Numbers 34
Ýurduň serhetleri
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara şeýle buýruk ber: „Siz Kengan ýurduna gireniňizde, size mülk hökmünde berilýän bu topragyň serhetleri çäklendirilendir. 3Siziň günorta serhediňiz Sin çölünden Edom serhediniň boýuna uzalyp gider. Ol gündogarda Öli deňziň günorta kenaryndan başlanýandyr. 4Soňra serhet Içýan geçidiniň günortasyndan öwrülip, Sin çölüne geçer. Ondan Kadeşbarneýanyň günortasyna çenli, Hasaradara tarap uzalyp, Asmona tarap geçer. 5Serhet Asmondan öwrülip, Müsür derýasyna tarap uzalyp gider we onuň çeti Ortaýer deňzine baryp ýeter. 6Ortaýer deňzi we onuň kenary siziň günbatar serhediňiz bolup hyzmat eder. Bu siziň günbatar araçägiňiz bolar. 7Siziň demirgazyk araçägiňiz şeýle bolar: Ortaýer deňzinden Hor dagyna çenli aralykda öz serhediňizi bellärsiňiz. 8Hor dagyndan Lebohamada çenli öz serhediňizi bellärsiňiz we serhet ondan soň Sedat galasynyň içinden geçer. 9Araçäk Sedatdan gündogara Ziprona tarap uzalyp, onuň bir ujy Hasareýnana ýeter. Bu siziň demirgazyk serhediňiz bolar. 10Gündogar serhediňiz demirgazykda Hasareýnandan başlanyp, günorta Şepama tarap uzalyp gider. 11Serhet Şepamdan Aýynyň gündogar gapdalyndaky Ribla tarap öwrülip, Kinneret deňziniň gündogar ýapgydyna çenli baryp ýeter. 12Soňra serhet Iordanyň boýy bilen aşaklygyna gidip, onuň çeti Öli deňze baryp ýeter. Daş-töwereginde şeýle serhetleri bolan bu ýurt siziň ýurduňyz bolar“». 13Musa ysraýyllara buýruk berip, şeýle diýdi: «Rebbiň size bije atyp, dokuz tiräniň we günbatardaky manaşa tiresiniň arasynda paýlamagy emr eden mülki, ine, şu toprakdyr. 14Ruben, gat tireleri we gündogardaky manaşa tiresi uruglaryna görä özleriniň mülküni eýýäm aldylar. 15Bu iki tire we manaşa tiresiniň ýarysy özlerine mülki Iordanyň aňyrsyndan, Ýerihonyň gündogaryndan aldylar».Tire ýolbaşçylary
16Reb Musa şeýle diýdi: 17«Ýeri size mülk edip paýlap berjek adamlar, ine şulardyr: ruhany Elgazar we Nunuň ogly Ýeşuwa. 18Mülki paýlamak üçin her tireden bir adamy ýolbaşçy hem saýlaň. 19Ýolbaşçy saýlanmaly adamlar şulardyr: ýahuda tiresinden Ýepunnäniň ogly Kalep. 20Şimgon tiresinden Emihudyň ogly Şamuwel. 21Benýamin tiresinden Kislonyň ogly Elidat. 22Dan tiresinden Ýoglynyň ogly Buky serdar. 23Ýusubyň nesilleri: manaşa tiresinden Efodyň ogly Hannyýel serdar. 24Efraýym tiresinden Şiptanyň ogly Kemuwal serdar. 25Zebulun tiresinden Parnagyň ogly Elisapan serdar. 26Ysakar tiresinden Azanyň ogly Paltyýel serdar. 27Aşer tiresinden Şelomynyň ogly Ahyhut serdar. 28Naftaly tiresinden Emihudyň ogly Pedahel serdar». 29Rebbiň Kengan ýurdunda ysraýyllara mülk paýlap bermegi emr eden adamlary şulardan ybaratdy.
Copyright information for
TukLat16