‏ Numbers 23

Bilgama gelen ilkinji aýanlyk

1Onsoň Bilgam Ballaga: «Maňa şu ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gur-da, ýedi öküz bilen ýedi sany goçy taýýarlap goý» diýdi. 2Ballak Bilgamyň aýdyşy ýaly etdi. Onsoň Ballak bilen Bilgam her gurbanlyk sypasynda bir öküzi we bir goçy gurbanlyk berdiler. 3Soňra Bilgam Ballaga: «Sen bu ýerde öz ýakma gurbanlygyňyň ýanynda dur, men gideýin. Ähtimal, Reb maňa görner we Ol maňa näme diýse, men ony saňa ýetirerin» diýip, ol depä çykdy. 4Hudaý Bilgam bilen duşuşdy we Bilgam Oňa: «Men ýedi sany gurbanlyk sypasyny taýýarladym we olaryň her biriniň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdim» diýdi. 5Reb Bilgamyň agzyna aýtmaly sözlerini salyp: «Ballagyň ýanyna bar we oňa şulary aýt» diýdi. 6Bilgam Ballagyň ýanyna gaýtdy. Ballak Mowabyň ähli emeldarlary bilen öz ýakma gurbanlyklarynyň ýanynda durdy. 7Onsoň Bilgam Hudaýdan gelen aýanlygy habar berip, şeýle diýdi: «Mowap patyşasy Ballak meni gündogardaky daglardan,
Siriýa ýurdundan getirip, şeýle diýdi:
„Gel, meniň üçin Ýakuby näletle,
gel-de, Ysraýyla garga!“
8Hudaýyň näletlemedigini men nädip näletläýin?
Rebbiň gargamadygyna men nähili gargaýyn?
9Gaýalaryň depesinden men Ysraýyly görýärin.
Baýyrlardan men oňa bakyp durun.
Ine, aýry ýaşaýan bir halkdyr ol,
milletler arasynda aýry hasaplanýar.
10 Ýakubyň nesillerini kim sanap biler?
Ysraýylyň dörtden birini kim hasaplap biler?
Maňa-da dogruçyl adamlaryň ölüşi dek ölmäge,
ömrümiň ysraýylyňky deý gutarmagyna rugsat et!»

11Onsoň Ballak Bilgama: «Sen meni nädäýdiň? Duşmanlaryma nälet okasyn diýip, seni ýörite şu ýere getirtdim. Sen bolsa olara hiç zat etmän, gaýtam, olary ýalkaýarsyň!» diýdi. 12Bilgam oňa: «Men diňe seresaplylyk bilen Rebbiň agzyma salan sözlerini aýtmaýarynmy näme?» diýip jogap berdi.

Bilgama gelen ikinji aýanlyk

13Onsoň Ballak oňa: «Haýyş edýärin, meniň yzyma düş, başga ýere gideli, sen ol ýerden olaryň hemmesini däl, bir bölegini görersiň. Meniň üçin olary şol ýerden näletle» diýdi. 14Şeýdip, Ballak Bilgamy Zopym ýaýlasyna, Pisga dagynyň depesine alyp bardy. Ol ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gurup, olaryň hersiniň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdi. 15Bilgam Ballaga: «Men ol ýerde Reb bilen duşuşýançam, sen şu ýerde öz ýakma gurbanlyklaryň ýanynda dur» diýdi. 16Reb Bilgama göründi we onuň agzyna söz salyp: «Ballagyň ýanyna baryp, şu zatlary aýt» diýdi. 17Bilgam gelende, Ballak Mowabyň emeldarlary bilen öz ýakma gurbanlyklarynyň ýanynda durdy. Ballak ondan: «Reb näme diýdi?» diýip sorady. 18Bilgam indi boljak zatlardan habar berip, şeýle diýdi: «Eý, Sipor ogly Ballak,
oýan-da, maňa gulak goý.
19Hudaý ynsan däl ahyryn,
ýalan sözlär ýaly.
Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly.
Heý, Onuň beren wadasynyň,
aýdan sözüniň bitmedigi barmy?
20Ine, Ol maňa Ysraýyly ýalka diýip emr etdi.
Hudaýyň Özi ýalkanda, men ony üýtgedip bilmeýärin.
21Men Ýakuba hiç hili betbagtlyk ýokdugyny,
Ysraýylda bela-beteriň bolmajagyny görýärin.
Ysraýyl Hudaýy Reb olar bilendir.
Olar Ony öz patyşasy hökmünde alkyşlaýarlar.
22Olary Müsürden çykarýan Hudaýdyr,
ýabany öküziň güýji deý güýç bilen çykarýar.
23 Ýakuba hiç bir doga-jady täsir etmez,
Ysraýylyň garşysyna täleý garanyň peýdasy ýokdur.
Indi bolsa Ysraýyl we Ýakup hakda:
„Gör, Hudaýyň eden zatlaryny!“diýerler.
24Seret, halk şir dek oýanyp,
arslan deý ýerinden turýar!
Ol indi awuny iýip doýýança,
öldürenleriniň ganyndan ganýança köşeşmez».
25Onsoň Ballak Bilgama: «Sen olary näletleme-de, ýalkama-da» diýdi.

26Emma Bilgam Ballaga: «„Reb maňa näme diýse, men hem şony aýdaryn“diýip, saňa aýtmadymmy näme?» diýip jogap berdi.

27Onsoň Ballak Bilgama: «Ýör, men seni başga bir ýere äkideýin, belki seniň olary şol ýerde näletlemegiň Hudaýyň göwnüne ýarar» diýdi. 28Onsoň Ballak Bilgamy alyp, çöle bakyp duran Pegor dagynyň depesine getirdi. 29Bilgam Ballaga: «Bu ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gur-da, meniň üçin ýedi öküz bilen ýedi goç taýýarlap goý» diýdi. 30Onsoň Ballak edil Bilgamyň aýdyşy ýaly edip, her bir gurbanlyk sypasynyň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdi.
Copyright information for TukLat16