‏ Numbers 36

Durmuşa çykan gyzlaryň mülki

1Makyryň ogly, Manaşanyň agtygy, Ýusubyň çowlugy bolan Gilgadyň nesilleriniň urugbaşylary öňe çykyp, Musanyň, ýolbaşçylaryň we ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň öňünde şeýle diýdiler: 2«Reb ýurdy bije atyp, mülk hökmünde ysraýyllara paýlap ber diýip, agamyz Musa emr etdi. Doganymyz Selophadyň mülküni onuň gyzlaryna bermegi hem Reb agamyza buýurdy. 3Eger Selophadyň gyzlary Ysraýylyň başga tiresinden bolanlara durmuşa çyksalar, onda olaryň mülki biziň mülkümizden aýrylyp, baran ärleriniň tiresine goşular. Şeýdip, bijede biziň mülk paýymyz kemeler. 4Ysraýyllaryň baýram ýyly gelende bolsa, gyzlaryň mülki ärleriniň tiresiniň mülküne goşular. Şeýlelikde, olaryň mülki biziň tirämiziň mülkünden alnar».

5Onsoň Musa Rebbiň emri boýunça ysraýyllara şeýle buýurdy: «Ýusubyň tiresiniň nesilleriniň diýýäni dogrudyr. 6Selophadyň gyzlary hakda Reb şeýle diýdi: „Olar islän adamsyna durmuşa çykyp bilerler, ýöne olaryň barjak kişileri öz tirelerinden bolsun. 7Ysraýyllaryň mülki bir tireden başga bir tirä geçmeli däldir. Ähli ysraýyllar öz tireleriniň mülküne eýelik etsinler. 8Islendik ysraýyl tiresinden mülk alan gyz, öz tiresinden bolan kişä durmuşa çyksyn. Şonda her bir ysraýylly öz atalarynyň mülküne müdimilik eýelik edip biler. 9Hiç bir mülk bir tireden başga bir tirä geçmeli däldir. Ysraýyl tireleriniň her biri öz mülküne eýelik etsin“».

10Selophadyň gyzlary Rebbiň Musa buýruşy ýaly hem etdiler. 11Onuň gyzlary Mahla, Tirsa, Hogla, Milka we Noga öz kakasynyň doganlarynyň ogullaryna durmuşa çykdylar. 12Olar Ýusubyň ogly Manaşanyň nesilleriniň uruglaryndan bolan kişilere durmuşa çykdylar. Şeýdip, olaryň mülki öz atalarynyň tiresinde galdy.

13 Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde Rebbiň Musa arkaly ysraýyllara beren parzlardyr hökümleri şulardan ybaratdy.
Copyright information for TukLat16