Numbers 29
Surnaý baýramyndaky sadakalar
1Ýedinji aýyň birinji gününde siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň. Bu gün siziň üçin surnaý çalynýan gündür. 2Bir öküzçäni, bir goçy we şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň. 3Olaryň ýany bilen berilýän galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, öküz üçin bir batmanyň ondan üç, goç üçin bir batmanyň ondan iki, 4her tokly üçin hem bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin. 5Günäleriňizden saplanmak üçin bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür ediň. 6Bu täze Aýdaky gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we olaryň düzgüne görä berýän galla we içgi sadakasynyň daşyndandyr. Bular Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly sadakalardyr.Günäden saplanma günündäki sadakalar
7Şu ýedinji aýyň onunjy güni siz mukaddes ýygnanyşyk geçirip, öz islegiňizi terk edip, agyz bekläň, şol gün işlemäň. 8Bir öküzçäni, bir goçy, ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar. 9Olaryň ýany bilen hödür edilýän galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, öküz üçin bir batmanyň ondan üç, goç üçin bir batmanyň ondan iki, 10ýedi toklynyň her biri üçin hem bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin. 11Günäden saplaýan günä gurbanlygynyň, gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, onuň galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür ediň.Çatma baýramyndaky sadakalar
12Ýedinji aýyň on bäşine siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň. Rebbiň şanyna ýedi günläp baýram ediň. 13On üç sany öküzçäni, iki sany goçy, on dört sany birýaşar erkek toklyny ot üsti bilen ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar. 14Olaryň ýany bilen berilýän galla sadakasy, zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, on üç öküzçäniň her biri üçin bir batmanyň ondan üç, iki goçuň her biri üçin bir batmanyň ondan iki, 15on dört toklynyň her biri üçin bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin. 16Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň. 17Ikinji gün şikessiz on iki sany öküzçäni, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny hödür ediň. 18Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 19Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň. 20Üçünji gün şikessiz on bir sany öküzi, iki sany goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny hödür ediň. 21Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 22Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň. 23Dördünji gün şikessiz on öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň. 24Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 25Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň. 26Bäşinji gün şikessiz dokuz öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň. 27Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 28Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň. 29Altynjy gün şikessiz sekiz sany öküzi, iki sany goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň. 30Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 31Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň. 32Ýedinji gün şikessiz ýedi öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň. 33Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 34Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň. 35Sekizinji gün siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň. 36Bir öküzi, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ot üsti bilen ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe hödür ediň. 37Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 38Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň. 39Bulary siz aýdylan sadakaňyzyň, meýletin sadakaňyzyň, ýakma gurbanlygyňyzyň, galla we içgi sadakalaryňyzyň, salamatlyk gurbanlygyňyzyň daşyndan bellemeli baýramlaryňyzda Rebbe hödür ediň».
Copyright information for
TukLat16