylar we lewiler özlerini tämizlänlerinden soň, halky, derwezeleri we diwary-da tämizlediler.

31Soňra men Ýahuda baştutanlaryny diwara çykardym. Dabaraly ýöriş edip, şükür edýän iki uly topary belledim. Olaryň biri diwaryň üsti bilen saga, Dökün derwezesine tarap gitdi. 32Olaryň yzyndan Hoşagýa we Ýahuda baştutanlarynyň ýarysy, 33Azarýa, Ezra, Meşullam, 34Ýahuda, Benýamin, Şemagýa we Ýermeýa gitdi. 35Şeýle hem elleri surnaýly käbir ruhany ogullary: Şemagýanyň agtygy, Ýonatanyň ogly Zakarýa. Onuň ata-babalaryna Asafyň urugyndan Matanýa, Mikaýa we Zakur degişlidir. 36Onuň garyndaşlary: Şemagýa, Azarel, Milalaý, Gilalaý, Magaý, Netanel, Ýahuda we Hanany dagy ýörediler. Olaryň ellerinde Hudaýyň adamy Dawudyň saz gurallary bardy. Mürze Ezra hem olaryň öňünden gitdi. 37Bulak derwezesiniň ýanynda öňlerindäki Dawut şäherine eltýän basgançaklardan diwaryň uçudyna çykdylar. Dawudyň köşgüniň üstünden gündogara tarap ýöräp, Suw derwezesine geldiler. 38Şükür edýänleriň beýleki topary diwaryň üsti bilen ýöräp, çep tarapa gitdiler. Menem halkyň ýarysy bilen bularyň yzyndadym. Biz Tamdyr diňiniň üsti bilen geçip, Giň diwara çenli ýöredik. 39Efraýym derwezesiniň üstünden Köne derwezesine, Balyk derwezesine, Hananel diňine, Ýüzler diňine we Goýun derwezesine çenli gidip, Garawul derwezesine ýetip durduk. 40Şükür edýänleriň iki topary Hudaýyň öýünde durdy. Men hem ýanymdaky baştutanlaryň ýarysy bilen durdum. 41 42Meniň toparymda surnaý çalýan şu ruhanylar bardy: Elýakym, Magaseýa, Minýamyn, Mikaýa, Elýogeýnaý, Zakarýa, Hananýa; aýdymçylar: Magaseýa, Şemagýa, Elgazar, Uzy, Ýehohanan, Malkyýa, Eýlam we Ezer bardy. Aýdymçylar öz ýolbaşçylary Ýizrahýa bilen aýdym aýtdylar. 43Şol gün olar köp gurbanlyklar berip şatlandylar. Çünki Hudaý olara uly şatlyk eçilipdi. Aýallardyr çagalar-da şatlanyşyp, Iýerusalimiň şowhuny alyslardan eşidildi.

Ybadathana jogapkärçilikleri

44Şol gün ybadathana üçin berilýän gatançlaryň, ilkinji miweleriň we ondan birleriň saklanýan ammarlaryna gözegçiler goýuldy. Olar ruhanylar we lewiler üçin kanun tarapyndan galalaryň meýdanlaryna görä kesgitlenen paýlary ýygnamalydylar. Çünki ýahudalar ruhanylaryň we lewileriň hyzmatyndan hoşaldylar. 45Olar aýdymçylar bilen derwezebanlaryň, Dawudyň we ogly Süleýmanyň tabşyrygyny berjaý edişleri ýaly, öz Hudaýynyň hyzmatyny edip, tämizlik işine seretdiler. 46Çünki owaldan, Dawudyň we Asafyň günlerinde aýdymçylaryň ýolbaşçysy bardy. Hudaýa alkyş we şükür aýdymlary aýdylýardy. 47Zerubabylyň we Nehemýanyň döwründe bütin ysraýyl halky aýdymçylara we derwezebanlara gündelik paý berýärdi. Şeýle hem ysraýyllar lewilere degişli paýy aýry goýýardylar. Lewiler hem Harunyň nesillerine degişli paýy aýry goýýardylar.
Copyright information for TukLat16