Numbers 12
Merýemiň we Harunyň göripligi
1Merýem bilen Harun Musanyň efiopiýaly aýala öýlenendigi üçin ýazgardylar. (Hakykatdanam Musanyň ikinji aýaly Efiopiýadandy.) 2Olar: «Reb diňe bir Musa bilen gepleşmän, biziň bilenem gepleşdi ahyryn» diýdiler. Reb olaryň bu diýenlerini eşitdi. 3Musa juda kiçigöwünli adamdy, beýle adam ýer ýüzünde başga ýokdy. 4Birdenkä Reb Musa, Haruna we Merýeme: «Üçiňizem Maňa ýüz tutulýan çadyra geliň» diýdi. Onsoň olaryň üçüsi-de ol ýere gitdiler. 5Reb bulut sütüni görnüşinde aşak indi we çadyryň girelgesinde durup, Harun bilen Merýemi çagyrdy. Olar öňe çykdylar. 6Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa,Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip,
Olar bilen düýşde gepleşýärin.
7Ýöne gulum Musa bilen beýle däldir,
Ol tutuş halkymyň sadyk ýolbaşçysydyr.
8Men onuň bilen syrly däl-de, açyk, ýüzbe-ýüz gepleşýärin.
Hatda ol Men Rebbiň keşbini-de görýär.
Siz näme üçin gulum Musanyň ýüzüne gelmäge gorkmadyňyz?“» 9Olara garşy Rebbiň gahary geldi we Reb ol ýerden gitdi. 10Bulut çadyryň depesinden syrylanda, Merýem deri keseline uçrap, ak gar ýaly pis açdy. Harun Merýeme tarap seredip, onuň deri keseline uçrandygyny gördi. 11Onsoň Harun Musa: «Jenabym, akmaklyk edip gazanan günämiz üçin bizi jezalandyrma. 12Merýemiň bedeni ýarysy çüýrän halda eneden öli doglan çaganyňka meňzemesin» diýdi. 13Onsoň Musa Rebbe perýat edip: «Eý, Hudaýym, oňa şypa ber» diýip ýalbardy. 14Emma Reb Musa: «Eger atasy onuň ýüzüne tüýküren bolsady, ol ýedi günläp utançly halda bolmazmydy? Goý, ol ýedi günläp düşelgäniň daşynda bolsun. Ol soňra ýene düşelgä girip biler» diýip jogap berdi. 15Şeýdip, Merýem ýedi günläp düşelgäniň daşynda saklanyldy. Ol düşelgä girizilýänçä, halk ol ýerden göçmedi.
Copyright information for
TukLat16