‏ Numbers 7

Baştutanlar sadakalaryny getirýärler

1 Musa mukaddes çadyry dikip bolup, içiniň ähli esbaplary bilen birlikde onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes etdi. Gurbanlyk sypasyny-da onuň ähli enjamlary bilen birlikde onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes etdi. 2 3Şondan soň ilat sanawyna ýolbaşçylyk eden ysraýyl baştutanlary, ýagny urugbaşylary we tirebaşylary öz sadakalaryny Rebbiň huzuryna getirdiler. Olar alty sany üsti örtülgi araba bilen on iki öküzi – her iki baştutan üçin bir araba we her baştutan üçin bir öküzi mukaddes çadyryň öňüne getirdiler. 4Onsoň Reb Musa şeýle diýdi: 5«Olaryň sadakalaryny kabul edip al, Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edilýän işler üçin gerek bolar. Olary lewilere her biriniň bitirýän işlerine görä ber». 6Musa arabalary we öküzleri getirip, lewilere berdi. 7Ol edýän işlerine görä iki araba bilen dört öküzi gerşonlara berdi. 8Dört araba bilen sekiz öküzi bolsa edýän işlerine görä merarylara berdi. Olar ruhany Harunyň ogly Ytamaryň ýolbaşçylygy astynda işleýärdiler. 9Emma ol kohatlara hiç zat bermedi, çünki olaryň wezipesi mukaddes zatlary eginlerinde daşamakdy.

10 Gurbanlyk sypasynyň üstüne ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, baştutanlar hem onuň bagyş ediliş dabarasyna sadakalar hödürlediler. Olar öz sadakalaryny gurbanlyk sypasynyň öňüne getirdiler. 11Reb Musa: «Gurbanlyk sypasynyň bagyş edilişine her gün bir baştutan öz sadakalaryny hödür etsin» diýdi.

12Birinji gün ýahuda tiresinden Eminadabyň ogly Nahşon sadakalaryny hödür etdi. 13Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal
Üç ýüz elli mysgal – ýewreýçe ýüz otuz şekel. Bu takm. 1,5 kg deňdir.
bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal
Ýüz elli mysgal – ýewreýçe ýetmiş şekel. Bu takm. 800 gr deňdir.
bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
14Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal
Ýigrimi mysgal – ýewreýçe on şekel. Bu takm. 110 gr deňdir.
bolan altyn jam.
15Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 16Günä gurbanlygy üçin bir teke. 17Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Eminadabyň ogly Nahşonyň sadakalarydy.

18Ikinji gün ysakarlaryň baştutany Sugaryň ogly Netanel sadakalaryny hödür etdi. 19Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 20Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 21Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 22Günä gurbanlygy üçin bir teke. 23Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Sugaryň ogly Netaneliň sadakalarydy.

24Üçünji gün zebulunlaryň baştutany Helonyň ogly Eliýap sadakalaryny hödür etdi. 25Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý undan doludy. 26Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 27Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 28Günä gurbanlygy üçin bir teke. 29Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Helonyň ogly Eliýabyň sadakalarydy.

30Dördünji gün rubenleriň baştutany Şedeýuryň ogly Elisur sadakalaryny hödür etdi. 31Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 32Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 33Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 34Günä gurbanlygy üçin bir teke. 35Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Şedeýuryň ogly Elisuryň sadakalarydy.

36Bäşinji gün şimgonlaryň baştutany Suryşadaýyň ogly Şelumyýel sadakalaryny hödür etdi. 37Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 38Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 39Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 40Günä gurbanlygy üçin bir teke. 41Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Suryşadaýyň ogly Şelumyýeliň sadakalarydy.

42Altynjy gün gatlaryň baştutany Deguwalyň ogly Elýasap sadakalaryny hödür etdi. 43Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 44Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 45Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 46Günä gurbanlygy üçin bir teke. 47Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Deguwalyň ogly Elýasabyň sadakalarydy.

48Ýedinji gün efraýymlaryň baştutany Emihudyň ogly Elişama sadakalaryny hödür etdi. 49Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 50Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 51Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 52Günä gurbanlygy üçin bir teke. 53Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Emihudyň ogly Elişamanyň sadakalarydy.

54Sekizinji gün manaşalaryň baştutany Pedahsuryň ogly Gamlyýel sadakalaryny hödür etdi. 55Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 56Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 57Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 58Günä gurbanlygy üçin bir teke. 59Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Pedahsuryň ogly Gamlyýeliň sadakalarydy.

60Dokuzynjy gün benýaminleriň baştutany Gidgonynyň ogly Abydan sadakalaryny hödür etdi. 61Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 62Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 63Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 64Günä gurbanlygy üçin bir teke. 65Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Gidgonynyň ogly Abydanyň sadakalarydy.

66Onunjy gün danlaryň baştutany Emişadaýyň ogly Ahygezer sadakalaryny hödür etdi. 67Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 68Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 69Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 70Günä gurbanlygy üçin bir teke. 71Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Emişadaýyň ogly Ahygezeriň sadakalarydy.

72On birinji gün aşerleriň baştutany Okranyň ogly Pagyýel sadakalaryny hödür etdi. 73Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 74Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 75Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 76Günä gurbanlygy üçin bir teke. 77Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Okranyň ogly Pagyýeliň sadakalarydy.

78On ikinji gün naftalylaryň baştutany Eýnanyň ogly Ahura sadakalaryny hödür etdi. 79Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 80Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 81Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 82Günä gurbanlygy üçin bir teke. 83Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Eýnanyň ogly Ahuranyň sadakalarydy.

84 Gurbanlyk sypasynyň üstüne ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, ysraýyl baştutanlarynyň onuň bagyş ediliş dabarasyna hödür eden sadakalary, ine, şulardan ybaratdy: on iki kümüş tabak, on iki kümüş legen we on iki altyn jam. 85Her kümüş tabagyň agramy üç ýüz elli mysgaldy we her kümüş legeniň agramy ýüz elli mysgaldy. Ähli kümüş gaplaryň agramy mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen alty müň mysgaldy
Alty müň mysgal – ýewreýçe iki müň dört ýüz şekel. Bu takm. 28 kg deňdir.
.
86Içi tütetgiden doly, her biriniň agramy ýigrimi mysgal bolan on iki sany altyn kepjäniň jemi agramy mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen iki ýüz kyrk mysgaldy
Iki ýüz kyrk mysgal – ýewreýçe ýüz ýigrimi şekel. Bu takm. 1,3 kg deňdir.
.
87Ýakma gurbanlygy üçin ýanynyň galla sadakasy bilen bagyş edilen mallaryň sany on iki öküz, on iki goç, on iki birýaşar erkek tokly we günä gurbanlygy üçin on iki teke boldy. 88Salamatlyk gurbanlygy üçin bagyş edilen mallaryň jemi sany: ýigrimi dört öküz, altmyş goç, altmyş teke we altmyş birýaşar erkek tokly boldy. Bular gurbanlyk sypasyna ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, onuň bagyş ediliş dabarasyna hödür edilen sadakalardyr.

89 Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyra girende, iki kerubyň
Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret.
arasyndan gelýän sesi eşidýärdi. Bu iki kerup Äht sandygynyň gapagynyň üstündedi. Şeýdip, Reb Musa bilen gepleşerdi.
Copyright information for TukLat16