Numbers 13
Musa Kengana içalylar iberýär
(Kanun taglymaty 1:19-33)
1Şondan soň halk Haserotdan göçüp gaýdyp, Paran çölünde düşelge gurdy. 2Reb Musa şeýle diýdi: 3«Meniň ysraýyllara berýän Kengan ýurdumy synlamak üçin, tireleriň hersinden bir serdary içaly edip, ol ýere iber». 4Musa Rebbiň buýrugy bilen Paran çölünden adamlary ugratdy. Olaryň hemmesi ysraýyl serdarlarydy. 5Olaryň atlary şulardyr: ruben tiresinden Zakuryň ogly Şammuwa; 6şimgon tiresinden Horynyň ogly Şapat; 7ýahuda tiresinden Ýepunnäniň ogly Kalep; 8ysakar tiresinden Ýusubyň ogly Ýygal; 9efraýym tiresinden Nunuň ogly Hoşeýa; 10benýamin tiresinden Rapuwyň ogly Palty; 11zebulun tiresinden Sodynyň ogly Gadyýel; 12ýusup tiresinden, ýagny manaşa tiresinden Susynyň ogly Gady; 13dan tiresinden Gemallynyň ogly Emiýel; 14aşer tiresinden Mikaýylyň ogly Setur; 15naftaly tiresinden Wopsynyň ogly Nahby; 16gat tiresinden Makynyň ogly Gewuwal. 17Ýurdy gözden geçirmek üçin, Musanyň iberen adamlary şulardyr. Musa Nunuň ogly Hoşeýa Ýeşuwa ▼▼Ýeşuwa – bu söz halasgär diýmegi aňladýar. Sözlükde «Halasgär» sözüne seret.
adyny berdi. 18 Musa olary Kengan ýurduny gözden geçirmek üçin ugradanda, şeýle diýdi: «Mundan göni Negebe gidip, daglyga çykyň. 19Ýurduň nähilidigini synlaň. Ol ýerde ýaşaýan halk güýçlümi ýa ejiz, köplükmi ýa azlyk? 20Olaryň ýaşaýan ýeri gowumy ýa-da erbet? Olar galalarda ýaşaýarmy ýa-da açyk meýdanda? 21Mes topraklymy ýa arryk, agaçlymy, agaçsyz? Batyrgaý hereket ediň we ol ýurduň miwelerinden getiriň». Ol wagtlar üzümleriň ýetişýän möwsümidi. 22Şeýdip, olar ýola düşdüler we Sin çölünden tä Lebohamadyň golaýyndaky Rehop galasyna çenli bolan ýerleri gözden geçirdiler. 23Olar Negebe çykdylar we Hebrona geldiler. Ol ýerde Ahyman, Şeşaý we Talmaý uruglary hem ýaşapdy. Olar Anagyň nesilleridi. (Hebron Müsürdäki Zogan galasyndan ýedi ýyl öň gurlupdy.) 24Olar Eşkol deresine baranlarynda ol ýerden bir salkym üzümi şahasy bilen bile kesip aldylar we ony iki adam bolup taýakdan asyp göterdiler. Olar az-owlak nar bilen injir hem aldylar. 25Ysraýyllaryň kesen üzüm salkymlaryndan soň, ol ýere Eşkol ▼▼Eşkol – bu söz üzüm salkymy diýmegi aňladýar.
deresi diýen at galdy. Içalylaryň getiren habary
26Olar ýurdy kyrk günläp synlansoňlar, yzlaryna gaýtdylar. 27Olar Paran çölündäki Kadeşe, Musa bilen Harunyň we bütin ysraýyl jemagatynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar tutuş jemagata görüp-eşidenlerini habar berip, ol ýerden getiren miwelerini görkezdiler. 28Olar Musa şeýle diýdiler: «Biz seniň iberen ýurduňa bardyk. Ol ýerde, hakykatdanam, süýt we bal akýar, ine, bular hem şol ýeriň miwelerinden. 29Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük. 30Negep ülkesinde amalekler, daglyk ýerlerde hetler, ýabuslar, amorlar, deňiz ýakasynda we Iordan derýasynyň boýunda bolsa kenganlar ýaşaýan ekenler». 31Emma Kalep Musanyň öňünde duran halkyň sesini kesip: «Derrew gideliň-de, ol ýurdy basyp alalyň, çünki olary ýeňmäge biziň hökman güýjümiz ýeter» diýdi. 32Onuň bilen giden adamlar bolsa: «Biz ol halkyň garşysyna çykyp bilmeris, çünki olar bizden has güýçli» diýdiler. 33Şeýlelikde, olar görüp gelen ýurdy hakynda ysraýyllara ýakymsyz zatlar aýdyp, şeýle diýdiler: «Biziň synlamak üçin içinden geçen ýurdumyz öz ilatyny özi iýip ýören ýurt eken. Ol ýerde ýaşaýan adamlaryň hemmesi gaty iri adamlar eken. 34Biz ol ýerde nefilleri ▼▼Nefilleri – haýbatly we güýçli adamlar. Sözlüge seret.
(anaklar nefilleriň nesilleridir) gördük. Olaryň ýanynda özümizi edil çekirtge ýaly duýduk. Olara-da biz çekirtge ýalyjak bolup göründik».
Copyright information for
TukLat16