Numbers 2
Tireleriň ýerleşiş we ýöriş tertibi
1 Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2«Ysraýyl tireleri düşlände, hersi öz düşelgesinde öz uruglarynyň tugy astynda çadyrlaryny diksinler. Olar çadyrlaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan uzagrakda diksinler. 3Ýahuda goşunlary mukaddes çadyryň gündogarynda öz tugy astynda düşelgesini gursun. Ýahudalaryň baştutany Eminadabyň ogly Nahşondyr. 4Onuň goşunynda hasaba alnanlar ýetmiş dört müň alty ýüz adamdyr. 5Onuň ýanynda ysakar tiresiniň düşelgesi bolsun. Ysakarlaryň baştutany Sugaryň ogly Netaneldir. 6Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli dört müň dört ýüz adamdyr. 7Onuň gapdalynda zebulun tiresi çadyryny diksin. Zebulunlaryň baştutany Helonyň ogly Eliýapdyr. 8Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli ýedi müň dört ýüz adamdyr. 9Ýahuda düşelgesindäki hasaba alnan goşunyň jemi bir ýüz segsen alty müň dört ýüz adam. Ýörişe ilkinji bolup şolar çyksynlar. 10Günorta gapdalynda, öz tugy astynda ruben goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Rubenleriň baştutany Şedeýuryň ogly Elisurdyr. 11Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk alty müň bäş ýüz adamdyr. 12Onuň ýanynda şimgon tiresiniň düşelgesi bolsun. Şimgonlaryň baştutany Suryşadaýyň ogly Şelumyýeldir. 13Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli dokuz müň üç ýüz adamdyr. 14Onuň gapdalynda gat tiresi çadyryny diksin. Gatlaryň baştutany Reguwalyň ogly Elýasapdyr. 15Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk bäş müň alty ýüz elli adamdyr. 16Ruben düşelgesindäki hasaba alnan goşunyň jemi bir ýüz elli bir müň dört ýüz elli adam. Olar ýörişe ikinji bolup çyksynlar. 17 Lewileriň düşelgesi Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen bilelikde beýleki düşelgeleriň ortasynda ýöremelidir. Edil düşleýişleri ýaly, her bir adam öz ornunda, öz tugy astynda ýörişe çyksyn. 18Günbatar gapdalynda öz tugy astynda efraýym goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Efraýymlaryň baştutany Emihudyň ogly Elişamadyr. 19Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk müň bäş ýüz adamdyr. 20Onuň ýanynda manaşa tiresiniň düşelgesi bolsun. Manaşalaryň baştutany Pedahsuryň ogly Gamalyýeldir. 21Onuň goşunynda hasaba alnanlar otuz iki müň iki ýüz adamdyr. 22Onuň gapdalynda benýamin tiresiniň düşelgesi bolsun. Benýaminleriň baştutany Gidgonynyň ogly Abydandyr. 23Onuň goşunynda hasaba alnanlar otuz bäş müň dört ýüz adamdyr. 24Efraýym düşelgesindäki goşunyň jemi bir ýüz sekiz müň bir ýüz adam. Olar ýörişe üçünji bolup çyksynlar. 25Demirgazyk gapdalynda, öz tugy astynda dan goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Danlaryň baştutany Emişadaýyň ogly Ahygezerdir. 26Onuň goşunynda hasaba alnanlar altmyş iki müň ýedi ýüz adamdyr. 27Onuň ýanynda aşer tiresiniň düşelgesi bolsun. Aşerleriň baştutany Okranyň ogly Pagyýeldir. 28Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk bir müň bäş ýüz adamdyr. 29Onuň gapdalynda naftaly tiresiniň düşelgesi bolsun. Naftalylaryň baştutany Eýnanyň ogly Ahuradyr. 30Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli üç müň dört ýüz adamdyr. 31Dan düşelgesindäki goşunyň jemi bir ýüz elli ýedi müň alty ýüz adam. Olar iň soňky bolup, hersi öz tugy astynda ýörişe çyksynlar». 32Ysraýyllaryň uruglaryna görä hasaba alnanlarynyň jemi şeýledi. Düşelgelerdäki hasaba alnan goşunyň jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli adam boldy. 33Rebbiň Musa buýruşy ýaly, lewiler beýleki ysraýyllaryň arasynda hasaba alynmady. 34Ysraýyllar edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly etdiler. Olaryň her biri öz tugy astynda ýerleşip, öz urugyna we kowumyna görä, aýdylan tertipde ýörişe çykdylar.
Copyright information for
TukLat16