‏ Numbers 35

Lewilere berilmeli galalar

1 Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara şeýle buýruk ber, goý, olar özlerine miras düşen mülklerinden lewilere ýaşar ýaly galalar bersinler. Şol galalaryň töweregindäki öri meýdanlaryny-da lewilere bersinler. 3Bu galalar lewileriň ýaşamagy üçindir. Galalaryň töweregindäki öri meýdanlary bolsa lewileriň sürüleri we ähli mal-garalary üçindir. 4 5Galanyň diwaryndan çar tarapa müň tirsek aralyk goýup, onuň gündogar we günorta taraplaryny iki müň tirsek, günbatar we demirgazyk taraplaryny-da iki müň tirsek edip, lewilere beriljek galalaryň öri meýdanlaryny dörtburç şekilinde ölçäň».

Gaçybatalga galalary

(Kanun taglymaty 19:1-13; Ýeşuwa 20:1-9)

6«Lewilere berýän galalaryňyzyň altysy gaçybatalga galalary bolsun. Bulardan başga ýene kyrk iki galany lewilere beriň. 7Lewilere öri meýdanlary bilen birlikde jemi kyrk sekiz gala beriň. 8Olara berjek galalaryňyz tire paýy görnüşinde bolsun. Galalary köp bolan uly ysraýyl tiresinden köp gala, galalary az bolan kiçiräk tireden bolsa az gala alnyp, her tire öz mülk paýyna görä lewilere bersin». 9Soňra Reb Musa şeýle diýdi: 10«Ysraýyllara aýt, Iordan derýasyndan geçip, Kengan topragyna gireniňizde, 11özüňiz üçin gaçybatalga galalaryny saýlaň. Tötänlikde adam öldüren ganhor, goý, şol ýere gaçsyn. 12Bu galalar ganhora jemagatyň öňünde höküm çykarylýança, öldürileniň hossaryndan gaçybatalga bolup hyzmat etsin.

13Özüňiz üçin jemi alty sany gaçybatalga galasyny belläň: 14olaryň üçüsi Iordan derýasynyň gündogar tarapynda, üçüsi hem Kengan topragynda bolsun. 15Bu alty gala ysraýyllara we araňyzda ýaşaýan gelmişeklere, göçüp gelenlere gaçybatalga bolup hyzmat etsin. Tötänlikde adam öldürip, ganhor bolan adam ol ýere gaçyp biler.

Ganhorlyk we ar almak hakda

16Eger-de biri demirden ýasalan zat bilen başga birini urup öldürse, ol adam ganhordyr. Ganhoryň jezasy ölüm bolsun. 17Eger biri adama degende öldürip biljek daş bilen adam urup öldürse, ol ganhordyr. Ganhoryň jezasy ölüm bolsun. 18Ýa-da biri adama degende öldürip biljek agaç bölegi bilen adam urup öldürse, ol ganhordyr. Ganhoryň jezasy ölüm bolsun. 19Dökülen gan üçin öldürileniň hossary ganhory öldürer. Ol öz gandaryny duşan ýerinde öldürsin. 20Şunuň ýaly-da, eger biri başga bir adamy ýigrenýändigi üçin itekläp ýa-da başga biri bukuda ýatyp, oňa tarap bir zat zyňyp öldürse, 21ýa-da duşmançylykdan ony eli bilen urup öldürse, onda ony öldüren adam ölüme höküm edilsin. Ol adam ganhordyr, öldürileniň hossary ganhory duşan ýerinde öldürsin.

22Emma biri duşmançylyk etmezden, bir adamy tötänlikde itip goýberse ýa-da bukuda ýatyp peýlemezden, oňa tarap bir zat zyňyp goýberse, 23ýa-da adama degende öldürip biljek daşy seretmän zyňyp, tötänlikde bir adamyň ganyna galsa, öldüren bilen öleniň arasynda duşmançylyk bolmandygyna we öldüreniň oňa şikes ýetirmek islemändigine garamazdan, 24ganhor bilen öldürileniň hossarynyň arasyndaky dawany şu kada-kanunlar boýunça jemagat çözsün. 25Jemagat öldürileniň hossarynyň elinden ganhory halas etsin we ony başdaky gaçyp baran gaçybatalga galasyna ugratsyn. Depesine mukaddes ýag guýlup bellenen baş ruhany ölýänçä, ganhor şol ýerde bolmalydyr. 26Emma ganhor ilki gaçyp baran gaçybatalga galasynyň çäginden daşa çyksa 27we öldürileniň hossary ony tapyp öldürse, öldürileniň hossary ganhor saýylmaly däldir. 28Çünki ganhor baş ruhany ölýänçä, gaçybatalga galasynyň daşyna çykmaly däldir. Ol diňe baş ruhany ölenden soň, öz öýüne gaýdyp biler.

29Bular siz nirede ýaşasaňyz-da, nesiller boýy size parz we höküm bolsun.

30Eger bir adam başga bir adamy öldürse, şaýatlaryň görkezmesi esasynda ol ölüme höküm edilsin, emma diňe bir şaýadyň görkezmesi esasynda ol ölüme höküm edilmeli däldir. 31Ölüm jezasyna höküm edilen ganhoryň janynyň öwezine hun alynmasyn, ganhor öldürilmelidir. 32Gaçybatalga galasyna gaçyp baran biriniň baş ruhany ölmezden öň öz topragyna gaýdyp barmagy üçin ondan töleg almaň. 33Gan topragy harama çykarýandyr, öz ýaşaýan topragyňyzy haramlamaň. Dökülen gany toprakdan diňe ganhoryň gany bilen ýuwup bolar. 34Meniň mekan tutan topragymy, ýagny öz ýaşaýan ýeriňizi haramlamaň. Çünki ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýan Reb Mendirin».
Copyright information for TukLat16