‏ Numbers 20

Gaýadan çykan suw

1Bütin ysraýyl jemagaty birinji aýda Sin çölüne geldi. Halk Kadeşde düşledi. Ol ýerde Merýem aradan çykdy we jaýlandy. 2Olaryň düşlän ýerinde suw ýokdy, onsoň jemagat Musa bilen Harunyň garşysyna toplandy. 3Olar Musa bilen dawalaşyp, şeýle diýdiler: «Rebbiň huzurynda dogan-garyndaşlarymyz ölende, biz hem gyrlan bolsak gowy bolardy! 4Näme üçin siz Rebbiň halkyny bu çöl-beýewana alyp geldiňiz? Bizi we mal-garalarymyzy bu ýere gyrmak üçin getirdiňizmi? 5Näme üçin siz bizi bu ýowuz ýere Müsürden alyp gaýtdyňyz? Bu ýerde ne ekin, ne injir, ne üzüm, ne-de nar biter, munda hatda içmäge suwam ýok ahyryn!» 6Onsoň Musa bilen Harun jemagatyň öňünden gitdiler we Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine baryp, ýere ýüzin ýykyldylar. Rebbiň şöhraty bulara göründi. 7Reb Musa şeýle diýdi: 8«Hasany al we doganyň Harun bilen halky ýygna. Onsoň olaryň gözüniň alnynda gaýa: „Suw ber!“diýip buýruk ber. Şeýdip, halka gaýadan suw çykaryp berersiň we olaryň mallaryny suwa ýakarsyň». 9Musa Rebbiň buýruşy ýaly baryp, hasany aldy. 10Onsoň Musa Harun bilen bile halky gaýanyň öňüne ýygnap, olara: «Gulak goýuň, eý, pitneçiler! Biz indi siziň üçin şu gaýadan suw çykarmalymy?» diýdi. 11Soňra Musa elini ýokary galdyryp, hasasy bilen gaýany iki gezek urdy welin, gaýadan şaglap, suw akyp başlady. Bütin halk we olaryň mallary suwdan gandylar. 12Emma Reb Musa bilen Haruna: «Maňa doly ynanman, ysraýyllaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesligimi ykrar etmändigiňiz üçin, siz bu jemagaty olara beren ýurduma getirip bilmersiňiz» diýdi. 13Ysraýyl halky bu ýerde Reb bilen dawa edeni üçin, bu suwuň çykan ýerine Meriba
Meriba – bu söz dawa diýmegi aňladýar.
diýip at berildi. Ol ýerde Reb Öz mukaddesligini görkezdi.

Edomdan geçmäge rugsat berilmeýär

14 Musa Kadeşden Edomyň patyşasyna şu habar bilen ilçiler ýollady: «Doganlaryňyz ysraýyl halky şeýle diýýär: „Biziň başymyzdan inen ähli kynçylyklardan habaryňyz bardyr. 15Atalarymyz Müsüre gitdiler we ol ýerde uzak wagtlap ýaşadylar. Müsürliler bizi we atalarymyzy ezdiler. 16Biz Rebbe dady-perýat etdik. Ol biziň sesimizi eşitdi we Öz perişdesini iberip, bizi Müsürden çykardy. Ine, indi biz Kadeşde – siziň serhediňize golaý şäherçede durus. 17Bize ýurduňyzyň içinden geçip gitmäge rugsat ber. Biz ekinleriň ýa üzümçilikleriň içinden ýöremeris ýa-da guýularyňyzdan suw içmeris. Tä siziň ýurduňyzdan çykýançak, saga-sola sowulman, diňe şaýoldan ýöräris“». 18Emma edomlylar şeýle jogap berdiler: «Ýurdumyzyň içinden geçmersiňiz, eger geçjek bolup synanyşaýsaňyz gylyç alyp, garşyňyza çykarys». 19Ysraýyllar: «Biz şaýoldan çykman ýöräris, eger biz we biziň mallarymyz siziň suwuňyzdan içäýsek, biz onuň üçin töleg töläris. Bize diňe pyýada geçip gitmäge rugsat berseňiz bolýar» diýdiler. 20Ýöne olar: «Ýok, geçmersiňiz!» diýip jogap berdiler. Onsoň edomlylar agyr ýaraglanan uly goşun bilen olaryň garşysyna çykdylar. 21Edomlylar geçmäge ýol bermänsoňlar, ysraýyllar ol ýerden sowlup geçdiler.

Harunyň ölümi

22Bütin ysraýyl halky Kadeşden göçüp, Hor dagyna gelip düşdi. 23Onsoň Reb Musa bilen Haruna Hor dagynda, Edom topragynyň serhedinde şeýle diýdi: 24«Harunyň ölüp, öz ata-babalaryna gowuşmaly wagty ýetdi. Ol ysraýyllara wada beren ýurduma girmez, sebäbi siz Meriba çeşmesiniň ýanynda Meniň buýrugyma boýun egmändiňiz. 25Haruny we onuň ogly Elgazary ýanyňa al-da, olary Hor dagyna çykar. 26Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, olary ogly Elgazara geýdir. Harun bolsa şol ýerde ölüp, öz ata-babalaryna gowşar». 27Musa Rebbiň buýruşy ýaly etdi. Ähli halkyň gözüniň alnynda olar Hor dagyna çykdylar. 28Musa Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, onuň ogly Elgazara geýdirdi. Harun bolsa şol ýerde, dagyň depesinde jan berdi. Musa bilen Elgazar dagdan düşdüler. 29Harunyň ölendigini gören bütin ysraýyl halky otuz günläp onuň üçin ýas tutdy.
Copyright information for TukLat16