‏ Numbers 1

Musa ysraýyllary hasaba alýar

1 Reb Sinaý çölünde ysraýyl halkynyň Müsürden çykanynyň ikinji ýylynyň ikinji aýynyň birinji güni Özüne ýüz tutulýan çadyryň içinde Musa şeýle diýdi: 2«Uruglaryna we kowumlaryna görä bütin ysraýyl halkynyň her bir erkegini ýekeme-ýeke hasaba al. 3Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan ysraýyl goşunynda söweşe ukyply hemme adamy Harun ikiňiz topar-topar edip, ýazyp hasaba almalysyňyz. 4Ýanyňyzda her tireden bir adam, ýagny öz urugynyň baştutany bolsun. 5Size kömek etmeli adamlar şulardyr: Ruben tiresinden Şedeýuryň ogly Elisur;
6şimgon tiresinden Suryşadaýyň ogly Şelumyýel;
7 ýahuda tiresinden Eminadabyň ogly Nahşon;
8ysakar tiresinden Sugaryň ogly Netanel;
9zebulun tiresinden Helonyň ogly Eliýap.
10 Ýusubyň ogullaryndan:
efraýym tiresinden Emihudyň ogly Elişama;
manaşa tiresinden Pedahsuryň ogly Gamlyýel.
11Benýamin tiresinden Gidgonynyň ogly Abydan;
12dan tiresinden Emişadaýyň ogly Ahygezer;
13aşer tiresinden Okranyň ogly Pagyýel;
14gat tiresinden Deguwalyň ogly Elýasap;
15naftaly tiresinden Eýnanyň ogly Ahura».

16Bular öz kowumlary we tireleri üçin ysraýyl halkynyň içinden bellenen baştutanlardy.

17 Musa bilen Harun bu atlary bellenen adamlary ýanlaryna alyp, 18 19ikinji aýyň birinji güni halky ýygnadylar. Rebbiň Musa buýruşy ýaly edip, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlar öz uruglaryna we kowumlaryna görä atlaryny ýekeme-ýeke mälim etdiler. Şeýdip, Musa Sinaý çölünde olaryň sanyny ýazyp aldy. 20Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 21Ruben tiresinden hasaba alnanlar kyrk alty müň bäş ýüz adam boldy.

22Şimgonyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýigrimi we ondan ýokary ýaşly, sanawda bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 23Şimgon tiresinden hasaba alnanlar elli dokuz müň üç ýüz adam boldy.

24Gatyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 25Gat tiresinden hasaba alnanlar kyrk bäş müň alty ýüz elli adam boldy.

26Ýahudanyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 27Ýahuda tiresinden hasaba alnanlar ýetmiş dört müň alty ýüz adam boldy.

28Ysakaryň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 29Ysakar tiresinden hasaba alnanlar elli dört müň dört ýüz adam boldy.

30Zebulunyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 31Zebulun tiresinden hasaba alnanlar elli ýedi müň dört ýüz adam boldy.

32 Ýusubyň, ýagny Efraýymyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 33Efraýym tiresinden hasaba alnanlar kyrk müň bäş ýüz adam boldy.

34Manaşanyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 35Manaşa tiresinden hasaba alnanlar otuz iki müň iki ýüz adam boldy.

36Benýaminiň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä, ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 37Benýamin tiresinden hasaba alnanlar otuz bäş müň dört ýüz adam boldy.

38Danyň nesillerinden, söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 39Dan tiresinden hasaba alnanlar altmyş iki müň ýedi ýüz adam boldy.

40Aşeriň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 41Aşer tiresinden hasaba alnanlar kyrk bir müň bäş ýüz adam boldy.

42Naftalynyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 43Naftaly tiresinden hasaba alnanlar elli üç müň dört ýüz adam boldy. 44Her biri öz tiresine wekilçilik edýän Ysraýylyň on iki baştutanynyň kömegi bilen Musanyň we Harunyň tarapyndan hasaba alnanlar şulardy. 45Ysraýyl goşunynda söweşe ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolanlaryň ählisi öz kowumlaryna görä hasaba alyndy. 46Olaryň jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli adam boldy.

47Emma lewiler öz tirelerine görä hasaba alynmadylar. 48Reb Musa şeýle diýipdi: 49«Diňe lewi tiresiniň adamlaryny hasaba alma, olary ysraýyl halky bilen bile sanama. 50Oňa derek olary mukaddes äht çadyryna, onuň ähli esbaplaryna we oňa degişli zatlaryň hemmesine jogapkär edip goý. Mukaddes çadyry we onuň ähli esbaplaryny olar götersinler we oňa gözegçilik etsinler, öz çadyrlaryny onuň töwereginde diksinler. 51Mukaddes çadyr göçürilmeli bolanda, ony lewiler ýygnasynlar. Mukaddes öý dikilmeli bolanda, ony lewiler diksinler. Lewilerden başga, kim oňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir. 52Ysraýyllaryň hersi bölünen tire toparyna görä, öz düşelgesinde öz tugy astynda düşlesinler. 53Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler». 54Ysraýyllar edil Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly etdiler.
Copyright information for TukLat16