‏ Nehemiah 7

1Ine, diwar örülip, gapylar ýerine oturdyldy, derwezebanlar, aýdymçylar, lewiler bellendi. 2Onsoň men doganym Hanany bilen galanyň serkerdesi Hananýany Iýerusalime häkim edip belledim. Çünki ol ynamdar adam bolup, köplere garanda, Hudaýdan has gaty gorkýardy. 3Men olara şeýle tabşyryk berdim: «Gün gyzýança, Iýerusalimiň derwezeleri açylmasyn. Gün ýaşan çagy, entek derwezebanlar nobatçylykdan gitmänkäler, gapylary gulplasynlar. Iýerusalimiň ilatyndan garawullar goýuň; olaryň käbiri öz goramaly ýerlerinde we beýlekileri bolsa öz öýleriniň öňünde bolsunlar».

Sürgünden gaýdyp gelenleriň sanawy

(Ezra 2:1-70)

4Şäher giň hem uludy, emma onuň içindäki ilat welin azdy, jaýlar salynmandy. 5Onsoň nesilleri boýunça hasaba almak üçin begleri, baştutanlary we halky üýşürmegi Hudaýym ýüregime saldy. Men ýesirlikden ilkinji dolanyp gelenleriň nesilleri bilen geçirilen ilat ýazuwyny gözläp tapdym. Onda şular ýazylandy: 6Babyl patyşasy Nebukadnesar tarapyndan ýesir alnyp, Babyla sürgün edilenleriň nesillerinden Iýerusalimdäki we Ýahudadaky öz galalaryna gaýdyp gelenleri, ine, şulardy: 7Zerubabyl, Ýeşuwa, Nehemýa, Azarýa, Ragamýa, Nahamany, Mordekaý, Bilşan, Misperet, Bigwaý, Nehum we Bagana dagy bilen geldiler.

Ysraýyl halkynyň erkek adamlarynyň sany:
8Paroşyň nesilleri: iki müň bir ýüz ýetmiş iki adam; 9Şepatýanyň nesilleri: üç ýüz ýetmiş iki adam; 10Aranyň nesilleri: alty ýüz elli iki adam; 11Ýeşuwanyň we Ýowabyň neslinden – Pahatmowabyň nesilleri: iki müň sekiz ýüz on sekiz adam; 12Eýlamyň nesilleri: bir müň iki ýüz elli dört adam; 13Zatunyň nesilleri: sekiz ýüz kyrk bäş adam; 14Zakaýyň nesilleri: ýedi ýüz altmyş adam; 15Binnuýyň nesilleri: alty ýüz kyrk sekiz adam; 16Bebaýyň nesilleri: alty ýüz ýigrimi sekiz adam; 17Azgadyň nesilleri: iki müň üç ýüz ýigrimi iki adam; 18Adonykamyň nesilleri: alty ýüz altmyş ýedi adam; 19Bigwaýyň nesilleri: iki müň altmyş ýedi adam; 20Adiniň nesilleri: alty ýüz altmyş bäş adam; 21Ateriň, ýagny Hizkiýanyň nesilleri: togsan sekiz adam; 22Haşumyň nesilleri: üç ýüz ýigrimi sekiz adam; 23Bezaýyň nesilleri: üç ýüz ýigrimi dört adam; 24Harybyň nesilleri: bir ýüz on iki adam; 25Gibgonyň nesilleri: togsan bäş adam; 26Beýtullahamyň we Netopanyň ýaşaýjylary: bir ýüz segsen sekiz adam; 27Anatodyň ýaşaýjylary: bir ýüz ýigrimi sekiz adam; 28Beýtazmawediň ýaşaýjylary: kyrk iki adam; 29Kirýatýegarymyň, Kepiranyň we Beýerodyň ýaşaýjylary: ýedi ýüz kyrk üç adam; 30Ramanyň we Gebanyň ýaşaýjylary: alty ýüz ýigrimi bir adam; 31Mikmaşyň ýaşaýjylary: bir ýüz ýigrimi iki adam; 32Beýteliň we Aýyň ýaşaýjylary: bir ýüz ýigrimi üç adam; 33Beýleki Nebonyň ýaşaýjylary: elli iki adam; 34Beýleki Eýlamyň nesilleri: bir müň iki ýüz elli dört adam; 35Harymyň nesilleri: üç ýüz ýigrimi adam; 36Ýerihonyň nesilleri: üç ýüz kyrk bäş adam; 37Loduň, Hadydyň we Ononyň nesilleri: ýedi ýüz ýigrimi bir adam; 38Senanyň nesilleri: üç müň dokuz ýüz otuz adam.

39 Ruhanylar: Ýeşuwanyň kowumyndan Ýedaýanyň nesilleri: jemi dokuz ýüz ýetmiş üç adam; 40Immeriň nesilleri: bir müň elli iki adam; 41Paşhuryň nesilleri: bir müň iki ýüz kyrk ýedi adam; 42Harymyň nesilleri: bir müň on ýedi adam; 43lewiler: Hodawýanyň nesilleri, ýagny Ýeşuwanyň we Kadmyýeliň nesilleri: ýetmiş dört adam; 44aýdymçylar: Asafyň nesilleri bir ýüz kyrk sekiz adam; 45derwezebanlar: Şallumyň, Ateriň, Talmonyň, Akubyň, Hatytanyň, Şobaýyň nesilleri: bir ýüz otuz sekiz adam; 46ybadathana hyzmatkärleri: Sihanyň, Hasupanyň, Tabagotyň, 47Keýrosyň, Siganyň, Padonyň, 48Lebananyň, Hagabanyň, Şalmaýyň, 49Hananyň, Gidolyň, Geharyň, 50Reýaýanyň, Resiniň, Nekodanyň, 51Gazamyň, Uzanyň, Paseýanyň, 52Besaýyň, Megunymyň, Nepusymyň, 53Bakbugyň, Hakupanyň, Harhuryň, 54Baslutyň, Mehidanyň, Harşanyň, 55Barkosyň, Siseranyň, Temanyň, 56Nesiýanyň, Hatypanyň nesilleri; 57Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesillerinden: Sotaýyň, Soperetiň, Peridanyň, 58Ýaglanyň, Darkonyň, Gidolyň, 59Şepatýanyň, Hatylyň, Pokeret Hasebaýymyň we Amonyň nesilleri. 60Ähli ybadathana hyzmatkärleriniň we Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesilleriniň jemi üç ýüz togsan iki adam boldy.

61Telmeladan, Telharşadan, Kerupdan
Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret.
, Adondan we Immerden çykanlar, ýöne öz uruglaryny, öz aslyny ýa-da özleriniň Ysraýyla degişlidiklerini subut edip bilmedikler şulardy:
62Delaýanyň, Tobyýanyň we Nekodanyň nesilleri: alty ýüz kyrk iki adam; 63şeýle hem ruhanylardan: Hobaýanyň nesilleri, Hakosyň nesilleri we gilgatly Barzyllaýyň gyzlaryndan aýal alyp, olaryň ady bilen atlandyrylan Barzyllaýyň nesilleri. 64Bular öz ýazgylaryny nesilleri boýunça hasaba alnanlaryň arasyndan gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçinem olar galp ruhanylar hökmünde ruhanylykdan çykaryldylar. 65Häkim olara Urymy we Tummymy
Urym we Tummym – Hudaýyň islegini bilmek üçin ruhanylar tarapyndan ulanylýan iki sany daş. Sözlüge seret.
ulanyp bilýän ruhany tapylýança, iň mukaddes nahardan iýmezligi tabşyrdy.
66 67Ýedi müň üç ýüz otuz ýedi aýaldyr erkek hyzmatkärleri hem-de iki ýüz kyrk bäş erkek we aýal aýdymçylary hasap etmäniňde, ähli halkyň sany kyrk iki müň üç ýüz altmyşdy. 68 69Olaryň dört ýüz otuz bäş düýesi we alty müň ýedi ýüz ýigrimi sany-da eşegi bardy. 70Käbir urugbaşylar iş üçin peşgeşler berdiler. Häkim hazyna ýigrimi gadak
Ýigrimi gadak – ýewreýçe bir müň darik. Bu takm. 8,5 kg deňdir.
töweregi altyn, elli legen, bäş ýüz otuz laý ruhany eşigini berdi.
71Käbir urugbaşylar bolsa gurluşyk gaznasyna sekiz ýarym batman
Sekiz ýarym batman – ýewreýçe ýigrimi müň darik. Bu takm. 170 kg deňdir.
töweregi altyn, altmyş bäş batman
Altmyş bäş batman – ýewreýçe iki müň iki ýüz mina. Bu takm. 1300 kg deňdir.
kümüş berdiler.
72Halkyň galan böleginiň beren zatlary, sekiz ýarym batman töweregi altyn, elli sekiz batman
Elli sekiz batman – ýewreýçe iki müň mina. Bu takm. 1200 kg deňdir.
kümüş we altmyş ýedi laý ruhany eşiginden ybarat boldy.

73 Ruhanylar, lewiler, halkyň käbiri, ybadathana derwezebanlary, aýdymçylary, hyzmatkärleri we bütin ysraýyl halky öz galalarynda ornaşdylar.

Ýedinji aý gelende, ysraýyllaryň hemmesi öz galalaryndadylar.
Copyright information for TukLat16