‏ Nehemiah 3

Iýerusalimiň diwarlary täzeden gurulýar

1Onsoň baş ruhany Elýaşyp we onuň ruhany doganlary Goýun derwezesini täzeden gurup, onuň gapylaryny oturtdylar. Onsoň olar diwary Ýüzler diňine we Hananel diňine çenli gurup, ony hem Hudaýa bagyş etdiler. 2Elýaşyň gapdalynda Ýerihonyň halky gurýardy. Olaryň gapdalynda bolsa Imriniň ogly Zakur gurýardy. 3Hasenanyň ogullary Balyk derwezesini bina etdiler. Olar onuň pürslerini goýup, derwezäniň gapylaryny ýerine oturdyp, nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar. 4Olaryň gapdalyndaky diwar bölümini Hakosyň agtygy, Uryýanyň ogly Meremot dikeltdi. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini Meşezabeliň agtygy, Berekýanyň ogly Meşullam dikeltdi. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini bolsa Bagananyň ogly Sadok dikeltdi. 5Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini tekowalylar dikeltdiler. Ýöne olaryň begleri baştutanlary tarapyndan bellenen işi etmekden ýüz öwürdiler.

6Paseýanyň ogly Ýoýada bilen Besodýanyň ogly Meşullam Köne derwezäni dikeltdi. Olar pürsleri goýup, derwezäniň gapylaryny ýerine oturdyp, onuň nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar. 7Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini gibgonly Melatýa bilen meronotly Ýadon Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň hökümdarynyň golastyndaky Gibgonyň we Mispanyň ýaşaýjylary bilen bile dikeltdiler. 8Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini zergärlerden Harhaýanyň ogly Uzyýel dikeltdi. Onuň gapdalynda bolsa atyr ýasaýjylardan bolan Hananýa diwary dikeltdi. Olar Iýerusalimi tä Giň diwara çenli berkitdiler. 9Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini Iýerusalimiň etrabynyň ýarysynyň häkimi Huruň ogly Repaýa dikeltdi. 10Olaryň gapdalynda Harumapyň ogly Ýedaýa öz öýüniň garşysyndaky diwar bölegini dikeltdi. Onuň gapdalyndaky diwar bölegini Haşabneýanyň ogly Hatuş dikeltdi. 11Harymyň ogly Malkyýa bilen Pahatmowabyň ogly Haşup diwaryň başga bir bölegini we Tamdyrlar diňini dikeltdiler. 12Onuň gapdalyndaky diwar bölegini Iýerusalim etrabynyň galan ýarysynyň häkimi Halloheşiň ogly Şallum we onuň gyzlary dikeltdiler.

13Hanun we zanowalylar Dere derwezesini dikeldip, onuň gapylaryny oturdyp, nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar. Olar Dökün derwezesine çenli diwaryň müň tirsek aralygyny dikeltdiler. 14Beýthakerem etrabynyň häkimi Rekabyň ogly Malkyýa Dökün derwezesini dikeltdi. Ol derwezäni täzeden bina edip, onuň gapylaryny oturtdy we nurbatlaryny, kiltlerini dakdy.

15Mispa etrabynyň häkimi Kolhozeniň ogly Şallum Bulak derwezesini dikeltdi. Ol derwezäni täzeden bina edip, onuň üstüni basyrdy, gapylaryny ýerine oturdyp, onuň nurbatlaryny we kiltlerini dakdy. Şeýle hem ol patyşa bagynyň ýanyndaky Şela howzunyň diwaryny tä Dawut şäherinden aşak inýän basgançaklara barýança gurdy. 16Şallumdan soň Beýtsur etrabynyň ýarysynyň häkimi Azbugyň ogly Nehemýa Dawut gonamçylygynyň garşysyndan tä emeli howza we edermen urşujylaryň öýüne çenli bolan diwary dikeltdi.

17Onuň gapdalyndaky diwar bölegini lewiler dikeltdiler: Banynyň ogly Rehum onuň gapdalyndaky diwary dikeltdi; Kegila etrabynyň ýarysynyň häkimi Haşabýa öz etraby üçin bir diwar bölegini dikeltdi. 18Onuň gapdalynda olaryň garyndaşlary, Kegila etrabynyň ýarysynyň häkimi Henadadyň ogly Binnuý
Binnuý – käbir golýazmalarda Bawaý. Seret: Neh 3:24.
beýleki diwar bölegini dikeltdi.
19Binnuýyň gapdalynda diwaryň öwrülýän ýerinden gorhana uçudynyň gabadynda bolan diwaryň binýat diregini Mispanyň häkimi Ýeşuwanyň ogly Ezer dikeltdi. 20Ezerden soň diwaryň öwrülýän ýerinden, baş ruhany Elýaşybyň öýüniň gapysyna çenli diwary Zakaýyň ogly Baruk dikeltdi. 21Barukdan soň Elýaşybyň öýüniň gapysyndan tä öýüň gutarýan ýerine çenli aralykdaky diwary Hakosyň agtygy, Uryýanyň ogly Meremot dikeltdi.

22Meremotdan soň Iýerusalimiň töwerek-daşyndaky ýerlerden gelen ruhanylar diwaryň bir bölegini dikeltdiler. 23Olaryň gapdalynda Benýamin bilen Haşup öz öýleriniň gabadyndaky diwar bölegini dikeltdiler. Olaryň gapdalynda Ananýanyň agtygy, Magaseýanyň ogly Azarýa öz öýüniň ýanyndaky diwar bölegini dikeltdi. 24Onuň gapdalynda Henadadyň ogly Binnuý Azarýanyň öýünden diwaryň öwrümine – burça çenli bolan diwar bölegini dikeltdi. 25 26Uzaýyň ogly Palal diwar öwrüminiň garşysyny we garawulhana howlusynyň ýanyndaky ýokarky köşgüň diňini dikeltdi. Onuň gapdalynda Paroşyň ogly Pedaýa bilen Ofelde ýaşaýan ybadathana hyzmatkärleri gündogarda Suw derwezesiniň gabadyna we garawul diňine çenli aralykdaky diwar bölegini dikeltdiler. 27Onsoň tekowalylar beýik gorag diňiniň garşysyndaky Ofel diwaryna çenli bolan aralygy dikeltdiler. 28Ruhanylar At derwezesinden başlap, demirgazyga tarap hersi öz öýleriniň gabadyndaky diwary dikeltdiler. 29Olaryň gapdalynda Immeriň ogly Sadok öz öýüniň gabadyndaky diwar bölegini dikeltdi. Onuň gapdalynda Gündogar derwezesini saklaýan Şekanýanyň ogly Şemagýa bir diwar bölegini dikeltdi. 30Onuň gapdalyndaky diwar bölümini Şelemýanyň ogly Hananýa bilen Salapyň altynjy ogly Hanun dikeltdiler. Olaryň gapdalynda Berekýanyň ogly Meşullam öz öýüniň gabadyndaky diwar bölegini dikeltdi. 31Onuň gapdalyndaky diwar bölümini zergärlerden bolan Malkyýa Gözden geçiriş derwezesiniň garşysynda bolan ybadathana hyzmatkärleriniň hem-de täjirleriň öýüne çenli bolan aralygy we burçdaky ýokarky otaga çenli bolan aralygy dikeltdi. 32Burçda ýerleşen ýokarky otag bilen Goýun derwezesiniň aralygyndaky diwar bölegini zergärler bilen täjirler dikeltdiler.
Copyright information for TukLat16