‏ Numbers 11

Halkyň şikaýatlary

1Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi. 2Halk Musa perýat etdi, Musa-da Rebbe ýalbaryp dileg etdi. Ot söndi. 3Şonuň üçin hem ol ýere Tabgera
Ýewreýçe Tabgera we ýanýan ýer diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir.
diýip at goýdular. Çünki Rebbiň iberen ody olaryň garşysyna tutaşypdy.

4 Ysraýyllaryň arasyndaky gelmişeklerden ýygnananlaryň açgözlügi artdy. Hatda ysraýyllar hem sojaşyp, şeýle eňreýärdiler: «Wah, indi et iýmäge-de zar bolduk. 5Müsürde mugtja iýýän balyklarymyz, hyýarlarymyz, gawunlarymyz, soganlarymyz, düýp soganlarymyz, sarymsaklarymyz ýat boldy-la. 6Mannadan başga görýän zadymyz bolmansoň, ysgyn-mydarymyz galmady».

7 Manna kinzanyň tohumyna meňzeş bolup, reňki-de sakyzyňky ýaly sarymtyl akdy. 8Halk çykyp, ony ýygnardy we degirmende üwärdi ýa-da sokuda döwerdi. Soňra gazanda gaýnadyp, ondan petir kökeler bişirerdiler. Onuň tagamy zeýtun ýagyna ýugrulyp bişirilen çelpegiň tagamy ýalydy. 9Düşelgäniň üstüne gije düşýän çyg bilen bile manna-da ýagardy.

10 Musa halkyň, her maşgalanyň öz çadyrynyň agzynda aglaýandyklaryny eşitdi. Rebbiň muňa juda gaharynyň gelendigi üçin, Musanyň jany ýanýardy. 11Onsoň Musa Rebbe şeýle diýdi: «Näme üçin Sen Öz guluňy beýle gynaýarsyň? Bütin halkyň ýüküni meniň boýnuma atar ýaly, näme sebäpden men Seniň nazaryňda merhemet gazanmadym? 12Bu giden halky garnymda göterip, men dogrupmydym näme? Sen maňa: „Olary süýtden aýrylmadyk çagany enekesiniň göterişi deý, gujagyňda göter“diýer ýaly, olaryň ata-babalaryna ant içip söz beren ýurduňa çenli meniň göterip barmagymy isleýärmiň? 13Bütin halka ýeter ýaly eti men nireden tapaýyn? Çünki olar meniň ýanyma gelip: „Bize iýmäge et ber“diýip, eňreşip durlar. 14Bütin halkyň garamatyny meniň bir özüm çekip bilmen, çünki bu meniň üçin juda agyr. 15Maňa beýle daraşandan, eger Seniň nazaryňda merhemet gazanan bolsam, gowusy, Sen meniň janymy al, men hem bu azaplardan dynaýyn».

Ýetmiş ýaşuly

16Reb Musa şeýle diýdi: «Halkyň arasynda olaryň baştutanlary we serkerdeleri hökmünde tanalýan ýetmiş ýaşulyny Meniň ýanyma ýygna. Olary Maňa ýüz tutulýan çadyra getir, goý, olar seniň ýanyňda dursunlar. 17Men aşak inip, ol ýerde seniň bilen gepleşerin. Saňa beren Ruhumdan alyp, olara-da bererin. Ana onsoň, halkyň garamatyny ýeke özüň çekmersiň, halkyň garamatyny olar seniň bilen deň çekişerler. 18Halka-da aýt, ertir üçin inlerini tämizläp, mukaddes etsinler, çünki ertir olar et iýerler. „Wah, indi et iýmäge-de zar bolduk. Müsürde ýaşaýşymyz, mundan has oňatdy“diýip nalaýanyňyzy Reb eşitdi. Şonuň üçin Reb size iýer ýaly et berjek. 19Bir gün ýa iki gün däl, bäş gün ýa on gün däl, ýa-da ýigrimi gün däl, 20eýsem, tutuş bir aýlap, tä aşa düşýänçäňiz, tä irýänçäňiz et iýersiňiz. Çünki siz araňyzda bolan Rebbi ret etdiňiz we Onuň huzurynda: „Näme üçin biz Müsürden çykdyk?“diýip agladyňyz». 21Emma Musa Rebbe şeýle diýdi: «Bu halk alty ýüz müň adamdan ybarat. Sen bolsa olary bir aýlap et bilen bakaryn diýýärsiň. 22Ähli dowarlary we mal-garalary öldüreniňde, olary doýrup bolarmy? Deňizdäki ähli balyklary tutanyňda, bular doýarmy?» 23Reb Musa: «Rebbiň güýjüniň çägi barmy näme? Meniň size aýdan sözlerim berjaý bolýarmy ýa ýok, ine, görersiň!» diýdi.

24 Musa çykyp, Rebbiň sözlerini halka ýetirdi. Halkyň arasyndan ýetmiş ýaşulyny ýygnap, olary çadyryň töwereginde duruzdy. 25Onsoň Reb buludyň içinde aşak inip, Musa bilen gepleşdi. Onuň üstündäki ruhdan alyp, ýetmiş ýaşulynyň üstüne goýdy. Ruh ýaşulularyň üstüne inen badyna, olar joşup pygamberlik edip başladylar, ýöne olar soňra gaýdyp beýle etmediler.

26Eldat we Meýdat atly iki adam düşelgede galypdy. Olar saýlanan ýetmiş ýaşulynyň arasyndadylar, emma çadyra gitmän galypdylar, ine, onsoň olar düşelgede joşup pygamberlik edip başladylar. 27Bir ýaş ýigit ylgap gelip, Musa: «Eldat bilen Meýdat düşelgede pygamberlik edýär» diýdi. 28Muňa Musanyň kömekçisi, onuň saýlan adamlarynyň biri bolan Nunuň ogly Ýeşuwa: «Agam, Musa, olara gadagan et!» diýdi. 29Emma Musa oňa: «Sen meniň üçin gabanjaňlyk edýärmiň? Käşgä Rebbiň bütin halky pygamber bolsady we Reb Öz Ruhuny olaryň baryna bersedi!» diýip jogap berdi. 30Soňra Musa bilen ysraýyl ýaşululary düşelgä dolandylar.

Bedeneler

31Reb bir ýel öwüsdirdi. Düşelgäniň çar tarapy ýeliň getiren bedeneleri bilen gurşaldy. Bedeneler bir günlük ýol aralygynda ýerden iki tirsek beýiklikde uçuşyp ýördüler
Düşelgäniň çar tarapy… ýördüler – ýa-da: Ýel deňizden bedeneleri getirip, düşelgäniň çar tarapyny, bir günlük ýol aralygyny iki tirsek boýy galyňlykda bedene bilen büräp taşlady.
.
32Halk şol güni gije-gündizläp we ertesi güni bedeneleri tutup ýygnady. Iň az ýygnan kişi on eşek ýüki bedene ýygnady. Soňra olary düşelgäniň töweregine serdiler. 33Emma halk entek etiň hemmesini iýip ýetişmänkä, Reb gazaplanyp, düşelgä elhenç gyrgynçylyk iberdi.

34Şeýlelikde, ol ýer Kibrothatawa
Kibrothatawa – bu söz açgözler üçin gazylan gabyrlar diýmegi aňladýar.
diýip atlandyryldy, sebäbi olar şol ýerde açgözlük edenleri jaýladylar.

35Onsoň ysraýyl halky Kibrothatawadan Haserota göçdi.
Copyright information for TukLat16