Numbers 27
Selophadyň gyzlary
1Onsoň Selophadyň gyzlary öňe çykdylar. Selophat Heperiň ogly, Gilgadyň agtygy, Makyryň çowlugy, Ýusubyň ogly Manaşanyň ýuwlugydy. Ol Manaşanyň urugyndandy. Onuň gyzlarynyň atlary Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsady. 2Olar gelip, Musanyň, ruhany Elgazaryň, baştutanlaryň we bütin halkyň öňünde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde durup: 3«Biziň atamyz çölde jan berdi. Ol Rebbiň garşysyna baş göteren Koranyň toparyna goşulmady, ol öz günäsi üçin öldi we ondan ogul galmady. 4Ogly bolmanlygy üçin, kakamyzyň ady öz urugynyň arasyndan ýitip gidäýmelimi? Kakamyzyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan bize-de mülk beriň» diýdiler. 5 Musa bularyň dawasyny Rebbiň dykgatyna ýetirdi. 6Reb Musa şeýle jogap berdi: 7«Selophadyň gyzlarynyň diýýäni dogry, sen hökman olara kakalarynyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan mülk ber hem-de kakalarynyň ýer paýyny olara geçir. 8Ysraýyllara-da aýt, eger bir adam ölse we onuň yzynda ogly galmasa, onda onuň mülki gyzyna geçirilmelidir. 9Eger onuň gyzy hem bolmasa, onda onuň mülki doganlaryna berilsin. 10Eger onuň doganlary-da bolmasa, onda mülki atasynyň doganlaryna berilsin. 11Eger atasynyň doganlary-da bolmasa, onda mülki öz urugyndan oňa iň ýakyn bolan garyndaşyna berilsin. Men Rebbiň Musa buýruşym ýaly, ysraýyllara şeýle düzgün parz bolsun».Ýeşuwa Musanyň ýerine ýolbaşçy bellenýär
12Reb Musa şeýle diýdi: «Abarym daglarynyň aralygynda ýerleşýän şu dagyň depesine çyk-da, Meniň ysraýyllara berýän ýurduma syn et. 13Ony synlanyňdan soň, sen hem doganyň Harun ýaly, öz ata-babalaryňa gowşarsyň. 14Çünki siz ikiňiz Sin çölünde halk Meniň garşyma baş göterende, Meniň emrime garşy çykdyňyz. Çeşmäniň boýunda, olaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesdigimi ykrar etmediňiz». (Bu Sin çölündäki Kadeşiň golaýynda ýerleşýän Meriba çeşmesidir.) 15Musa Rebbe: 16«Reb, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, goý, halkyň üstünden bir adamy ýolbaşçy bellesin. 17Ol bellenen adam söweşde baştutan bolup, halkyň öňüne düşsün, goý, Rebbiň jemagaty çopansyz süri ýaly bolmasyn» diýdi. 18Onda Reb Musa şeýle diýdi: «Meniň Ruhumdan dolan Nunuň ogly Ýeşuwany saýla-da, elleriňi onuň üstünde goý. 19Ony ruhany Elgazaryň we bütin halkyň öňünde durzup, olaryň gözüniň alnynda ony halka ýolbaşçy belle. 20Bütin ysraýyl halky tabyn bolar ýaly, oňa öz ygtyýarlyklaryňdan ber. 21Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň ▼▼Urym – Hudaýyň islegini bilmek üçin, ruhanylar tarapyndan ulanylan daş. Sözlüge seret.
kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun». 22Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly etdi. Ol Ýeşuwany getirip, ruhany Elgazaryň we bütin halkyň öňünde duruzdy. 23Onsoň ellerini Ýeşuwanyň depesinde goýup, Rebbiň özüne aýdyşy ýaly, ony halkyň ýolbaşçysy belledi.
Copyright information for
TukLat16