Numbers 3
Harunyň ogullary
1 Rebbiň Sinaý dagynda Musa bilen gepleşen wagty Harunyň we Musanyň nesilleri şulardy: 2Harunyň dört ogly bardy, olaryň atlary şulardyr: Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar. Nadap onuň nowbahar ogludy. 3Harunyň ogullaryndan ruhanyçylyga bellenip, bagyş edilenleri şulardyr. 4Emma Nadap bilen Abyhu Sinaý çölünde mukaddes bolmadyk ody Rebbiň huzurynda hödür edendikleri üçin öldüler. Olardan zürýat galmady. Elgazar bilen Ytamar bolsa atalary Harunyň ýaşan döwründe ruhany bolup hyzmat etdiler.Lewileriň borçlary
5Onsoň Reb Musa şeýle diýdi: 6«Lewi tiresini getir-de, ruhany Harunyň hyzmatynda goý, olar oňa kömek etsinler. 7Olar mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Harun we tutuş halk üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň goramak keşigini çeksinler. 8Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň ähli esbaplaryna gözegçilik etsinler. 9Lewileri Harunyň we onuň nesilleriniň ygtyýaryna ber. Olar ysraýyllaryň arasyndan Harunyň ygtyýaryna doly berlendir. 10Haruny we onuň ogullaryny hasaba al. Ruhanyçylyk wezipesini diňe şolar ýerine ýetirmelidirler, olardan başga kim mukaddes çadyra golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir». 11Onsoň Reb Musa şeýle diýdi: 12«Men lewileri ysraýyllaryň nowbahar ogullaryna derek kabul edip aldym. Lewiler Meniňkidir, 13çünki nowbahar ogullaryň bary Maňa degişlidir. Müsürde nowbahar ogullary öldüren günüm, Ysraýylda haýwanu-ynsanyň ilkinji doglanlarynyň baryny Özüme bagyş etdim. Olar Meniňkidir. Men Rebdirin».Musa lewileri hasaba alýar
14Soňra Sinaý çölünde Reb Musa: 15«Lewileriň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň hemmesini uruglaryna we kowumlaryna görä ýazyp hasaba al» diýdi. 16Onsoň Musa Rebbiň sözüne görä olary özüne buýrulyşy ýaly hasaba aldy. 17Lewi ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat, Merary. 18Uruglaryna görä Gerşonyň ogullarynyň atlary şulardyr: Libni we Şimgi. 19Uruglaryna görä Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel. 20Uruglaryna görä Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Kowumlaryna görä lewi uruglary şulardyr. 21Gerşondan libni we şimgi uruglary gelip çykandyr, bularyň ikisi hem Gerşonyň uruglarydyr. 22Olaryň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň sany ýedi müň bäş ýüz adam boldy. 23Gerşon uruglary mukaddes çadyryň ýeňsesinde, günbatar gapdalynda çadyr dikmelidiler. 24Gerşon uruglarynyň baştutany Laýeliň ogly Elýasapdy. 25Gerşon ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara: mukaddes çadyryň içki we daşky örtüklerine, çadyryň girelgesi üçin ýapynja, 26haýadyň perdelerine, mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daşyndaky haýadyň derwezesiniň ýapynjasyna, onuň zynjyrlaryna we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler. 27Kohatdan imram, ýishar, hebron, uzyýel uruglary gelip çykandyr, bularyň bary Kohadyň uruglarydyrlar. 28Bularyň ýaşy bir aýlyk we ondan ýokary bolan erkek göbeklileriniň sany sekiz müň alty ýüz boldy. Bular mukaddes zatlary goramaklyga jogapkärdirler. 29Kohat uruglary mukaddes çadyryň günorta gapdalynda düşlemelidiler. 30Kohat uruglarynyň baştutany Uzyýeliň ogly Elisapandy. 31Olar gorag hyzmatlaryndan şulara: sandyga, hantagta, çyradana, gurbanlyk sypasyna, mukaddes öýüň enjamlaryna, ýapynja we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler. 32Ruhany Harunyň ogly Elgazar lewi baştutanlarynyň başlygydy we mukaddes zatlara jogapkärçilik çekýän lewileriň üstünden garaýardy. 33Merarydan mahly we muşy uruglary gelip çykandyr. Bularyň ikisi hem Merarynyň urugydyr. 34Olaryň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň sany alty müň iki ýüz boldy. 35Merary uruglarynyň baştutany Abyhaýyl ogly Suryýeldi. Olar mukaddes çadyryň demirgazyk tarapynda düşlemelidiler. 36Merary ogullary mukaddes çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara: onuň çarçuwalaryna, taýaklaryna, sütünlerine we olary saklaýan dabanlara, ähli esbaplaryna we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler. 37Şeýle hem haýadyň daşyndaky sütünleriň dabanlary, gazyklary we zynjyrlary bilen bile olara tabşyryldy. 38 Musa bilen Harunyň we onuň ogullarynyň düşelgesi gündogar tarapda, Rebbe ýüz tutulýan öýüň öňünde, ýagny mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde bolsun. Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes öýi goramak keşigini çekerler. Olardan başga kim muňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir. 39Rebbiň buýrugyna görä, Musa bilen Harunyň uruglaryna görä hasaba alan, bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan lewileriň erkek göbeklileriniň sany ýigrimi iki müň boldy.Ysraýylyň nowbahar ogullary yzyna satyn alynýar
40Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Ysraýylyň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan ähli nowbahar ogullaryny ýekeme-ýeke sana we ýazga geçir. 41Olaryň deregine lewileri Men–Reb üçin kabul et, olaryň mallaryny bolsa ysraýyllaryň ilkinji doglan mallarynyň öwezine kabul et». 42Şeýdip, Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly, ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň ählisini hasaba aldy. 43Atlary bilen hasaba alnan bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriň jemi sany ýigrimi iki müň iki ýüz ýetmiş üç boldy. 44Onsoň Reb Musa şeýle diýdi: 45«Ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň deregine lewileri, mallarynyň deregine bolsa lewileriň mallaryny kabul et. Lewiler Meniňkidir, Men Rebdirin. 46Ysraýylyň nowbahar ogullary lewilere garanda iki ýüz ýetmiş üç adam artykmaç boldy. Olary satyn almak üçin, 47adam başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça bäş şekel kümüş al. Bir şekel iki mysgala ▼▼Iki mysgal – ýewreýçe ýigrimi gera. Bu takm. 10 gr deňdir.
deňdir. 48Lewileriň sanyndan artykmaçlary satyn almaga tölenen puly Haruna we onuň ogullaryna ber». 49Şeýdip, Musa lewileriň sanyndan artyk bolanlaryň öwezine töleg pullaryny aldy. 50Ysraýylyň nowbahar ogullaryndan mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ol bir put ▼▼Bir put – ýewreýçe bir müň üç ýüz altmyş bäş şekel. Bu takm. 15,5 kg deňdir.
kümüş aldy. 51Onsoň Rebbiň buýrup aýdyşy ýaly, Musa töleg pullaryny Haruna we onuň ogullaryna berdi.
Copyright information for
TukLat16