‏ Numbers 21

Ysraýyllar aratlylary ýok edýär

1 Negep çölündäki Arat galasynyň kengan hany ysraýyllaryň Atarym ýolundan gelýändigini eşidende, ol ysraýyllar bilen urşup, olaryň birnäçesini ýesir aldy. 2Şonda ysraýyllar Rebbe wada berip: «Eger hakykatdan hem bu halky biziň elimize berseň, olaryň galalaryny Saňa aýry goýlandygy üçin bütinleý ýok ederis» diýdiler. 3Reb ysraýyl halkynyň sesini eşitdi we kenganlary olaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gyryp, olaryň galalaryny-da bütinleý ýok etdiler. Şondan soň ol ýere Horma
Ýewreýçe Horma we bütinleý ýok etdiler diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir.
diýen at galdy.

Bürünç ýylan

4Onsoň ysraýyllar Hor dagyndan göçüp, Edom ýurdunyň daşyndan aýlanyp ötmek üçin, Gyzyl deňziň ýoly bilen gitdiler. Emma ýolda halk sabyrsyzlyk etdi. 5Olar Hudaýyň we Musanyň garşysyna: «Bizi Müsürden çölde gyrylmagymyz üçin alyp gaýtdyňyzmy? Bu ýerde ne çörek, ne-de suw bar. Bu tagamsyz iýmitden-de halys irdik» diýdiler. 6Reb muňa jogap edip, halkyň arasyna zäherli ýylanlar iberdi. Olaryň zäherinden ysraýyllardan köp adam öldi. 7Halk Musanyň ýanyna gelip: «Rebbe we saňa dil ýetirip, biz günä iş etdik. Ýylanlary aramyzdan aýrar ýaly, Rebden dileg et» diýdiler. Musa halk üçin dileg etdi. 8Reb Musa: «Bir zäherli ýylanyň şekilini ýasa we ony uzyn syrygyň ujuna berkit. Ýylan çakan adam oňa sereden badyna sagalar» diýdi. 9Onsoň Musa sap bürünçden ýylan ýasap, ony syrygyň ujuna berkitdi. Her bir ýylan çakan adam oňa sereden badyna sagalyp, diri galardy.

Mowaba tarap ýöriş

10Ysraýyllar göçdüler we gelip, Obotda düşlediler. 11Soňra Obotdan göçüp, Mowabyň gündogaryndaky çöllükde, Iýeý Abarymda düşlediler. 12Ol ýerden hem Zeret deresine göçüp bardylar. 13Ol ýerden hem göçüp, Arnon jülgesiniň aňyrsynda, amorlaryň serhedinden bäri ýaýylyp ýatan çöllükde düşlediler. Arnon jülgesi Mowap bilen Amoryň arasyndan geçýän Mowabyň serhedi bolup hyzmat edýärdi. 14 15Şeýdip, «Rebbiň söweşleri kitabynda» Supa ülkesindäki Wahep galasy hakynda, Arnon dereleriniň ýapgytlary hakynda, Mowabyň serhediniň boýy bilen Ar galasyna çenli ýaýylýan bu dereleriň ýapgytlary hakynda hem ýatlanylýar.

16Ysraýyllar ol ýerden Beýere
Beýer – bu söz guýy diýmegi aňladýar.
, Rebbiň Musa: «Halky bir ýere ýygna, olara suw berjek» diýen guýusyna tarap ýola düşdüler.
17Şonda olar şu aýdymy aýtdylar: «Suwlaryň joşsun, eý, guýy! Munuň şanyna aýdym aýdalyň!
18Patyşalyk hasasy bilen,
soltanlyk naýzasy bilen,
baştutanlaryň açdy bu guýyny,
halk şazadalary gazdy bu guýyny».

Olar çöllükden Matana çenli,
19Matanadan Nahalyýele çenli, Nahalyýelden Bamota, 20Bamotdan bolsa çölüň üstüne abanyp duran Pisga dagynyň depesi bilen Mowap topragynda ýerleşýän jülgä çenli gitdiler.

Ysraýyllar Sihon hanynyň ýerlerini eýeleýärler

(Kanun taglymaty 2:26–3:11)

21Soňra ysraýyllar amorlaryň hany Sihona ilçiler ýollap, şeýle diýdiler: 22«Bize ýurduňyzyň içinden geçip gitmäge rugsat ber. Biz ekinleriň ýa üzümçilikleriň içine sowulmarys ýa-da guýularyňyzdan suw içmeris. Biz tä siziň ýurduňyzdan çykýançak, diňe şaýoldan ýöräris». 23Emma Sihon öz ýurdunyň içinden geçip gitmäge ysraýyllara rugsat bermedi. Ol bütin goşunyny ýygnap, ysraýyllaryň garşysyna çöle çykdy we Ýahasa gelip, olar bilen söweşe girdi. 24Ysraýyllar Sihony gylyçdan geçirip, onuň Arnondan Ýaboga çenli, tä Ammonyň serhedine çenli bolan ýerleriniň baryny eýelediler. Ammonyň serhedi bolsa güýçli goralýardy. 25Ysraýyllar amorlaryň galalarynyň hemmesini basyp aldylar. Olar amorlaryň ähli galalarynda, hatda Heşbonda we onuň ähli obalarynda ornaşdylar. 26Heşbon galasy amorlaryň hany Sihonyň paýtagt galasydy. Sihon Mowabyň öňki hany bilen urşup, onuň Arnona çenli bolan ähli ýerlerini basyp alypdy. 27Bu hakda bagşylar şeýle diýýärler: «Heşbona geliň, goý, ol gurulsyn,
goý, Sihon galasy dikeldilsin.
28Çünki Heşbondan ot,
Sihonyň galasyndan ýalyn çykdy.
Mowabyň Ar galasyny ýalyn gurşady,
Arnon depelerini-de, ýuwutdy ol.
29Waý, saňa, eý, Mowap!
Siz heläk bolduňyz, eý, Kemoş
Kemoş – mowaplaryň hudaýy.
halky!
Ogullaryňyz bosgunlara öwrüldi,
gyzlaryňyz amor hany Sihonyň ýesiri boldular.
30Şeýdip, biz olary ýer bilen ýegsan etdik.
Heşbondan Dibona barýançak gyryldylar.
Meýdeba uzalýan Nopa çenli olary ýok etdik».

31Şunlukda, ysraýyllar amorlaryň ýurdunda ornaşdylar. 32Musa Ýazer galasyny gözden geçirmek üçin, içalylar ugratdy. Soňra ysraýyllar onuň töweregindäki obalary basyp aldylar we ol ýerdäki amorlary kowup çykardylar.

Ysraýyllar Og hanyň ýurduny eýeleýärler

33Soňra ysraýyllar Başan ýurduna tarap ýoluny dowam etdirdiler. Başan hany Og ysraýyllar bilen söweşmek üçin, Edreý galasynda ähli urşujylary bilen olaryň garşysyna çykdy. 34Reb Musa: «Men Ogy, onuň ähli halkyny we ýurduny seniň eliňe berdim. Ondan gorkma. Heşbonda hanlyk süren amor hany Sihony ýok edişiň ýaly, Ogy hem ýok et» diýdi. 35Ysraýyllar Ogy, onuň ogullaryny we bütin goşunyny ýekeje adam goýman gyryp, onuň ýurduny eýelediler.
Copyright information for TukLat16