Numbers 4
Lewi uruglarynyň borçlary
1 Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2«Beýleki lewilerden aýratynlykda, uruglaryna we kowumlaryna görä kohatlaryň 3Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly, otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini hasaba al. 4Kohatlaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyrda ýerine ýetirmeli hyzmaty iň mukaddes zatlar bilen baglanyşyklydyr. 5Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary çadyra girip, iň mukaddes otagy bölüp duran tutyny aýyrsynlar we onuň bilen Äht sandygyny basyrsynlar. 6Onuň üstüni saýlama deriden edilen ýapynja bilen ýapyp, üstüne gök keteni çeksinler we sandygyň syryklaryny ýerine goýsunlar. 7Hödür çörekleri goýulýan hantagtanyň üstüne gök keteni ýazyp, onuň üstünde tabaklary we jamlary, içgi sadakasy üçin küýzeleri we şakäseleri goýsunlar. Hemişelik çörek hem onuň üstünde bolsun. 8Soňra olaryň üstünden gyrmyzy mata ýapyp, ony hem saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar we onuň syryklaryny ýerine oturtsynlar. 9Çyradany, onuň çyralaryny, müçeneklerini, nowalaryny we zeýtun ýagy salynýan ähli gaplaryny gök keteni bilen basyrsynlar. 10Onsoň ähli enjamlary bilen bilelikde ony saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyryp, zemmeriň üstünde goýsunlar. 11Altyndan edilen sypanyň üstüne gök keteni ýapyp, ony saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar we onuň syryklaryny ýerine oturtsynlar. 12Mukaddes öýde ybadat edilende ulanylýan ähli enjamlary alyp, olary gök ketenä dolasynlar we saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar. Onsoň olary zemmeriň üstünde goýsunlar. 13Gurbanlyk sypasynyň üstünden küli aýryp, üstüne gyrmyzy matany ýapsynlar. 14Onuň üstüne gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny, ýagny ybadat edilende ulanylýan maňňallary, çarşaklary, kül atarlary, legenleri goýup, üstüne saýlama deriden edilen ýapynjany ýapsynlar we syryklaryny ýerine oturtsynlar. 15Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr. 16Ruhany Harunyň ogly Elgazara çyra ýagyna, ýakymly ysly tütetgä, adaty galla sadakasyna we mesh ýagyna gözegçilik etmek tabşyrylsyn. Şeýle hem oňa tutuş mukaddes çadyr we onuň içindäki ähli enjamlary, mukaddes otag we onuň enjamlary tabşyrylsyn». 17Onsoň Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 18«Lewileriň arasynda kohat urugynyň ýok bolup gitmegine ýol bermäň. 19Olar iň mukaddes zatlara galtaşanlarynda ölmän aman galarlary ýaly, siz şeýle ediň: Harun we onuň ogullary içeri girip, kohatlaryň hersiniň ýerine ýetirmeli hyzmatyny ýa-da götermeli ýüküni görkezsin. 20Emma kohatlar mukaddes zatlara sähel salymlyk hem seretmeli däldirler, ýogsam olar ölerler». 21Soňra Reb Musa şeýle diýdi: 22– 23«Uruglaryna we kowumlaryna görä gerşonlaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly, otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini ýazyp hasaba al. 24Gerşon uruglarynyň etmeli işleri we daşamaly ýükleri şulardan ybarat: 25olar mukaddes çadyryň tutularyny, Rebbe ýüz tutulýan çadyry we onuň ýapynjasyny, onuň saýlama deriden edilen daşky ýapynjasyny we girelgesindäki perdäni, 26haýadyň perdelerini, mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daşyndaky haýadyň derwezesiniň ýapynjasyny we onuň zynjyrlaryny, olara degişli ähli esbaplary götersinler. Bu zatlar bilen baglanyşykly işleriň hemmesini etsinler. 27Ýük daşamagy we başga işleri – ähli hyzmatlary gerşonlar Harunyň we onuň ogullarynyň buýrugy esasynda bitirsinler. Göterýän zatlaryny goramaklyga olary borçly ediň. 28Ruhany Harunyň ogly Ytamaryň gözegçiligi astynda gerşonlaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen baglanyşykly etmeli işleri we gorag wezipeleri, ine, şulardyr. 29– 30Indi bolsa uruglaryna we kowumlaryna görä merarylary Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini ýazga geçir. 31Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat etmek bilen olaryň götermeli we goramaly zatlary şulardyr: mukaddes çadyryň çarçuwalary, taýaklary, sütünleri we olary saklaýan dabanlary, 32haýadyň sütünleri we dabanlary, gazyklary, zynjyrlary, olara degişli ähli enjamlar. Olaryň götermeli zatlaryny atma-at sanap tabşyryň. 33Ruhany Harunyň ogly Ytamaryň gözegçiligi astynda merarylaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen baglanyşykly etmeli işleri, ine, şulardyr». 34Onsoň Musa bilen Harun we halkyň ýolbaşçylary uruglaryna we kowumlaryna görä kohatlary ýazga geçirdiler. 35Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň 36uruglaryna görä hasaba alnany iki müň ýedi ýüz elli adam boldy. 37Bu Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat eden ähli kohatlaryň uruglarynyň baş sanydyr. Rebbiň Musanyň üsti bilen buýruşy ýaly, olary Musa bilen Harun hasaba aldy. 38Uruglaryna we kowumlaryna görä hasaba alnan gerşonlaryň sany şudur: 39Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlary 40uruglaryna we kowumlaryna görä iki müň alty ýüz otuz adam boldy. 41Bu Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat eden ähli gerşonlaryň uruglarynyň baş sanydyr. Rebbiň buýruşy ýaly, olary Musa bilen Harun hasaba aldy. 42Uruglaryna we kowumlaryna görä, merarylaryň sany şudur: 43Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlary 44uruglaryna görä jemi üç müň iki ýüz adam boldy. 45Bu Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat eden ähli merarylaryň uruglarynyň baş sanydyr. Rebbiň Musanyň üsti bilen buýruşy ýaly, olary Musa bilen Harun hasaba aldy. 46Musa bilen Harunyň we ysraýyl ýolbaşçylarynyň uruglaryna we kowumlaryna görä hasaba alan, 47Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge we ýük götermäge ýarawly, otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolan 48lewileri sekiz müň bäş ýüz segsen adam boldy. 49Rebbiň Musanyň üsti bilen beren buýrugyna görä, her bir adamyň ýerine ýetirmeli işi we götermeli ýüki belli edildi. Rebbiň buýruşy ýaly, olar Musa tarapyndan hasaba alyndylar.
Copyright information for
TukLat16